Mary welaýatynda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri ilata gözegçiligi uçdantutma güýçlendirdiler. Köçelerde polisiýa işgärleri köpeldi. Baýramaly şäherinde ilatyň arasyndaky gürrüňleri eşitmek üçin ulaglarda “kireý edýän howpsuzlyk işgärleri” peýda bolup başlady. Mary-Baýramaly polisiýa postundan geçýän adamlar surata düşürilýär. Aşgabadyň keselhanalarynyň köpüsinde bolsa, şepagat uýalary we tam süpürijiler näsaglar bilen olaryň hossarlarynyň arasyndaky gürrüňleri Milli howpsuzlyk ministrligine (MHM) ýetirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz birnäçe ýerli habarçysy habar berýär.
“Köçelerde polisiýa işgäri gaty kän. Olary her 50 metrden görse bolýar. Olar pyýadalaryň geçelgelerinde, ýollaryň gyralarynda durýarlar. Şeýle-de, olar ýolda ýöräp barýan adamlaryň resminamalaryny sorap barlaýarlar. Mary şäheriniň köçelerinde duran howpsuzlyk işgärleri ulaglaryň bagažlaryny açyp görýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Mundanam başga, habarçy welaýatyň Baýramaly şäherinde howpsuzlyk işgärleriniň ilatyň arasyndaky gürrüňleri eşitmek üçin halkyň içine aralaşyp başlandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Maryda hususy dükanlardaky kameralaryň hasabyna gözegçilik güýçlendirilýärOnuň sözüne görä, olar hususy taksilerde kireý edýän ýaly bolup, ulaga münen müşderilere ýurtdaky syýasy, ykdysady ýagdaýlar, watan, nägilelik we koronawirus barada soraglary berip, ilatyň pikirini bilmäge synanyşýarlar.
“MHM-niň taksi sürüjisi ýaly bolup işleýän bu işgärleri Baýramaly şäherinde ençeme ýyl bäri kireý edýän adamlaryň, şeýle-de adaty ilatyň hem gözüne ildi. Adamlaryň arasynda bu galp taksilere gülýänler hem bar. Olaryň käbiri bir günde şol bir taksä üç gezek münendigini we her gezeginde sürüjiniň toty guş ýaly şol bir soraglary gaýtalandygyny aýdýar” diýip, habarçy belledi.
Ol şeýle “taksileriň” Mary-Baýramaly aralygynda kireý edýän taksileriň arasynda hem peýda bolandygyny we olary hiç kimiň tanamaýandygyny hem aýtdy.
“Täze peýda bolan “taksi sürüjileriniň” käbirinden olaryň niredendigini, nirede ýaşaýandygyny soradyk. Olar Marynyň käbir obalarynyň atlaryny berdiler. Ýöne aramyzda şol obalardan adamlar bardy. Olar ömründe şol adamy obasynda ýa-da başga ýerde görmändigini aýtdylar” diýip, hususy ulagynda ençeme ýyl bäri kireý edýän maryly sürüjileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol mundan 10 gün çemesi ozal polisiýa işgärleriniň Mary şäherindäki “Baýramaly kruk” diýlip atlandyrylýan taksi duralgasyna gelip, hususy ulagynda kireý edýän sürüjileriň ýüzüni surata düşürendigini we atlaryny, familiýalaryny, nirede ýaşaýandyklaryny ýazyp alandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat Türkmenistan VPN-i bloklaýar, ygtybarly internete bolan isleg artýarMundanam başga, 15-nji sentýabrdan bäri Mary-Baýramaly polisiýa postundan geçýän adamlaryň her biri surata düşürilýär we olaryň ýaşaýan ýerleri ýazylyp alynýar.
“MHM-niň işgärleri Baýramaly şäherinde we etrabyň ähli ýerinde her oba, şähere girip-çykýan adamlary yzarlaýarlar. Polisiýa postunda olary surata düşürip, nirede ýaşaýandyklaryny ýazýarlar. Ýöne bu postdan ýokarda agzan nätanyş taksilerimiz hiç hili barlagsyz goýberilýär” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgäri mundan birnäçe gün öň Baýramaly hem-de Murgap etraplarynda ilata pul paýlanandygyny we puluň ýüzünde Mary şäheriniň uly Metjidiniň golaýynda mitinge gatnaşmak barada çagyryş edilendigini aýtdy. Ýöne Azatlyk Radiosy polisiýa işgäriniň habarçymyza aýdan banknotlaryna duş gelen hiç bir adamy tapyp bilmedi.
