Türkmenistanda resmiler 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görýärler. Ýöne bu ýyl baş baýramy öňki ýyllardan tapawutlandyrýan bir ýagdaý bar: ol hem baýramçylyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülik çäreleriniň dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelmegidir.
Saglyk hünärmenleri koronawirus keseliniň ýaýramagyny haýallatmak üçin köpçülik çäreleriniň çäklendirilmegini, köpçülik ýerlerinde adamlaryň öz aralarynda sosial aralygy saklamaklaryny, maska geýilmegini we şulara meňzeş başga-da möhüm görkezmeleriň berjaý edilmegini maslahat berýärler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýurtda hiç hili koronawirus wakasy resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda resmiler Bütindünýä saglyk guramasynyň bu teklipnamalaryna iýulyň ortalaryndan soň, berk eýerip başlady. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 12-nji we 13-nji iýul günleri yzly-yzyna iki gezek maglumat ýaýradyp, ilata maska geýmegi maslahat berdi. Polisiýa edaralary ýurt boýunça maska režimine gözegçilik etdi, oňa boýun bolmaýan adamlara garşy dürli jeza çärelerini güýje girizdi. Meselem, polisiýa Mary welaýatynda maska geýmeýän wagty ele salan adamlaryna pagta ýygdyrdy. Sosial mediada ýurt içinden paýlaşylýan suratlarda köpçülik ýerlerinde adamlara howpsuz aralygyň saklanylmagyny, maska geýilmegini maslahat berýän duýduryşlary görmek bolýar. Türkmenistanyň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy saglyk ministrliginiň maska geýmek, sosial aralygy saklamak we mümkin boldugyndan öýden çykmazlyk boýunça ilata berýän maslahatlaryny birnäçe gezek öz abonentlerine SMS arkaly ugratdy.
Degişli maglumat Garaşsyzlyk baýramy nähili bellenilýär?Ýöne ynha pandemiýanyň arasynda Garaşsyzlyk baýramy golaýladygyça, bu mynasybetli geçiriljek köpçülik çärelerine köpçülikleýin taýýarlyklar ýene bat alýar.
17-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bular barada şeýle diýdi:
“Hakykatdan hem Türkmenistanda koronawirus bilen bagly çäklendirmeler gaty güýçli. Hökümet tarapyndan, resmiler tarapyndan görkezme berildi, şol görkezmeler hem ýurduň adamlary tarapyndan berjaý edilýär. Halk Maslahaty-da hatda wideoaragatnaşyk arkaly guraljak. Ýöne Türkmenistanyň lideri diktator lider. Ol özüni diktator hasap etmese-de, ähli alyp barýan syýasaty, hereketi hem ýurtda ýöredýän içerki we daşarky syýasatlary boýunça ol hakykatdan hem diktator lider bolup durýar. Diktator liderlere bolsa, abraý, şöhrat beýleki adamlardan has köpräk gerek. Oňa şöhrat gerek, şonuň üçin hem ol Garaşsyzlyk gününiň dabaraly bolmagyny, adamlaryň bagtly ýagdaýda prezidentiň tribunasynyň öňünden geçip gitmegini, adamlaryň, halkyň prezidentiň portretlerini götermeklerini, prezidenti wasp etmeklerini isleýär. Şol islegler sebäpli Türkmenistanyň prezidenti Garaşsyzlyk gününi uly baýramçylyk hökmünde, köpçülikleýin çäresi hökmünde geçirmegi maksat edinýändir diýip, men pikir edýärin. Sebäbi bu, diktator ýolbaşça gaty häsiýetli zat” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.
16-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy baş baýram mynasybetli Lebap welaýatynda görülýän taýýarlyklar barada habar berdi.
“Bütin dünýäde pandemiýa dowam edýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görýär. Her ýyl Aşgabat şäherinde geçirilýän harby parada adam daşaýan ýöriteleşdirilen awtobuslar garažlardan çykarylyp gözegçilikden geçirilýär” diýip, habarçy çarşenbe güni Lebap welaýatyndan habar berdi.
