Türkmenabatlylar polisiýa garşylyk bildirip, emeli söwda nokadyny saklap galdylar

Türkmenabatda adamlar öý goşlaryny köçäniň gyrasynda satýarlar. Sentýabr, 2020 ý.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda ykdysady krizisiň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, adamlaryň köçäniň gyrasyna öz öý goşlaryny we şahsy emläklerini satuwa çykarmagynyň yzy bilen, ýerli polisiýa işgärleri bu emeli söwda nokadyny dargatmaga synanyşdy, emma ýaşaýjylaryň garşylyk görkezmeginden soň, howpsuzlyk güýçleri yza çekilmäge mejbur boldy.

Mundan bir hepde töweregi ozal, Türkmenabadyň merkezine ýakyn 2-nji etrapçada pulsuzlykdan kösenýän ilat gün-güzeranyny aýlamak üçin öz şahsy emläklerini we öý goşlaryny, şol sanda egin-eşiklerini, gap-gaçlaryny bazar nyrhyndan has arzan bahadan satuwa çykaryp başlady.

Ýurtda ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawirus çäklendirmeleriniň arasynda esasy bazarlaryň ýapyk saklanýandygy sebäpli, onlarça adam öz goşlaryny göni köçeleriň gyrasyna çykaryp, satyp başlady.

Türkmenabatdaky emeli söwda nokady. Sentýabr, 2020 ý.

Munuň yzy bilen, ýagny 4-nji oktýabrda polisiýa işgärleri gelip, adamlaryň goşlaryny toplap, dessine sebitden gitmegini talap etdiler. Emma adamlar howpsuzlyk işgärleriniň bu hereketine närazylyk bildirip, goh turuzyp, welaýat häkimliginiň binasyna tarap ýörişe başladylar. Polisiýa adamlary baýdak sütüniniň ýerleşýän meýdançanyň golaýynda saklap, olaryň öňüne böwet boldular.

“Polisiýa işgärleri adamlaryň ýoluny böwetlemäge synanyşdy. Adamlar ‘iýere çöreginiň ýokdugyny, azyk satyn alara-da pullarynyň galmandygyny’ aýdyp, nägilelik bildirdiler. Golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylary hem daşary çykyp, söwdegärleriň arkasyny tutup, polisiýanyň bu hereketine garşy çykdylar. Mundan soň, polisiýa işgärleri yza tesip, ‘arkaýyn satyberiň, ýöne goh etmäň’ diýip, çekildi” diýip, bu wakalara şaýat bolan Azatlygyň habarçysy 5-nji oktýabr güni giçlik maglumat berdi.

Şol bir wagtda, polisiýa goňşy binalarda howpsuzlyk güýçleriniň ýagdaýlara dowamly gözegçilik edýändigini, olaryň öz sözi bilen aýdylanda, ‘tertip-düzgün bozulan halatynda’ bu emeli söwda nokadynyň dargadyljakdygyny duýdurypdyrlar.

Degişli maglumat "Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär

Emma adamlar polisiýanyň bu haýbatyna ‘hiç hili düzgün-tertip bozmaýandyklaryny’, şeýle-de ‘alaçsyzlykdan’ harytlaryny köçelerde satmaga mejbur bolandyklaryny aýdyp jogap gaýtarypdyrlar.

“Adamlar ‘Iş ýok, pul ýok, biz näme indi açlykdan ölmelimi? Biz ogurlyk däl, öz harytlarymyzy satýarys’ diýip, polisiýa jogap berdiler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Adamlaryň käbiri häkimlik binasynyň öňünde özlerini otlajakdygyny aýdandan soň, polisiýa ‘bolýar, satyberiň’ diýip, sebiti terk edipdir.

Degişli maglumat Maryda ençeme bazar ýapyklygyna galýan mahaly, Baýramalynyň bazarynda rugsatsyz söwda edýän satyjylar köpelýär

Azatlygyň habarçylary häzir bu emeli söwda nokadynyň öz işini dowam etdirýändigini, 100-den hem aşa adamyň öz harytlaryny satuwa çykarandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ençeme synanyşyklaryna garamazdan bu ýokarky ýagdaýlar boýunça Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden, şeýle-de ýerli polisiýa edaralaryndan hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Bu ýagdaý barada döwlet mediasynda hem maglumat berilmedi.

Ýatlatsak, mundan iki hepde töweregi ozal-da Marynyň Baýramaly şäherinde onlarça satyjy bazar administrasiýasyna we polisiýa işgärlerlerine garşylyk bildirip, ýerli uly bir bazaryň ýapylmazlygyny gazanmagy başarypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.