Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň habar berşi ýaly, şu hepde Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda tussag edilen 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewe garşy gozgalan jenaýat işiniň diňlenjek güni bellendi.
Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkeziniň we "Türkmen Helsinki fondunyň" bilelikde ýaýradan habaryna görä, Allaberdiýewiň işine 29-njy sentýabrda irden Balkanabat şäher sudunda diňlenýär. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" edarasynyň aklawçysy Pigambergeldi Allaberdiýew, Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan daşary ýurtdaky protest hereketine gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilýän. Ol 5-nji sentýabrda huligançylykda aýyplanyp, Balkanabatda tussag edilipdi.
Allaberdiýewiň garyndaşlary özlerine onuň bilen duşuşmaga henizem rugsat berilmeýändigini aýdýarlar we özleri tarapyndan tutulan aklawçy Şyhmyrat Muratjanowyň suduň işine gatnaşdyrylmaýandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Beýanat: Türkmen ýuristiniň tussaglygy we deslapky tussaghanada saklanmagy resmileşdirildiTussag edileniň aýaly Satlykgül Allaberdiýewa 14-nji sentýabrda Balkan welaýatynyň prokuraturasyna şikaýat etdi. Bir nusgasy adam hukuklaryny goraýjylara gowşan beýannamada Allaberdiýewiň 5-nji sentýabrda tussag edilenden soň, maşgalanyň onuň nirededigini anyklap bilmändigi we şu sebäpden aklawçy tutmaly bolandygy aýdylýar. Aklawça öz müşderisi bilen bary-ýogy üç günden soň duşuşmaga rugsat berildi, emma oňa henizem sud işleriniň nusgalaryny bermekden ýüz öwürýärler. Satlykgül prokuraturadan adamsynyň tussag edilmeginiň sebäplerini ýazmaça habar bermegini soraýar diýlip, Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkeziniň web sahypasynda 28-nji sentýabrda çap edilen habarda aýdylýar.
Şeýle hem hasabatda Allaberdiýewiň garyndaşlarynyň onlarça ýerli aklawça ýüz tutandygy, ýöne olaryň hemmesiniň bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürendigi, şol sanda käbirleriň Allaberdiýewiň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýyň welaýatda eýýäm giňden tanalýandygy, "kazyýet işiniň syýasy we Aşgabatyň gözegçiligindedigi" barada aýdyp, "aklawçynyň kynçylyga duçar bolup biljegini" öňe sürüpdir.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň kanun goraýjy organlaryndaky çeşmä salgylanyp, habar bermegine görä, sorag wagtynda Allaberdiýewe prezident Berdimuhamedowyň portretiniň ýakylmagy barada hem sorag berlipdir. Ýurist özüne bildirilen günäleri inkär edipdir. Allaberdiýewe edil bu hadysa boýunça günä bildirilip-bildirilmändigi belli däl.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň belleýşi ýaly, Allaberdiewiň tussag edilmegi ýurtdaky sosial dartgynlylygyň we daşary ýurtlardaky oppozisiýanyň Türkmenistanda protest geçirmek çagyryşlarynyň fonunda ýüze çykdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýärHäzirki wagtda ýurduň daşyndaky türkmenistanlylar türkmen hökümetiň syýasatyna garşy protestlere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň maý aýyndan başlap ABŞ-da, Demirgazyk Kiprde we Türkiýede prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinden aýrylmagyny talap edýän protestleriň ençemesi geçirildi. Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň daşyndaky nägilelik hereketlerine gatnaşýan türkmen raýatlarynyň garyndaşlaryna we tanyşlaryna edilýän basyşyny artdyrdy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar we ýurduň içindäki aktiwistler soňky aýlarda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigi barada yzygiderli habar berýärler we muny daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketiniň güýçlenmegi we häkimiýetleriň ýurtda bolup biljek köpçülikleýin tolgunyşyklardan gorkmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar birnäçe aý bäri daşary ýurtlardaky demonstrasiýalar we türkmenistanlylaryň öz hukuklaryny talap etmek boýunça işjeň çykyşlar bilen baglanyşykda Türkmenistanda aktiwistleriň garyndaşlaryna fiziki we ruhy basyş edilýändigini, aktiwistler bilen gatnaşykda bolmakda güman edilýän onlarça adamyň tussag edilendigini we soraga çekilendigini habar berdiler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň gün-günden ýaramazlaşmagy sebäpli halk tarapyndan nägileliginiň güýçlenýän wagtynda howpsuzlyk we gözegçilik çärelerini güýçlendirdiler. Soňky aýda welaýatlaryň polisiýa güýçleri paýtagta iberildi, regionlarda polisiýanyň işine ýangyn söndürijiler çekildi. Ilata internetiň elýeterliligi çäklendirildi. Häkimiýetler internetde emeli päsgelçiliklerden geçip, bloklanan saýtlara girmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlaryna garşy göreşdi.
Degişli maglumat Türkmenistan VPN-i bloklaýar, ygtybarly internete bolan isleg artýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.