Ol her welaýatda geçirilýän köpçülik çärelerine adam daşamak üçin, welaýatyň sungat işgärlerini we tomaşaçy ýaşlary çärelere gatnatmak üçin ýörite awtobuslaryň bardygyny aýdyp, häzirki wagtda Lebap welaýatynda şeýle awtobuslaryň sürüjiler tarapyndan gözden geçirilýändigini, olara serenjam berilýändigini habar berdi.
“Şu gün 10-a golaý awtobus garažlardan çykaryldy we olar sürüjiler tarapyndan gözden geçirildi” diýip, habarçy aýtdy.
Eýsem, baýramçylyk çärelerine bu ýyl hem edil öňki yýllarda bolşy ýaly köp adam çekilermi? Ozalky ýyllarda garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar ir gözinden, tas bir aý töweregi öňünden başlanardy, welaýatlarda “marşirowkalar” geçirilerdi, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, býujet işgärleri olara köpçülikleýin çekilerdi.
Degişli maglumat Mejbury şadyýanlykŞol bir wagtyň özünde, şu günler, garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde arassaçylyk işleri hem ýaýbaňlanýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäheriniň jemagat hojalygynyň işgärlerini pagta ýygymyna çekmek işleriniň şu günler wagtlaýynça ýatyrylandygyny, muňa derek olaryň öz işlerine gümra bolup, şäherde ýol kenarlaryny arassalaýandyklaryny, abatlaýyş işlerini geçirýändiklerini habar berdi.
Türkmenistanda resmileriň Garaşsyzlyk baýramyny şowhun-dabara bilen bellemek meýilleri barada entek iki aý töweregi mundan ozal, 22-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň şäher häkimliginden alan maglumatlaryna salgylanyp, habar beripdi.
“Ynanmarsyňyz, Garaşsyzlyk gününi dabara bilen bellemegiň maslahaty edilýär” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şonda habar berdi, ýöne şol wagt heniz geçirilmeli çäreler, olara taýýarlyk, repetisiýalar barada anyk kararyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
“Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy pandemiýa garamazdan, bu ýyl hem köpçülik çäreleri bilen bellenermi?” diýen soragyň jogaby türkmen hökümetiniň 18-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde has-da aýdyňlaşdy.
Hökümet maslahatyndan mälim bolşuna görä, Garaşsyzlygyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlarda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy” diýip, TDH ýazýar.
Şeýle-de, mejlisiň dowamynda wise-premýer, şol sanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanow Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Resmi maglumata görä, Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň nobatdaky senesi mynasybetli geçiriljek harby ýörişiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Bu maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanda pandemiýa garamazdan, iki baýramçylyk çäresiniň – at ýaryşynyň we harby ýörişiň geçiriljekdigi ikuçsyzdyr.
Koronawirus keseli dünýäni aljyradýan wagty, Türkmenistanda mundan ozal, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli 9-njy maýda hem harby parad geçirildi.
Ýöne öňümizdäki 27-nji sentýabrdan, Garaşsyzlyk baýramynyň 2017-nji ýylda üýtgedilen täze senesinden iki gün öň, 25-nji sentýabrda boljak Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi pandemiýanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Garaşsyzlyk baýramynyň senesi näme üçin üýtgedildi?
Ýöne bu ýerde ýene bir gyzykly sorag bar: Näme üçin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabra geçirildi? 2017-nji ýyldan ozal, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy 27-28-nji oktýabrda bellenilýärdi. Bu möhüm senäniň üýtgedilmeginiň anyk sebäpleri barada Türkmenistanyň döwlet media serişdelerinde tutarykly maglumat ýok. Ýöne türkmen garaşsyzlygynyň jar edilmeginiň töweregindäki şertlere göz ýetirmek üçin 90-njy ýyllaryň başlaryna, has takygy 1991-nji ýylyň awgust aýynyň ikinji ongünlüginiň ahyrynda, üçünji ongünlüginiň dowamynda Sowet giňişliginde bolan syýasy wakalara nazar aýlamaly.
