BMG-niň çagyryşlaryna garamazdan, Dagly-Garabag çaknyşyklary dördünji gününe girýär

Dagly-Garabag. Azerbaýjana tarap top atýan ermeni esgeri. 28-nji sentýabr, 2020.

Paşinýan Türkiýäni "duşmançylyklara goşulmakda" aýyplady we türk tälimçileriniň we ofiserleriniň söwşe gönüden-göni gatnaşandygyny öňe sürdi, emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Azerbaýjanyň bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitinde barýan ganly çaknyşyklar, zorlugy derhal bes etmek baradaky halkara çagyryşlarynyň arasynda, Türkiýe we Orsýet ýaly sebit güýçlerini hem özüne çekerli görünýär.

Iki tarap hem 30-njy sentýabrda Aragatnaşyk liniýasy diýilýäniň boýunda birnäçe ugra hüjüm edilendigini tassyklady we söweşler anklawyň çäginden has uzaklara ýaýrap, öňki sowet respublikalarynyň arasynda uly urşa ýazmak howpuny döretdi.

Bular bolmanda 2016-njy ýyldan bäri turan iň agyr çaknyşyklar bolup, Günorta Kawkazdaky durnuklylyk, dünýä bazarlaryna nebit we gaz çykarýan turbageçirijileriň geçýän ugurlary barada alada döretdi.

Degişli maglumat Saklanmak barada halkara çagyryşlaryna garamazdan, jedelli Daglyk-Garabagyň üstündäki söweşler dowam edýär

Bu söweş Ermenistan bilen bilelikde kollektiw howpsuzlyk bileleşiginiň agzasy bolup durýan Orsýetiň we sebitiň ýene bir güýçli döwletiniň, 30-njy sentýabrda Azerbaýjany "mümkin bolan ähli zatda" goldajagyny aýdan Türkiýäniň hem gapma-garşylyga çekilmek wehimini güýçlendirdi.

"Aldym-berdimli söweşler dowam edýär" diýip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 30-njy sentýabrda çap eden beýanatynda aýtdy we "front liniýasynyň ähli ýerinde" harby operasiýalaryň geçirilýändigini habar berdi.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanýan Facebookdaky ýazgysynda "häzir [Dagly-Garabag] sebitindäki front liniýalarynyň ähli ýerinde artilleriýa atşygy dowam edýär" diýdi.

Onlarça adamyň ölmegi we ýaralanmagy bilen, söweş 1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşykdan bäri iň erbet gyzyşan ýagdaýyna baryp ýetdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 29-njy sentýabr güni giçlik güýç ulanylmagyny berk ýazgardy we, Baş sekretar Antonio Guterresiň goldawy astynda, söweşi derhal bes etmäge, dartgynlygy gyzdyrmazlyga hem-de haýal etmän manyly gepleşiklere dolanmaga çagyrdy.

Emma muňa garamazdan, Azerbaýjan we Ermenistan parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek baradaky teklibi ret etdi we birek-birege bu prosese päsgel bermekde aýyplady.

“Ermenistanyň premýer-ministri Garabagyň Ermenistanyň bir bölegidigini açyk yglan etdi, nokat. Bu ýagdaýda nähili gepleşik prosesi barada gürrüň edip bileris?" diýip, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Orsýetiň “Rossia 1” döwlet TW-sine aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bolsa, öz gezeginde, döwlet TW-sine Azerbaýjanyň "Dagly-Garabaga we Ermenistana garşy agressiýasyny derrew bes etmelidigini" aýtdy we muny öz halkyna abanýan howp hökmünde häsiýetlendirdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistan Sowet Soýuzynyň soňky ýyllaryndan bäri Dagly-Garabag meselesinde dawa-jenjel edýär we, 1994-nji ýylda baglaşylan ýeňil bolmadyk ylalaşyga çenli bolan uruşda 30 müň çemesi adam ýitirdi.

Degişli maglumat Jedelli Daglyk-Garabagyň üstünde ikinji gün agyr söweş barýar

Şondan bäri etniki ermeni güýçleriniň gözegçiliginde galýan sebitiň 1991-nji ýylda yglan eden garaşsyzlyk jarnamasy onuň daşarky dünýä bolan ýeke-täk çykalgasy, diňe Ermenistan tarapyndan ykrar edildi.

