Belarus wakalarynyň Türkmenistana düşýän kölegesi

Belarus milisiýasy bir demonstranty saklaýar. Minsk, 10-njy awgust, 2020 ý.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Belarusdaky soňky syýasy tolgunyşyk we onuň Türkmenistandan eşidilýän ýaňy barada gürrüň gozgaýar.

“Belarus hiç kimiň ýadyna düşenok” diýip, türkmenabatly çeşme 13-nji awgustda ýurt içinde öz gören-eşidenlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Belarusdaky wakalar barada gep-gürrüň edýän adam ýok” diýip, ol gaýtalady.

“Adamlaryň bar gaýgysy ýaýrap barýan keselçilik we okuwlaryň açylmagy” diýip, balkanabatly beýleki bir çeşme gürrüň berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir intelligensiýa wekili Belarusdaky wakalara biperwaý galmaýan, ony ara alyp maslahatlaşýan, onuň Türkmenistanyň syýasy giňişligine salmagy ahmal saýasy barada gürrüň edýän adamlaryň bardygyny aýtdy.

Gepleşigimizde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň beýan eden pikir-garaýyşlaryny, şeýle-de Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň 14-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusyny diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarus wakalarynyň Türkmenistana düşýän kölegesi

Ýöne ilki bilen, Belarusda nämeler bolýar? Ilkibaşda, şu soragyň jogaby bilen gepleşige girişeliň!

Belarusdaky protestler

Belarus çaýkanýar. Ýurtda geçirilen soňky prezidentlik saýlawyndan soň, Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy iş başyndaky prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň sesleriň 80 prosentden gowragyny alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, 26 ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelýän awtoritar prezident altynjy möhlete täzeden bu wezipä geldi. Saýlaw komissiýasynyň bu bildirişi ses berişligiň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýan belarus raýatlarynyň arasynda nägilelik döretdi. Resmi saýlaw netijeleri bilen ylalaşmaýan belarus raýatlary, 9-njy awgustda ýurt boýunça köçe protestlerine başlady. Bu aralykda, prezidentlige oppozisiýadan dalaşgärligini hödürlän, hem-de Saýlaw komissiýasynyň netijelerine görä, sesleriň 10 prosentden gowragyny alan Swýatlana Tihanouskaýa Belarusy terk etmäge mejbur boldy.

Degişli maglumat Belarus oppozisiýa kandidaty goldawçylaryny ‘öz saýlawlaryny goramaga’ çagyrýar (WIDEO)

Galyberse-de, belarus milisiýasynyň möwjeýän halk protestlerini basyp ýatyrmak üçin zorluga baş goşmagy, saklanan protestçileriň gynalmagy baradaky habarlar demonstrasiýalara, Belarusda adamlaryň parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryna kölege saldy.

Ýurtda maglumat elýeterliligi, söz we metbugat azatlygy, galyberse-de Internet elýeterliligi protestleriň dowamynda berk çäklendirildi.

Eýsem, türkmen häkimiýetleri we türkmen raýatlary belarus wakalaryndan nähili sapak alýar?

Synçylara görä, Belarusda geçirilen saýlawlaryň netijelerine belarus raýatlaryň köçä çykyp, nägilelik bildirmegini we öz raýat pozisiýalaryny beýan etmeklerini Türkmenistandaky şertler bilen deňdeşdirmek tas mümkin däl.

Ynha, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýet hem hut şol pikirde – Türkmenistan bilen Belarusdaky sosio-ykdysady şertler, syýasy şertler, geografiki şertler düýpgöter tapawutly:

