Baýramalynyň ýaşaýjylary şäher banklaryna ýygnanyp, pullaryny talap etdiler

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň ýurduň bank pudagynyň üstünligi baradaky reportažyndan pursat, Iýun, 2019.

16-njy sentýabrda ýüzlerçe adam Baýramalynyň şäher banklaryna ýygnandy we bankomatlarda pul ýetmezçiliginden öz nägileligini bildirdi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, nägilelik çäresi şäher banklarynyň birnäçesinde birbada ýüze çykypdyr, işgärlerden pul talap edýän adamlar birnäçe sagatlap dargamandyr.

Ýerli habarçymyzyň aýdyşy ýaly 16-njy sentýabrda şäheriň ýaşaýjylary "Halkbank", "Daýhanbank" we "Türkmenbaşy" bankynyň ofislerine ýygnanyp, maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryndan olaryň arzlaryny diňlemegi talap etdiler.

"Olar hiç ýere gitmejekdiklerini, hiç kimi bankyň içine we daşyna goýbermejekdiklerini we ýolbaşçylar talaplaryny diňlemese bankdan gitmejekdigini aýtdylar. Her bankyň öňünde ýüzden gowrak adam bardy. Bank işgärleri märekäni dargatmak üçin polisiýa jaň etdiler, ýöne adamlar gitmediler, tersine, gygyrdylar, bank kartlaryndaky pullaryny talap etdiler. "Biz öz gazanjymyzy talap edýäris" diýip, ýygnanlar gygyrdylar" diýip, habarçymyz 16-njy sentýabrda banklaryň birinde bolan ýagdaýy gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, bu ýagdaý iki sagatdan gowrak dowam edipdir, şondan soň özüni bankyň başlygy diýip tanadan bir işgär üýşen adamlaryň ýanyna çykyp, olaryň talaplaryny diňläpdir we ýerine ýetirmegi wada beripdir.

Degişli maglumat Nobatdaky adamlaryň ýüz-gözünde 'agyr lapykeçlik, ýadawlyk, gahar-gazap bar'

"Ýaşaýjylar üç hepde bäri banklara gatnap, bankomatdan pul çekmek üçin nobata talon alyp bilmeýändiklerini, nobat talonlaryny pul bilen satýandyklaryny, işgärleriň talonlary tanyşlaryna paýlaýandyklaryny aýtdylar. Adamlar çagalarynyň açlyk çekýändiklerine, pulunyň ýokdugyna we resmileriň problemany çözmegiň ýerine adamlary gorkuzyp, polisiýa çagyrýandyklaryna gahar-gazap bildirdiler. Bankyň başlygy ýygnananlara talonlaryň häzir ýokdugyny aýtdy we hemmelere oktýabryň başynda paýlamagy söz berdi" diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, onlarça müň ilatly Baýramalynyň ýaşaýjylary üç aý bäri aýlyklaryny, pensiýalaryny we kömek pullaryny alyp bilmeýärler.

Azatlygyň ýerli habarçylary oba ýerlerindäki ýagdaýyň has çylşyrymlydygyny, bankomatlarda aýda bir gezek puluň peýda bolýandygyny, ýöne puluň 10-dan köp müşderä ýetmeýändigini habar berdiler. Alnan talonlar köýüp, her gezek täzesini almaly bolýar. Oba ýaşaýjylary pullaryny çekmek üçin welaýat we etrap merkezlerine gitmäge mejbur bolýarlar.

Dowam edýän kynçylyklar, Türkmenistanyň ilatynyň arasynda köpçülikleýin açyk nägilelik bildirmegine sebäp bolýar.

Degişli maglumat Farapda bankomat nobatlaryndaky ýakalaşykda bir aýal öldi. Aşgabatda bankomatlaryň sany azaldylýar

Awgust aýynda Marynyň ýaşaýjylary merkezi köçäni beklediler we ýarym sagatlap polisiýa işgärlerine garşy durdular. 12-nji awgustda ýüzlerçe adam Mary şäherinde "Senagat" we "Daýhan" banklarynyň oba ýerleriniň ýaşaýjylaryna bankomatlardan puly nagtlaşdyrmaga rugsat bermänligine nägilelik bildirip, şäheriň merkezi köçesini bekledi.

Şol wakadan soň habarçylarymyz Marynyň bankomatlarynda nobatlaryň gysga wagtyň dowamynda azalandygyny habar berdiler, ýöne pul çekmek boýunça çäklendiriji düzgünler saklanyp galýar we tize talaplar girizilýär. Öň pul almak isleýänler ýörite talonlary almaly bolan bolsa, indi oba ilatyndan şäher bankomatlaryndan pul çykarmak üçin kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ygtyýarnama talap edilýär. Bu resminama 200 manat möçberinde goşmaça çykdajylary talap edýär.

Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar, aýlyk we pensiýa nagt däl usulyna köpçülikleýin geçenden soň başlandy. Soňky ýyllarda boş bankomatlar, adamlaryň pullaryny çekmek umydy bilen ençeme sagatlap, ýa-da gije-gündizläp nobata durmagy, bankomatlaryň daşyndaky basa-baslyk, dawa-jenjel, hatda betbagtçylykly hadysalar ýurtda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Ýurduň häkimiýetleri meseläniň gerimini ykrar etmeýärler we meselä ilata basyş etmek hem bankomatlary ýok etmek ýaly çäreler bilen çemeleşýärler.

Resmi maglumatlara görä, ýurtda ýylyň başyndan 16 bankomat azalypdyr. Hakykatda näçe bankomatyň ýok edilendigini anyklamak mümkin däl. Habarçylarymyz bankomatlaryň sanynyň yzygiderli azalýandygyny, diňe iýul aýynda paýtagtda ona golaý bankomatyň aýrylandygyny habar beripdi.Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Degişli maglumat Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Merkezi bankyň habaryna görä, häzirki wagtda ýurtda 2118 bankomat bar, olaryň köpüsi Aşgabatda (469), galanlary Mary (453) Lebap (446), Ahal (249), Balkan (279) we Daşoguz (286) sebitlerinde ýerleşýär.

Banklar jemi 4 364 083 plastik kartyny çykarypdyr. Bankomatlaryň ýarysyna golaýy "Daýhanbanka" degişli, bankyň kart eýeleriniň sany bir ýarym million adamdan geçýär.

Geçmişde ýurduň ýolbaşçylary nagt pul ýetmezçiligi meselesini bir gezek gozgadylar. 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligiň problemasyny boýun aldy, ýöne pul ýetmezçiligini tehniki kynçylyk diýip düşündirip, resmileri günäkärledi.

Aýlyklar, pensiýalar, daýhanlaryň gazanjy we býujetden edilýän beýleki tölegler kartlara geçirilýär. Ilatyň şol pullary nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklaryndan daşary ýurtda agyr işsizlik dowam edýär.

Häkimiýetler 20 ýyl bäri işsizlik barada resmi statistikany çap etmeýärler. Hökümete ýakyn çeşmelere görä, ýurtda statistiki ýöredilýär, emma görkezijiler ýolbaşçylaryň uly depginli ykdysady ösüş baradaky aýdanlaryna laýyk gelmeýänligi sebäpli, köpçülige mälim edilmeýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň resmiler tarapyndan 60% diýlip kesgitlenendigini çemelerimiz aýdýar.

Soňky bir ýylda ýurtda onlarça döwlet edarasy ýapyldy, müňlerçe iş orunlary ýatyryldy, koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri döwlet sektoryndaky işgärler tölegsiz rugsada köpçülikleýin iberildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.