Maryda mekdep okuwçylary şugundyr meýdanlarynda geçirilýän otag işlerine gatnaşýar

Illvustrasiva suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, maryly mekdep okuwçylary maşgala býujetine goşant goşmak üçin şugundyr meýdanlarynda geçirilýän otag işlerine gatnaşmaga mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi çagalaryň okuwdan boş wagtlarynda otaga çykýandygyny aýdyp, munuň sebäplerini soňky ýyllarda güzeran görmegiň has-da agyrlaşmagy bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat Maryda oba ýaşaýjylary, şol sanda çagalar gowaça çöpüni ýygnaýarlar

"Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynda oba ýaşaýjylary ýaş okuwçy çagalary bilen bilelikde, şugundyr meýdanyna otaga çykýarlar. Çagalar bu işe öň tutuş gün gatnaşan bolsa, mekdepleriň açylmagy bilen, soňky iki gün bäri okuwdan boş wagtlarynda meýdana çykýarlar. Mysal üçin, okuw wagty öýlän sagat 13:00-da başlaýan okuwçylar günortan sagat 12:00-a çenli meýdanda işleýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 2-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, kärende ýerleriniň eýeleri bu okuwçylara günortana çenli işländikleri üçin her gün 7 manat töleýärler. Olaryň uzak gün otag işlerini geçirýän ene-atalarynyň her biri bolsa, günde 15 manat gazanç edýär.

Şugundyr meýdanlarynda işleýän çagalaryň ene-atalary maşgalalarynda hökümet işinde işläp aýlyk alýan adamyň ýokdugyny aýdyp, özleriniň her ýyl otag edip, çürtüm işlerine gatnaşyp, pagta ýygyp güzeran görýändiklerini belleýärler.

"Maşgalamyzda bäş çaga bar. Olaryň üçüsi okuwçy we ikisi kiçi. Çagalarymyzy çagalar bagyna bermeýäris. Sebäbi bizde her aý oňa tölemäge pulumyz ýok. Okuwçy çagalarymyz bolsa, mekepden boş wagtlary biziň ýanymyza gelip, otag edişýär. Häzirki gün bize pul gaty gerek. Sebäbi üç okuwçy çagamyza okuw esbaplaryny ýazdyryp, karz aldyk. Indi şol puly yzyna bermeli. Şol sebäpden çagalarymyzy hem otag işlerine gatnaşdyrýarys" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly aýal habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Darganatada dynç alyş lagerlerine pul tölän okuwçylar ýeralma ýygmaga mejbur edilýär

Ol ýoldaşynyň köne awtoulagda kireý edip, güzeran eklemäge synanyşýandygyny, ýöne onuň köplenç girdejisinden çykdajysynyň köp bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Ulag köne bolany üçin köplenç döwlüp, hatardan çykýar ýa tekeri ýarylýar, ýa-da polisiýa tarapyndan saklanyp, jerime ýazylýar. Ýoldaşymyň iş gözläp aýlanmadyk gapysy, edarasy galmady diýen ýaly, ýöne iş tapmady. Häzir hojalygymyz agyr ýagdaýda. Diňe biz däl, obamyzyň 90 göterimi şeýle kyn günde" diýip, maryly aýal aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada Mary welaýat we Garagum etrap häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Degişli maglumat Marynyň orta mekdeplerinde köp sanly ýokary klas okuwçysy soňky wagtlarda okuwa gatnaman, dürli işlerde zähmet çekýär

Türkmenistan soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri yiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurt raýatlary azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatlamagy, iş orunlarynyň kemeldilmegi, aýlyklaryň öz wagtynda berilmezligi, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Soňky ýyllarda Azatlygyň habarçylary mekdep okuwçylarynyň gyşky we tomusky dynç alyşlary döwründe, şeýle-de okuwdan boş wagtynda hojalygyň maddy ýagdaýyna kömek bermek üçin dürli işlerde zähmet çekýändigini habar berip gelýärler.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Marynyň Garagum we Oguzhan etraplaryndaky daýhan birleşiklerinde oba ýaşaýjylarynyň çagalary bilen bilelikde, tutuş maşgala bolup gowaça çöpüni ýygnamaga çykýandygy mälim boldy. Azatlygyň habarçylary muňa maşgalalaryň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we munuň bilen bagly ilatyň başdan geçirýän ýagdaýlary barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.