Düýpgöter tapawutly şertler

“Elbetde, Belarusdaky we Türkmenistandaky ýagdaýlar biri-birinden düýpgöter tapawutly. Häzir Belarusda bolýan wakalara alyp gelen şertler, elbetde, [Türkmenistandaky şertlerden] örän tapawutly. Sebäbi, olarda geçirilen prezident saýlawlarynda iş başyndaky prezidentiň garşysyna hakyky oppozisiýa dalaşgäri çykdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda muny göz öňüne-de getirmek mümkin däl. Bu esasy tapawutlaryň biridir. Ýene bir tapawut: Belarusyň ähli künjeginde gür ilatly şäherler we şäherçeler bar. Protest sözi bir şäherçeden beýleki şäherçäniň arasynda ondan oňa ulagly barýan sürüjiniň üsti bilen, ýa-da telefonyň üsti bilen gysga wagtda ýaýramagy mümkin. Ol ýerde 30 müň ilatly şäherçede geçirilýän bir protest çäresine, golaý-goltumdaky şäherçeleriň ýaşaýjylaryny goşup, 100 müň adam ýygnamak mümkin, eger-de adamlar bilen gepleşip, aragatnaşygy oňat ýola goýup bolsa! Ýöne Türkmenistanda welin, iri şäherçeleriň bardygyna garamazdan, olaryň arasy çöller bilen gurşalan we bu şäherçeleriň tas ählisiniň diýen ýaly arasy örän daş. Eger-de Türkmenabatda bir hadysa ýüze çyksa, bu maglumatyň Mara baryp ýetmegi, ýa-da Daşoguza baryp ýetmegi ýa-da başga şäherlere aralaşmagy gaty kyn we bu örän köp wagt alýar. Bu şäherçeleriň arasynda tebigy päsgelçilikler, adamsyz sebitler, ýa-da az ilatly nokatlar bar. Eger-de howpsuzlyk güýçleri Türkmenistanda bir şäherçäniň daşyny gabasa, ol ýerden goňşy aradaky ilatly nokatlara maglumatyň çykmagy tas mümkin däl diýen ýaly. Şonuň üçin, Belarusda bolýan wakalar bilen, Türkmenistanda bolup biläýjek wakalary düýpgöter tapawutlandyrýan birnäçe zat bar. Türkmen hökümeti, meniň muny aýdasym gelenok, ýöne bu meselede has howpsuz pozisiýada” diýip, Panniýer aýtdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Belarusda protestler tapgyr 5-nji gije dowam etdi

13-nji awgustda Azatlyk bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan türkmenabatly çeşme Belarusda ýüze çykan wakalary Türkmenistanda özüniň göz öňüne-de getirip bilmeýändigini aýtdy we öz sözlerini birnäçe sebäpler bilen delillendirdi.

Onuň pikiriçe, Türkmenistanda raýatlaryň agramly bölegi öz hak-hukularyndan bihabar. “Adamlar 30 ýylda diýdimzor durmuşa öwrenişdi. Biziň halkymyzyň arasynda bu ýagdaýy üýtgetmek kyn bolar” diýip, ol belledi.

Şeýle-de çeşmäniň sözlerine görä, ýurt içinde maglumat akymynyň çäkli bolmagy onuň suratlandyran ýagdaýlaryna goşant goşýar.

Ol öz tanyş-bilişleriniň arasynda Belarusdaky wakalary yzarlaýan mümkinçiligi bolan adamlaryň habarlary esasan rus telekanallaryndan yzarlaýandygyny, olaryň bolsa belarus protestlerini obýektiw şöhlelendirmeýändigini aýtdy.

Eýsem, türkmen häkimiýetleri Belarusdaky wakalardan nähili sapak alýarlar?

Brýus Panniýeriň ynanjyna görä, diňe bir türkmen häkimiýetleri däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa ýurtlarynda hökümetler wakalara halkyň nukdaýnazaryndan däl, häkimiýetleriň nukdaýnazaryndan çemeleşýär we “Lukaşenka nirede ýalňyş goýberip, tolgunyşygyň bu derejä ýetmegine ýol berdi!?” diýen ýaly soraglaryň jogaplary bilen gyzyklanýar.

