Maryda pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän pagtaçy kärendeçiler arz-şikaýata dowam edýär

Illýustrasiýa suraty.

5-nji oktýabrda irden Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” geňeşliginiň pagtaçy kärendeçilerinden ybarat 10-12 sany ýaşuly ilki arçynlyga, soňra etrap häkimligine arzlaryny aýtmak üçin bardylar. Olar döwlet harmanyna tabşyran pagta hasylynyň pullaryny plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdyp, resmilerden bu meselä çözgüt talap etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Pagtaçy kärendeçiler jogapkär resmiler bilen geçiren duşuşyklarynda suw ýetmezçiligi sebäpli bu ýyl pagta hasylynyň pes bolandygyny düşündirdiler, ýöne muňa garamazdan, gowaça meýdanlaryndan ýygnap, şu wagta çenli harmana tabşyran pagta hasylynyň “on günlük” töleglerini nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýtdylar.

Degişli maglumat Resmiler pagtaçy kärendeçileriň arzyny ‘diňlemeýär’

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler her on günüň dowamynda bir gezek harmana tabşyran pagtasy üçin töleg kabul edýär. Ýöne maryly kärendeçiler özleriniň plastik kartlaryna geçen pullaryny bankomatlardan nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, käbir kärendeçiler öz gowaça meýdanlaryna goşmaça ýygymçy kabul edip, olara ýygan pagtasy üçin her kilogramyna 50 teňňeden töleg edýär.

Mundan ozal, 2-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy garagumly pagtaçy kärendeçileriň pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hem-de bu meselä çözgüt talap edip, olaryň arçynlyga ýüz tutmagy barada habar berdi.

Arçynlyk we häkimlik resmileri bilen geçiren soňky duşuşygynda kärendeçiler pulsuzlyk sebäpli özleriniň ýygymçylara töleg geçirip bilmeýändiklerini aýtdylar. Kärendeçiler daýhanyň pulunyň gijikdirilmegine nägilelik bildirdiler.

“Obalarda arçynlar hiç zat çözmeýär, kim barsa ýüzüni alyp, kowup goýberýär. Sebäbi näme etmelidigini özleri hem bilenok. Şol sebäpden haýyr tapyp bolmazmy diýen umyt bilen obanyň ýaşululary arzyny aýtmak üçin etrap häkimligine bardylar” diýip, maryly bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, häkimlik wekilleri arz-şikaýata baran raýatlary köşeşdirmäge hem-de ýurduň oba hojalyk pudagynda ösüş gazanylýandygyna ynandyrmaga synanyşdy. Nägile kärendeçiler etrap häkimligine beren arz-şikaýatlarynda suw üpjünçiliginde hususy ýer eýeleri bilen kärende ýer eýeleriniň ala tutulýandygyny aýtdylar hem-de pullarynyň nagtlaşdyrylmagy bilen bagly problemanyň çözülmegini talap etdiler.

Häkimlik wekili nägile pagtaçylary köşeşdirmek synanyşygynyň çäginde bu ýyl döwlet harmanyna bugdaý tabşyran gallaçylaryň bugdaý kepeginiň kärendeçilerde galdyrylmagy barada gürrüň berdi. Ol, edil şolar ýaly, bu ýyl pagta çigidiniň hem pagtaçy kärendeçilerde galdyrylmak ähtimallygy barada ýygnananlara gürrüň berdi.

Degişli maglumat Lebapda mekdep okuwçylary mejbury pagta ýygymyna çekilip başlandy

Ýöne häkimlik wekiliniň bu sözleri nägile kärendeçileri köşeşdirmedi. Olar pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemanyň çözülmegini tutanýerli talap etdiler.

Häkimlik wekili ahyrsoňy: “Bolar, bir zat ederis. Şu gün bankomatlarda pul ýok. Hatyra güni işlemeýäris. (6-njy oktýabr Türkmenistanda Hatyra güni. Iş ýerleri işlemeýär - red). 3-nji güni (7-nji oktýabr, çarşenbe – red.) gelip görüň” diýip, kärendeçilere ýüzlendi. Ýöne habarçynyň sözlerine görä, arz-şikaýata baran kärendeçiler häkimlik wekiliniň bu sözlerini “başdan sowma” hasaplaýarlar.

“Şondan soň kärendeçiler ýüzlerini aşak salyp, umyt baglap gelen meseleleriniň çözülmändigine gynanyp, yzlaryna gaýtdylar” diýip, habarçy habar berdi.

Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar, nagt ýetmezçiligi ýaly problemalar Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Döwlet media we metbugat serişdeleri pagtaçy kärendeçileriň pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Garagum etrabynda pagtaçy kärendeçilerden ybarat topar 2-nji oktýabrda arçynlyga eden arz-şikaýatlarynda pul nagtlaşdyrmak, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly problemalary gozgadylar.

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.