1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda SSSR-de totalitar režimi saklap galmak üçin we GKÇP ady bilen aňlarda galan döwlet agdarylyşygy synanyşygy boldy. Adatdan daşary ýagdaý baradaky döwlet komitetiniň, ýagny GKÇP-niň SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçýowyň reforma we açyklyk ideýalaryny bogmak synanyşygy SSSR-iň ýykylmagyny çaltlaşdyrdy. Bu agdarylyşyk synanyşygy bilen, onuň öň ýany hem “arabalary jygyldap başlan” Sowet respublikalary, ýeke-ýekeden garaşsyzlygyny yglan edip başlady. Ukraina 24-nji awgustda, Belarus 25-nji awgustda, Baltik ýurtlar sentýabryň başlarynda resmi taýdan öz garaşsyzlygyny yglan etdiler. Ýöne SSSR-iň düzümine girýän dürli respublikalaryň öz parlamentleri eýýäm 1990-njy ýylyň tomsunda özygtyýarlylygyny yglan etdiler. Elbetde, özygtyýarlylyk bilen garaşsyzlygy garmaly däl, sebäbi Moskwanyň razyçylygy bolmazdan respublikalar, hususan-da Türkmenistanyň şol wagtlardaky döwlet adamlary özygtyýarlyk jar edip bilerdimi?
Awgust wakalarynyň türkmen elitasynyň arasynda döreden syýasy tolgunyşygy, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Moskwadaky aşa kommunistler bilen demokratiýa tarapdarlarynyň arasynda tarap tutmakda gaçalak edişi, bir gysym türkmen intelligensiýa wekilleriniň we aktiwistleriň GKÇP-a garşy alan pozisiýalary, olaryň Moskwadaky şol wagtky demokratik güýçlere bildirmäge synanyşan goldawlary, munuň bilen baglylykda Aşgabatdaky Magtymguly heýkeliniň ýanynda 27-nji awgustda geçirilen syýasy miting we beýlekiler barada Azatlygyň arhiwinde maglumat bar. Mazmun taýdan dokumental filmlere hamyrmaýa bolup biljek bu materiallar bilen Azatlyk Radiosynyň web-saýtynda tanşyp bilersiňiz!
Degişli maglumat Garaşsyzlygyň regionlarda bellenişiSSSR resmi taýdan 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda dargady. Onuň binýadyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guruldy. Ýöne Soýuzyň dargamak prosesi has ir, hatda, syýasy ekspertlere görä, 80-nji ýyllar ortalan gabatlary özüni duýduryp başlady. 1989-njy ýylda Berlin diwarynyň ýykylmagyndan soň, bu proses özüni has ýiti görkezip başlady. Türkmenistan döwlet Özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamany 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul etdi. Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen ählihalk sala salşygyndan soň, 27-nji oktýabr güni “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul etdi. Onda şeýle diýilýär:
“Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geňeşiň barşynda halkyň mälim eden erk-islegini, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamany durmuşa geçirmek bilen, karar edýär:
1. Türkmenistan SSR-niň territoriýasyny öz içine alýan garaşsyz demokratik döwleti - Türkmenistany jar etmeli”
Şeýlelik bilen, Türkmenistan döwleti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabr güni öz garaşsyzlygyny dünýä jar etdi. Ýöne ynha 27-nji oktýabryň ähmiýeti Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi 2017-nji ýylda duýdansyz ýagdaýda 27-nji sentýabra geçirende özüni görkezip başlady. Taryhçylar 27-nji oktýabryň taryhy ähmiýetine Türkmenistanyň eýeleýän häzirki territoriýasynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmegi jähtden çemeleşýärler.
