Resmiler ýerli dokma önümleriniň söwdasyny ileri tutýar, daşary ýurt brendlerini 'satdyrmaýar
Döwlet mediasy ýerli önümçilige degişli elektron enjamlaryň mahabatyny güýçlendirýän mahaly, Lebapda häkimiýetler bazar söwdagärlerinden we iri dükanlaryň eýelerinden daşary ýurt harytlaryna derek, ýerli önümçilige degişli egin-eşikleri we aýakgaplary satmagy talap edýär. Öňki söwda resmisi bu ýagdaýyň monopoliýa ýol açýandygyny we erkin bazar gatnaşyklaryna gabat gelmeýändigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.