Häkimiýetleriň alýan sapaklary

“Gynansak-da, diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri, haçan-da şeýle wakalar ýüze çykanda, adamlaryň proteste çykjak derejede ynjalyksyz bolmagyna getiren sebäpleri öwrenmäge synanyşmagyň deregine, olar ‘howpsuzlyk güýçleri nädip, wakalaryň uly meselä öwrülmegine ýol berdiler?’ diýen soraga üns berýärler we ‘howpsuzlyk güýçleri basym çäre görmeli ekeni, olar has berk çäre görmeli ekeni, ýa-da wakalar heniz ýaňy başlan wagty, dessine basyp ýatyrmaly ekeni’ diýip, şolary düzetmegiň üstünde işleýärler. Eger-de olar häzir Belarusdaky wakalardan nähilidir bir sapak çykarýan bolsalar, şeýle sapak çykarýandyrlar: “Lukaşenka nämäni ýalňyş edip, ýagdaýlaryň häzirki derejä ýetmegine ýol berdi?” diýip, Panniýer aýtdy.

Azatlygyň balkanabatly çeşmesi öz töweregindäki adamlaryň Belarusdaky wakalar bilen gyzyklanmaýandygyny, adamlaryň onsuzam, öz aladalarynyň özlerine ýetikdigini aýtdy:

“Adamlaryň bar gaýgysy ýaýrap barýan keselçilik we okuwlaryň açylmagy” diýip, ol belledi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda şu günler hökümet ýurtda koronawirus keseliniň resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdýan wagty, ýurduň dürli künjeklerinde okuwçy ýaşlaryň ene-atalary öňümizdäki okuw ýylyna aladaly taýýarlyk görýär.

Degişli maglumat Eksklýuziw: Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýär

13-nji awgustda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli intelligensiýa wekili Belarusyň Türkmenistana gurup beren Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyna edilen çykdajylaryň garaňky galýandygyny, Lukaşenka wezipeden çekilen ýagdaýynda bu meseleleriň hem aýdyňlaşmagynyň mümkindigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda, Garlykda 2017-nji ýylda kaliý zawody işe girizildi. Bu desgany belarus kompaniýasy gurdy. Türkmen hökümeti bu desganyň umumy bahasynyň 1 milliard dollara barabardygyny aýdýar. Ýöne zawodyň gurluşygy bilen bagly iki ýurduň arasynda wagtal-wagtal düşünişmezlik ýüze çykdy. Türkmen hökümeti 2018-nji ýylyň noýabrynda bu dawa boýunça “Belgorhimpromy” Halkara arbitraž suduna şikaýat etmek niýetini äşgär etdi.

14-nji awgustda Belarusda protestler tapgyr alty gün bäri dowam edýär. Metbugat habarlaryna görä, anna gününe çenli protestlerde 6 müňden gowrak demonstrant saklandy we 2 adam öldi.

"Türkmenlere çörek gaýgy, belaruslara saýlaw gaýgy"

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer söhbetdeşligiň dowamynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň Türkiýe, Demirgazyk Kipr we Birleşen Ştatlary ýaly ýurtlarda soňky aýlarda gurnaýan protest çärelerine degip geçdi we Belarusda bolup geçýän häzirki protestler bilen türkmen diasporasynyň arasynda ýüze çykýan nägilelikleriň motiwasiýalaryny deňeşdirdi.

Ol daşary ýurtlarda türkmen diasporasynyň agzalarynyň geçiren soňky protestleriniň halkara jemgyýetçiliginiň, hususan-da Günabatar ýurtlaryň ünsüni Türkmenistandaky syýasy şertlere çekmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy. Ýöne synçy Belarusdaky we Türkmenistandaky köpçülik närazyçylygynyň aňyrsynda ýatan motiwasiýalaryň başga-başgadygyny nygtady.

“Halk arasyndaky nägilelik barada aýdylanda, köp adam Belarusda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramaz däldigi barada ylalaşýar. Ol ýerdäki nägilelik özgerişiň ýokdugyndan gözbaş alýar. Şeýle hili nägilelik Türkmenistanda-da bar, ýöne Türkmenistanda munuň üstesine ýaramazlaşýan sosio-ykdysady şertler bar. Bu iň uly tapawut. [Ýaşaýyş-durmuş şertleri] Türkmenistanda has erbetleşýär. Ol ýerde ýaşamak agyrlaşýar, diri galmak öňküsinden görlüp-eşidilmedik derejede kynlaşýar” diýip, Panniýer aýtdy we haçan-da halk köpçüligi ertire bolan umydyny ýitirse, munuň tolgunyşyklara ýol açyp biljekdigini çaklady.