Häzirki Türkmenistan 1917-nji ýyldan öň üç bölege bölünýärdi. Onuň düzümine Türkistan general-gubernatorlygynyň Zakaspiý oblasty diýlip atlandyrylýan bölegi, şeýle-de Buhara emirliginiň hem-de Hywa hanlygynyň tabynlygyndaky türkmen territoriýalary girýärdi.
1924-nji ýylyň 7-nji sentýabr güni Russiýanyň kommunist bolşewik partiýasynyň, RK(b)P-niň Merkezi Komitetiniň (MK) Orta Aziýa býurosynyň maslahatynda heniz döredilmedik Türkmenistan SSR-niň araçäkleri tassyklanyldy.
Degişli maglumat Dynuwsyz döwlet “çäreleri”1924-nji ýylyň 27-nji oktýabr güni SSSR Merkezi Komitetiniň II sessiýasynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny (TSSR) döretmek hakynda karar kabul edildi. Şeýlelik bilen “türkmеn taýpalarynyň bitеwi milli döwlеtе birlеşmеk arzuwy hasyl boldy” diýip, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda çapa taýýarlanan bir taryh kitabynda aýdylýar. Ýöne ondan ozal türkmen taýpalary başga bir döwlete elgarama bolup, şoňa tabyn bitewi döwleti arzuw edipdirlermi, ýa-da başgaça arzuw edipdirlermi? Bu soraga erkin taryhçylar we akademiýanyň beýleki erkin agzalary jogap bermeli.
Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistan SSR-niň düzümine 500 müň adam ilaty bolan türkmenn oblasty, Horezm we Buhara respublikalarynyň düzümindäki türkmen oblastlary girizildi. Bu hasapdan çen tutulsa, täze esaslandyrylan Türkmenistan SSR-inde 1,100,000 töweregi ilat bardy. Dolandyryş-çäk taýdan TSSR 5 okruga, olar Aşgabat, Mary, Kerki, Çärjew we Daşhowuz, 26 raýona we 379 oba sowetlerine bölündi. Aşgabat şäheri respublikanyň paýtagty boldy.
Şeýlelik bilen, 2017-nji ýyldan 93 ýyl ozal, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda häzirki Türkmenistanyň çäginde Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredildi.
Eýsem, 1991-nji ýylda 27-nji oktýabryň Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni hökmünde saýlanyp alynmagy tötänlikdimi ýa-da bu sene ýörite TSSR-iň döredilen gününe gabat getirildimi? Bu sorag hem häzirlikçe jogapsyz galýar.
Eýsem, ýurduň garaşsyzlyk güni hökmünde onuň taryhda häzirki çäginiň bitewilikde başga döwlete resmi taýdan garaşly bolan gününi saýlap almak haýsy maksada gulluk edýär?
Indi Türkmenistanda garaşsyzlyk gününiň 27-nji sentýabra geçirilmegi baradaky gürrüňe dolansak, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabr güni türkmen parlamentinde jemgyýetçiligiň ünsünden gaçan, ümsüm bir waka bolup geçdi. Şol gün deputatlar synçylaryň “rezin-möhürçe” atlandyrýan türkmen parlamentinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy.
Muňa aýakdaşlykda, Ýaşulular maslahatynyň iň soňky mejlisiniň ilkinji gününde, 9-njy oktýabrda foruma gatnaşanlaryň biri Garaşsyzlyk gününi 27-nji sentýabra geçirmek barada teklip bilen çykyş etdi. Munuň sebäbi düşündirilmedi.
2017-nji ýylyň 10-njy oktýabr güni tassyklanan degişli kanun Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ählihalk baýramy hökmünde yglan etdi we ony her ýylyň 27-nji sentýabrynda toýlamagy we şol güni iş güni däl diýip bellemegi kanunylaşdyrdy.
Munuň sebäbi aradan üç ýyl geçenden soň, heniz hem gümürtikliginde galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.