Ermenistan bilen Azerbaýjan güýçleriniň arasynda dawaly Dagly-Garabag sebitinde güýçli söweş başlandy.
Ermenistan dawaly Dagly-Garabag sebitinde azerbaýjan güýçleri bilen bolan agyr söweşlerden soň harby kanun we harby mobilizasiýa yglan etdi.
Ýerewanyň karary Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Azerbaýjanyň bölünen sebiti bolan Dagly-Garabagda, esasan etniki ermenileriň ýaşaýan ýerindäki ermeni güýçlerinden “üstün çykmagy” wada bermeginiň yz ýanyndan kabul edildi.
Ermenistan azerbaýjan güýçlerini Dagly-Garabagdaky ilatly nokatlara ok atmakda aýyplasa, Baku ermeni güýçleriniň Azerbaýjanyň harby we raýat pozisiýalaryna hüjüm edendigini aýtdy.
Ministrlik "frontuň hemme ýerinde gazaply söweşleriň dowam edýändigini" aýtdy.
Bakuwyň ýakyn ýarany Türkiýe Ermenistanyň Azerbaýjana garşy duşmançylygy derrew bes etmelidigini, munuň “sebiti ot-ýalna iteklejekdigini” aýtdy.
Russiýa iki tarapy hem "atyşygy derrew togtatmaga we ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin gepleşiklere başlamaga" çagyrdy.
Fransiýa "gapma-garşylykdan aşa aladalanýandygyny" aýtdy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjanyň bölünen Dagly-Garabagdaky ilatly ýerlere, esasan etniki ermenileriň ýaşaýan obalaryna howa we artilleriýa hüjümini amala aşyrandygyny aýtdy.
Iki tarap hem parahat ilatdan ölenleriň bardygyny habar berdi.
Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Dagly-Garabagda bir ermeni aýalynyň we çagasynyň öldürilendigini aýtdy.
Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat sekretary Hikmat Hajyýew “parahat ilatdan we harby gullukçylaryň arasynda ölen we ýaraly bolan adamlaryň bardygyny” aýtdy.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi 27-nji sentýabrda öz goşunlarynyň obalara, şol sanda sebit paýtagty Stepanakert şäherine edilen hüjüme jogap hökmünde, azerbaýjanyň iki dikuçaryny we üç pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.
"Biziň gaýtawulymyz hutma-hut bolar we bu ýagdaý üçin Azerbaýjanyň harby-syýasy ýolbaşçylygy doly jogapkärçilik çeker" diýip, Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ýewropanyň iň uzaga çeken konfliktinde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň güýçleriniň aralaryny bölýän Aragatnaşyk liniýasy diýilýäniň boýunda harby operasiýa başlandygyny aýtdy.
"Häzirki wagtda Azerbaýjan goşuny ar alyş çärelerini görýär we biziň goşunlarymyz operasiýa ýagdaýyna doly gözegçilik edýär" diýip, beýanatda aýdylýar.
Soňky aýlarda Günorta Kawkaz ýurtlarynyň arasyndaky çaknyşyklar öňki aýlardaka garanda has ýygjamlaşdy.
Iýul aýynyň ortalarynda pilotsyz uçarlaryň hüjümlerini we güýçli artilleriýa atyşygyny öz içine alan bir günlük çaknyşykda, dört ýylyň içinde bolup geçen iň agyr söweşde azyndan 17 adam, iki tarapyň esgerleri we bir raýat heläk boldy.