“Miting geçirmek ýa-da oňa gatnaşmak barada awtobuslarda ýa beýleki ýerlerde gürrüň edýän adamlary howpsuzlyk işgärleri soraga çekýärler. Olar tutulan adamlar bilen gaty zalym çemeleşýärler. Olar başga welaýatdan bolany üçin Marynyň adamlaryna nebisleri agyrmaýar. Bize, ýagny polisiýa işgärlerine gören zatlarymyz barada dilimize berk bolmagy tabşyrýarlar” diýip, maryly polisiýa işgärleriniň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Jerime 'plany' ýokarlandy, Aşgabada iberilen ofiserleriň orny ýangyn söndürijiler bilen doldurylýarMaryly ýaşaýjylaryň ençemesi gözegçiligiň güýçlendirilmegi bilen bagly şuňa meňzeş ýagdaýyň diňe prezidentiň welaýata etjek saparynyň öňüsyrasynda bolýandygyny aýdýar. Ýöne olar häzirki wagtda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara sapar etjekdigi barada hiç hili gep-gürrüňiň ýokdugyny belleýärler.
“MHM-niň we polisiýa işgärleriniň bu hereketleri asuda halky biynjalyk edýär” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň keselhanalarynyň köpüsinde şepagat uýalarynyň we tam süpürijileriň näsaglar bilen olaryň hossarlarynyň arasyndaky gürrüňleri diňläp, ony Milli howpsuzlyk ministrligine (MHM) ýetirýändigini habar berýär.
“Hassahanalaryň köpüsinde şepagat uýalary we tam süpürijiler MHM-niň maglumatçysy hökmünde işleýärler. Olar hassanyň ýanyna tanyşy ýa-da hossary gelende, dürli bahana bilen palatalara girýärler. Mysal üçin, olar poly, penjiräni syryp süpüren ýaly bolýarlar. Olar hossarlar näsagyň ýanyndan gidýänçä, käte 1-2 sagat otagdan çykmaýarlar. Hassalar özlerini görmäge gelen hossarlaryna şepagat uýalarynyň we tam süpürijileriň ýanynda ykdysadyýet, problemalar, esasan-da koronawirus barada gürlemezligi tabşyrýarlar” diýip, habarçy bu barada özüne ençeme adamyň gürrüň berendigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Baýramaly etrap, şeýle-de Aşgabat şäher häkimliklerinden, MHM-niň Marydaky we paýtagtdaky bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ýöne bu maglumatlar Aşgabatda we welaýatlarda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Şu hepdäniň başynda Marydaky habarçymyz Mary şäheriniň häkimiýetleriniň hususy dükanlardaky we söwda nokatlaryndaky kameralaryň hasabyna köçelere gözegçiligi güýçlendirýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky protestlere garşy VPN hyzmatyny hödürleýänleri yzarlap göreşýärGeçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň habarçylary Aşgabatda polisiýa işgärleriniň öýme-öý aýlanýandygyny we raýatlaryň resminamalaryny hem propiskalaryny barlap, hasaba alýandygyny gürrüň berdiler.
Awgustyň ahyrynda bolsa, Mary şäheriniň polisiýasynyň agşam sagat 21:00-dan soň dükanlaryň ýapylmalydygy we köçede gezip ýören hiç bir adamyň bolmaly däldigi barada tabşyryk berip başlandygy mälim bolupdy.
Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň nobatdaky gezek güýçlendirilmegi, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda häkimiýetleriň ilatyň problemalaryna we zerurlyklaryna äsgermezlik edýändigine, şeýle-de ýurtda planlaşdyrylýan konstitusiýa üýtgetmelerine garşy halk tarapyndan ýurduň içinde hem-de daşynda nägileligiň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda "Memorial" merkezi we Türkmen Helsinki fondy Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegini daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketiniň işjeňligi we häkimiýetleriň ýurtda bolup biljek köpçülikleýin tolgunmalardan gorkusy bilen baglanyşdyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.