Resmiler ýerli dokma önümleriniň söwdasyny ileri tutýar, daşary ýurt brendlerini 'satdyrmaýar'

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň sergisi. Arhiwden alnan surat.

Döwlet mediasy ýerli önümçilige degişli elektron enjamlaryň mahabatyny güýçlendirýän mahaly, Lebapda häkimiýetler bazar söwdagärlerinden we iri dükanlaryň eýelerinden daşary ýurt harytlaryna derek, ýerli önümçilige degişli egin-eşikleri we aýakgaplary satmagy talap edýär. Öňki söwda resmisi bu ýagdaýyň monopoliýa ýol açýandygyny we erkin bazar gatnaşyklaryna gabat gelmeýändigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Degişli maglumat Prezident ýurtda 'öndürilýän' telefonlara at dakdy, býujet işgärlerinden 'smartfonly bolmak' talap edilýär

Onuň maglumatlaryna görä, resmiler Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde, Farap hem-de Çärjew etraplarynyň bazarlarynda hem-de uly dükanlarynda daşary ýurtlarda öndürilen egin-eşiklere derek, ýerli tikinçilik kärhanalary tarapyndan öndürilen harytlaryň satylmagyny talap edýär. Bu barada “dükan eýelerine basyşlar edilýär we tabşyryklar berilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy welaýatyň söwda-senagat resmileriniň Türkmenabatdaky “Owgan bazar” atlandyrylýan bazarynda-da dükançylara daşary döwletleriň önümlerini söwdadan aýyrmagy talap edýändiklerini habar berýär.

“Daşary döwlet brendlerini aýryp, olara derek, “Ýeňiş”, “Gala”, “Bedew” we “Röwşen” söwda belgili önümleri öndürijiler bilen şertnama baglaşmak talaby güýçlendirilýär” diýip, habarçy aýtdy.

2-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Çarymyrat Gylyjow ýurduň dokma pudagynda “alnyp barylýan işler barada” çykyş edip, bu pudaga daşary ýurt maýadarlarynyň çekilýändigini habar berdi.

Resmi metbugat ýerli dokma önümleriniň hatarynda “Bedew” nyşanly jins önümlerini, “Bürgüt” nyşanly sport egin-eşiklerini, “Gala” nyşanly tikin-örme önümlerini, hem-de “Ýeňiş” nyşanly erkek köýneklerini agzady.

Lebapda daşary ýurt brendleriniň satylmagyna garşy güýçlendirilýän basyşlar ýerli söwda belgili harytlaryň hökümet derejesinde maslahat edilýän wagtyna gabat gelýär.

Şeýle-de, wise-premýer Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşoguzyň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnäçe önümçilikleri döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy hem-de täze önümçilik desgalaryny enjamlaşdyrmak işlerine Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasynyň gatnaşýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Hökümet maslahatynda “Goza” magtaldy, ýöne pagta önümçiligindäki mejbury zähmet agzalmady

Ýöne, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar ýerli dokma önümleriniň hiline we bahasyna özleriniň pes baha berýändiklerini aýdýarlar.

“Ady agzalan ýerli önümlere raýatlaryň arasynda isleg bildirilmeýär. Olaryň hili pes, bahasy bolsa gymmat. Harytlary halka mejbury hödürleýärler” diýip, habarçy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir lebaply aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli dokma önümleri bilen daşary ýurt önümleriniň bahalaryny deňeşdirdi.

“Mysal üçin, “Zara” ýa-da “Lacoste” brendleriniň uly adamlara niýetlenen futbolkalary 400 manat. “Gala” tikin fabriginiň futbolkalary bolsa 600 manat, hili hem pes” diýip, habarçy aýtdy.

“Müşderiler türk, fransuz we italýan brendlerini ýerli önümlerden arzan bahadan satyn alyp bilýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan öňki söwda resmisi ýerli önümçiligi ileri tutmak babatynda edilýän täze basyşlary “hökümetiň monopoliýasy” atlandyrdy.

“Hökümetiň monopoliýasy birinjiden, adamlaryň islän önümini saýlamak hukugyny depelese, ikinjiden erkin bäsleşigi ýok edýär, korrupsiýany möwjedýär. Bu ýagdaý söwda işgärleriniň hem maddy taýdan zyýan çekmegine getirer” diýip, habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan öňki söwda resmisi gürrüň berdi.

Bu aralykda, hökümet resmileri ýurtda elektron enjamlarynyň ýerli önümçiliginde-de öňe gidişligiň gazanylandygyny öňe sürýärler.

Degişli maglumat TDH azyk 'bolçulygyndan' habar berýär, "Trend" import bolçulygyny 'açýar'

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 49 göterim paýly gatnaşmagynda döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öndüren ýerli elektron enjamlary, şol sanda smart telewizorlar, smartfonlar, rauterler prezidente görkezildi.

Prezident önümçiligine girişilen smart telewizorlara “Älem”, kompýutere “Şowly”, telefonlara “Milli” we “Körpe”, rautere “Uçgun” kulera “Teşne” we split kondisionerlere “Mylaýym” diýip, at dakmagy maslahat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine ýolbaşçylyk edýär.

“Aýdyň gijeler” 3-4 ýyl mundan öň LED lampalaryny öndürip başlan döwürlerinde hem ýerli LED lampalary barada monopoliýa girizildi we başga lampalar satdyrylmady. Emma türkmen lampasynyň köp ýagtylyk berip bilmezligi we onuň hiliniň pes bolmagy içerki bazardan onuň öz-özüni çykarmagyna sebäp boldy” diýip, öňki söwda resmisi habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Häzirki täze gurlan zawodlar üçin ýüzlerçe million dollar sarp edip, gurmak häzirki Türkmenistana geregi ýok. Bir ýylda türkmen halky 1 million dollar töweregi hojalyk tehnikalaryny satyn alýar. Daşary döwletleriň türkmen telewizorlaryny satyn aljakdygy gümana” diýip, öňki söwda resmisi gürrüň berdi we ýerli elektron önümçiligini “ham-hyýal” häsiýetlendirdi.

Sosial media ulanyjylarynyň käbirleri ýurtda öndürilendigi aýdylýan smartfonlaryň we rauterleriň adamlary yzarlamakda döretmegi ahmal täze mümkinçiliklerine üns çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.