Döwlet 'ösýär', azyga 'berk gözegçilik' edip, Konstitusion toparyň, Halk maslahatynyň mejlislerine taýýarlanýar

Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça edilýän işleriň dowam etdirilýändigini, Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow ilaty halkyň sarp edýän harytlary, ilkinji nobatda azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini her gün berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýurtdaky azyk gytçylygyny gytaklaýyn tassyk etdi.

Türkmenistanyň prezidenti 14-nji awgustda ýedi aýyň jemlerine bagyşlanan wideomaslahat geçirip, koronawirus sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, “döwletiň kabul eden maksatnamalaryna laýyklykda ösmegini dowam edýändigini” nygtady.

Wise-premýer G.Müşşikow ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, ähli pudaklaryň durnukly ösýändigini aýtdy.

“Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim ýokarlandy” diýip, TDH wise-premýeriň sözlerini sitirleýär.

Degişli maglumat Oba adamlary çörek üçin paýtagta gelýär. Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň 'çörek çökgünligine' dolanýarmy?

Şeýle-de, manadyň hümmeti, ýitileşýän azyk gytçylygy we ýokarlanýan nyrhlar barada maglumat berilmezden, ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlanandygy aýdylýar.

Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň maliýe-ykdysady toplumynyň düzüminiň işinden biraz nägilelik bildirdi.

“...bu pudaklar boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talabalaýyk durmuşa geçirilişine gözegçilik işleri güýçlendirilmeli” diýip, prezident bu gözegçiligi kimiň güýçlendirmelidigini anyklaşdyrman aýtdy we, resmi maglumata görä, “degişli tabşyryklary berdi”.

Mejlisde çykyş eden hökümet agzalarynyň ählisi, hemişe bolşy ýaly, uly ösüş sanlaryny getirdi, soňky döwürde girizilen çäklendirmeleriň kärhanalaryň işine, adamlaryň durmuşyna ýetiren ýaramaz täsirleri, azyk gytçylygy, çörek ýa bankomat nobatlary, ilatda ösýändigi aýdylýan nägilelikler barada çykan habarlara görnüp duran reaksiýa bildirilmedi.

Ýöne muňa garamazdan, TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow ilaty halkyň sarp edýän harytlary, ilkinji nobatda azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini her gün berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýurtdaky azyk gytçylygyny gytaklaýyn tassyk etdi.

Döwlet baştutany ýurtda “...howanyň düzüminde bar bolan zyýanly tozanjyklaryň, şeýlelikde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalary etmegi” hem tabşyrdy.

Degişli maglumat COVID-19: Marynyň keselhanalaryna heniz ýokary okuwy doly tamamlamadyk ýaşlar işe alynýar

Türkmenistan ýurtda hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar. Syzyp çykýan maglumatlar ilatyň agyr keselçilik kynçylyklary, derman ýetmezligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýär.

Şu aralykda, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ene-atalar häzirki keselçilik aladalary arasynda, çagalaryň arassaçylyk düzgünlerini saklap bilmeýändigini aýdyp, öz çagalaryny mekdebe ibermekden howatyr edýärler.

Emma habarlar Türkmenistanyň nobatdaky okuw ýylyna, beýleki planlaşdyrylan çärelere doly güýjünde taýýarlyk görýändigini görkezýär.

Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa maslahatda "Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça edilýän işleriň dowam etdirilýändigini, Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Halk maslahatynda Halk maslahaty bilen Mejlisi birleşdirmek, iki palataly parlament döretmek teklip edildi

Resmi maglumata görä, Konstitusion toparyň mejlisini 19-njy awgustda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Berdimuhamedow maslahaty jemläp, 31-nji awgustda we 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly çäreleriň, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Garaşsyzlyk baýramynyň, dekabr aýynda bolsa Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilip geçiljekdigini habar berdi we, adatça bolşy ýaly, “bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy”.

Bellemeli ýeri, "Watan" habarlarynyň maglumatyna görä, Halk maslahaty adatdakylaryndan üýtgeşik ýagdaýda, wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler, TDH habarynda bu aýdylmady.

G.Berdimuhamedow özünden öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň öz şahsyýet kultuny ösdürmekde we saýlawlary ýatyryp, ömürlik prezident bolmakda ulanan Halk maslahatynyň kanuny ygtyýarlyklaryny häkimiýet başyna gelen badyna ýatyrdy.

Ýöne ol soň, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanyň syýasy-ykdysady çökgünliginiň çuňlaşmagy netijesinde, Halk maslahatyny dikeldip we has güýçlendirip, häkimiýet başynda galmak möhletini uzaltmaga çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.