Degişli maglumat Lukaşenkanyň saýlawdan soňky basyşlary güýçlenýär, protestçiler urlup-ýenjilmelere, tussaglyga döz gelýär

“Ol ýerde ertire bolan umyt gaty azalýar. Türkmenistanda ertiriň şu günden has erbet boljakdygyna düşünýärler, ýöne Belarusdaky problema bolsa “ertiriň şu günki bilen birmeňzeş” bolmagydyr, hiç hili özgerişiň bolmazlygydyr. Türkmenistanyň başdan geçirýän özgerişi bolsa, erbetlige tarap barýan özgerişdir. Türkmenistanda hökümetiň şol problemasy bar. Olar ýurtda köp sanly meseläniň hötdesinden gelip bilmeýärler” diýip, ekspert aýtdy we ýurduň saglyk pudagyndaky kemçilikleri, koronawirus keseliniň resmiler tarapyndan göz-görtele ret edilmegini, ykdysady problemalary, giň ýaýran işsizligi, halkyň nagt ýetmezçiligini, bankomatlaryň öňündäki nobatlary, döwlet dükanlarynda çörek, ýag we beýleki iýmit önümlerini satyn almak üçin döreýän nobatlary mysal berdi.

“Aýdyşym ýaly, köp adam Türkmenistanda säher bilen oýanyp, bu gün ýagdaýlar her näçe erbet bolsa-da, ertiriň has erbet boljagyna göz ýetirýär” diýip, Panniýer aýtdy.

Ol bu ýagdaýda türkmen hökümetiniň diňe howpsuzlyk güýçlerini ulanmak arkaly, protest geçirmek beýlede dursun, şikaýat bildirýän adamlary, nägilelik beýan edýän adamlary sem etmek arkaly çäre görjekdigini çaklady.

Şeýle-de, ekspert türkmen hökümetiniň ykdysady problemalara uzak möhletli çözgüt hödürlemeýändigini belledi.

Döwlet mediasy habar bermeýär

Minsk Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň paýtagty hasaplanýar. GDA guramasynyň baş binasy Belarusyň paýtagtynda ýerleşýär. Belarusda bolup geçýän protestleriň Arkalaşyga agza beýleki ýurtlara nähili täsiri bolar? Täsiri bolarmy?

“Bu adamlaryň Belarusda häzirki wagtda bolup geçýän hadysalardan nä derejede habarlydygyna bagly bolar, şonda täsiri bolar. Gazagystanda we Gyrgyzystanda adamlar az-owlak Belarusda nämeleriň bolup geçýändiginden habarly. Ýöne men türkmen mediasynda, iň azyndan meniň ýaňy-ýakynda göz gezdiren türkmen media serişdelerimde bu barada habar berilmeýär. Däp bolşy ýaly, bu meniň türkmen mediasyndan garaşan zadymyň edil özüdi. Türkmenistanyň döwlet mediasy bu habarlar barada asla dil ýarmaz. Olar hatda Gazagystanda häkimiýet Nazarbaýewden Tokaýewe geçende, şony hem habar bermediler” diýip, Panniýer aýtdy.

Ol ‘Türkmenistanda hökümet öz raýatlarynyň daşary ýurtlardaky şeýle wakalardan habarly galmagyny düýbünden islemeýär’ diýdi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty Belarusda bolup geçýän protestler barada habar bermeýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine gelmegi mynasybetli belarus kärdeşine heniz, 14-nji awgusta çenli, gutlag hatyny ibermedi.

Hormatly okyjylar, eýsem, Belarusda bolup geçýän wakalar we onuň Türkmenistandan eşidilýän ýaňy barada siz nähili pikirde? Post-sowet giňişliginde, hususan-da GDA agza ýurtlaryň arasynda bolup geçýän soňky wakalara siz nähili nazar aýlaýarsyňyz? Azatlygyň websaýtynda teswir galdyryň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.