ÝHHG-nyň Minsk toparynyň Fransiýa, Orsýet we ABŞ tarapyndan bilelikde başlyklyk edilen halkara araçylyk gepleşikleri uly netije bermedi we seýregem bolsa, üzlem-saplam atyşyklar ýyllap dowam etdi.

Taraplaryň 27-nji sentýabrda birden dikuçarlaryň, pilotsyz uçarlaryň, tanklaryň we artilleriýanyň gatnaşmagynda täzeden urşa girmegine anyk nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl. Şeýle-de olar birek-biregi raýat nyşanalaryna hüjüm etmekde we Dagly-Garabag sebitiniň daşyndaky ýerleri hem oka tutmakda aýyplaýarlar.

Dagly-Garabagdaky separatist söweşijiler soňky dört günde 84 harby gullukçynyň öldürilendigini aýtsa, Azerbaýjan 12 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýdyp, harby ýitgiler barada maglumat bermekden saklandy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy 30-njy sentýabrda Ermenistany we Azerbaýjany parahat ilata howp saljak islendik harby hereketden gaça durmaga çagyrdy, harbylaryň ýesirleri gynamakdan ýa-da olara adamkärçiliksiz çemeleşmekden saklanmaklary barada duýduryş berdi.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy hem taraplary asuda adamlary nyşana almagy doly gadagan etmäge çagyrdy.

Şu aralykda, Ermenistan 29-nji sentýabrda bir söweş uçarynyň Türkiýäniň söweş uçary tarapyndan urlup ýykylandygyny we onuň pilotynyň öldürilendigini aýtdy.

Azerbaýjan bilen Ankara bu aýdylýanlary ret etdi, ýöne Ermenistan hökümeti 30-njy sentýabrda türk söweş uçary tarapyndan atylan SU-25 söweş uçarynyň galyndylaryny görkezýän suratlary çap etdi.

Azerbaýjan 30-njy sentýabrda Ermenistanyň iki SU-25 uçarynyň heläkçilige uçrandygyny we ýok edilendigini aýtdy.

Degişli maglumat Ermenistan harby kanun yglan etdi, Azerbaýjan Dagly-Garabagda 'ýeňmegi' wada berýär

Paşinýan Türkiýäni "duşmançylyklara goşulmakda" aýyplady we türk tälimçileriniň we ofiserleriniň söwşe gönüden-göni gatnaşandygyny öňe sürdi, emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Orsýet we Günbatar hökümetleri sabyr-kanagatly bolmaga çagyrdy, Kreml ähli ýurtlary, esasanam Türkiýäni "garşydaş taraplary ylalaşdyrmak, konflikti syýasy-diplomatik ýollar arkaly parahatçylykly çözmäge dolanmak üçin ähli zady etmäge" çagyrdy.

Paşinýan 29-njy sentýabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşdi we şu pursatda, bu hukugyny özünde saklasa-da, postsowet howpsuzlyk şertnamasy boýunça kömek soramakçy bolmaýandygyny aýtdy.

"Ermenistan, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň gatnaşmagynda ýa-da onsuz öz howpsuzlygyny üpjün eder" diýip, ol alty sany sowet döwleti, şol sanda Orsýet tarapyndan gol çekilen köpçülikleýin howpsuzlyk şertnamasyny nazara alyp aýtdy.

Orsýet Azerbaýjanyň we Ermenistany iň uly ýarag üpjünçileriniň biri bolup durýar. Şeýle-de onuň Ermenistanda harby bazasy bar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 30-njy sentýabrda Latwiýa eden sapary wagtynda Ankarany "meçew berýäne meňzeş" sözleri üçin tankytlady. Ýöne ol häzire-bu güne çenli Türkiýe ýaly sebit oýunçylarynyň bu dawa-jenjele gatnaşýandygy barada subutnamasynyň ýokdugyny aýtdy.

Ol bu meseläni 30-njy sentýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen, şondan bir gün soň bolsa ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.