Türkmen hökümetiniň dünýä ykdysadyýetinde uly aljyraňňylyk döreden COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda görýän ýa-da görmedik çäreleri ýurt raýatlarynyň uçar gatnawlary açylan badyna ýene köpçülikleýin daşary ýurtlara çykmagyna esas taýýarlaýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.
"Türkmen hökümeti bir tarapdan ýurtda COVID-19 bilen näsaglan adamyň bardygyny resmi taýdan tassyklamaýar, ikinji tarapdan bolsa, saglyk aladalaryna duwlanyp, býujet işgärleriniň hasabyna döwlet çykdajylaryny tygşytlaýar" diýip, pensiýa çykandan soňam işlän mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. "Karantin bolmadyk bolsa näderdiler?" diýip, ol sözüni sorag bilen jemledi.
Emma muňa garamazdan, Bilim ministrligi mekdep mugallymlarynyň pandemiýa döwründe ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç bir düşündiriş bermeýär.
Degişli maglumat Türkmenistan täze okuw ýylyna taýýarlanýan mahaly, Lebapda ýaşy 65-den geçen mugallymlar işden çykarylýarRadio bilen söhbetdeş bolýan raýatlar soňky döwürde ýaşuly, ýöne entek gujurly we öz tejribesi bilen köp peýda getirip biljek býujet işgärleriniň barha kän işden çykarylýandygyny, pensiýa alyp işleýän mugallymlaryň işden çykarylmagynyň okuw sagatlarynyň kähalatda 50 we 75% gysgaldylmagyna alyp gelendigini aýdýarlar.
"Döwletiň batyrylandygyna düşünýäris, emma gerekmejek gurluşyklary, boş dabara-şowhunlary azaltman, mugallymlary azaldýarlar. Ýurduň bilim ulgamy ozalam gowy däldi, indi nähili bolar, göz öňüne getirip bilemok" diýip, 60 ýaşly aşgabatly mugallym Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlik wagtynda aýtdy.
Lebap sebitiniň mugallymlarynyň arasynda uçar gatnawlarynyň açylmagyna garaşýan barha köpelýär, sebäbi mekdeplerde ulanyljak täze okuw programmalary olaryň 1000 manat aýlyklarynyň ýarpy azalyp, 500 manat bolmagyna alyp gelýär diýip, habarçy aýtdy.
Mugallymlar indi mekdepde çaga okadyp, güzeran aýlamagyň kyn boljakdygyny aýdýarlar. Ozalam gapdalyndan işikde mal-gara saklap, gapdalyndan başga bir iş edip, çagalary ekin-dikinde işledip, zordan güzeran aýlaýardyk diýip, magaryf işgärleriniň öňünde keseren täze kynçylygy bir-birinden habarsyz ýene üç mugallym tassyklady.
"Lebabyň mekdeplerinde häzir doly 1 stawka okadýan tas ýok, ozal 0.5 stawka okadýanlaryň sagatlary 0.25 stawka gysgaldyldy, başlangyç synp mugallymlary bolsa, aýlyklarynyň 60% azalanyny bilip, elleri işden sowap otyr" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat COVID-19: Okuwçylardan şahsy derman haltalary talap edilýär. Lebapda koronawirus alamatlary bilen kesellän bir hirurg öldiAzatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda mekdep mugallymlary her ýyl döwlet tabşyryklary esasynda alynmaly pagta, bugdaý, şugundyr hasyly üçin-de, bagçylyk möwsümlerinde oturdylýan ýaş nahallar üçin-de, köpçülik çäreleri, mejbury abuna bilen bagly hem goşmaça çykdaja galýarlar. Munuň üstesine, okuw esbaplary, mekdepdäki remont-bejeriş işleri hem goşmaça harajat talap edýär.
"Farapdaky 10-njy mekdebiň mugallymlary gaty lapykeç bolýarlar, sebäbi olaryň köpüsi geçen ýylyň otpuska, dynç alyş pulunyň tas ählisini mekdep bejergisine harçlamaly boldy" diýip, habarçy aýtdy.
Mugallymlaryň käbiri direktora bu ýyl ýerine pagta ýygmak üçin adam tutmajakdygyny, pul hem bermejekdigini duýdurdy, olar indi "biz islesek-de, islemesek-de, iş taşlaýyş geçirmäge mejbur bolýarys diýýärler.
"Indi işläniňden netije ýok, ýurtdaky krizisiň soňy görnenok, Arkadagyň dolandyryş ukyby bizi şu petige getirdi" diýip, Farabyň 10-njy orta mekdebiniň özüni Aýsere diýip tanadan mugallymy aýtdy.
Türkmenistanlylaryň uly bölegi ilki garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, ozalky sowet pasportlarynyň we goşa raýatlygyň berýän mümkinçilikleri esasynda ýurdy köpçülikleýin terk eden bolsa, bosgunlygyň ikinji tolkuny ýurtda hökümet çalşyp, hereket çäklendirmeleri biraz gowşadylandan soň döredi.
Ýogsa Gurbanguly Berdimuhamedow başda ýatyrylan ýa kesilen pensiýalary dikeldip, mugallymlaryň iş we gazanç şertlerini gowulandyryp, käbir oňyn çäreleri hem gördi.
Degişli maglumat Bir tarapdan keselçilik, beýleki tarapdan pulsuzlyk täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalary aladalandyrýarÝöne soňra, dünýäde nebit bahalarynyň arzanlamagy, wada berlen özgertmeleriň durmuşa geçirilmezligi we iş, gazanç mümkinçilikleriniň ýyl-ýyldan azalmagy, talap edilýän paranyň möçberleriniň bolsa artmagy adamlaryň iş, okuw-bilim gözleginde barha kän ýurtdan gitmegine alyp geldi diýip, synçylar aýdýarlar.
Türkmen hökümeti soňky otuz ýylda syýasy-ykdysady ýa medeni sebäpler esasynda ýurtdan giden raýatlaryň anyk sanyny çap etmeýär, emma syzyp çykan maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.
Şeýle-de, okuw sebäpli daşary ýurtlara giden türkmenistanlylaryň köpüsiniň, okan ýerinde öz ugrundan ýa başga ugurlardan iş tapyp, mümkin bolsa yzyna dolanyp gelmezlige çalyşýandygy, bilimli ýaşlaryň dogduk watanlarynda öz geljegini göz öňüne getirip bilmeýändigi habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.