Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran zenanlar. Arhiwden alnan surat

Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, protest çäresini geçirenden soň, şäherdäki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sany göz-görtele azaldy. Marynyň etraplarynda bolsa, häkimiýetler kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 12-nji awgustda öýlän sagat 13:00 töwereginden soň, Marynyň ‘Senagat’ we ‘Daýhanbank’ banklarynyň işgärleri kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp, mundan beýläk beýleki etraplardan gelen ýaşaýjylaryň diňe sebitlerindäki degişli banklaryndan pullaryny alyp biljekdiklerini yglan etdiler.

Degişli maglumat Maryda protestçiler merkezi köçäni baglady, polisiýa bilen çaknyşdy

Azatlygyň habarçysy, bank işgärleriniň bildirişinden soň, ýüzlerçe adamyň şäheriň merkezi ‘Mollanepes’ köçesini baglap, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler çözülmese, sebiti terk etmejekdiklerini aýdandygyny gürrüň berdi. Sebite gelen resmiler we howpsuzlyk güýçleri adamlary ‘jenaýat işleriniň gozgalmagy, iş ýerlerinden kowulmagy’ bilen gorkuzyp, olara haýbat atdylar we käbir adamlary tussag etdiler. Soňra adamlar durmagynda hiç hili peýdanyň ýokdugyny aýdyp, lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 14-nji awgustda irden Mary şäherindäki banklaryň öňünde, ýagny bankomatlaryň ýerleşýän ýerinde öňkülerden tapawutlylykda adamlaryň sanynyň gaty azdygyny aýtdy.

"Her bankyň öňünde 40-50 töweregi adam bar. 12-nji awgustda "Türkmenistan" we "Daýhanbank" banklarynyň öňünde nobata duran adamlaryň sany 1000-den geçýärdi. Bu adamlar bir gün öňünden sagat 18:00 töweregi gelip, nobat belleýärdiler. Şu gün diňe "Türkmenistan" we "Garagum" banklarynda pul bar" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, "Türkmenistan" bankyndaky bankomatlardan şäheriň we Mary etrabynyň ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berilýär. "Garagum" bankynyň bankomatlaryndan diňe pensionerler we mümkinçiligi çäkli adamlar pullaryny alyp bilýärler.

"Täze düzgünleri bilmän, çetki obalardan gelýän adamlara nobatda duran adamlaryň özleri aýdyp, öňünden duýdurýarlar. Bilmeýän adam gaty köp, onlarça adam gelip yzyna gaýdýar" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Maryda bankomatlaryň hyzmat ediş tertibi üýtgeýär. Nobatdaky adamlaryň sany 400-e ýetýär

Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azalan mahaly, welaýatyň etraplaryndaky bankomatlaryň öňünde adamlaryň sany köpelýär. Munuň bilen bir wagtda, etrap häkimiýetleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler.

"Adamlar indi öňünden özlerine degişli banka baryp, nobat talonyny almaly. Talon almak üçin hökman pasport bolmaly. Talony alanyňdan soň, haýsy günde we sagatda baryp, kartyňdaky puly nagtlaşdyryp biljekdigiňi aýdýarlar. Başga etrapdan gelip, beýleki bir etrapdan talon almakçy bolsaň, talon berilmeýär" diýip, habarçy belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu talonlary Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten, Wekilbazar, Peşanaly, Sakarçäge we Oguzhan etraplaryndaky "Halkbankyň" şahamçalary paýlaýar.

"Etraplarda talon arkaly pul nagtlaşdyrmak düzgüni öň ýokdy, täze girizildi. Bu düzgün 12- nji awgustda mälim edildi we 13-nji awgustda irden talon paýlanyp başlandy" diýip, habarçy belledi.

Degişli maglumat Farapda bankomat nobatlaryndaky ýakalaşykda bir aýal öldi. Aşgabatda bankomatlaryň sany azaldylýar

Habarçy täze düzgüniň girizilmeginiň yzýany, etraplardaky banklaryň öňünde iki nobatyň emele gelendigini hem aýtdy. Olaryň birinde bir gün ozal talon alyp, şu gün pul nagtlaşdyrmaga gelen adamlar, beýlekisinde talon almaga gelenler durýar.

"Birinji nobatdaky adamlar kän däl, olaryň sany 20-den aşmaýar. Ikinji nobatda 40-50 adam nobata dur. Pul öýläne çenli berilýär. Ondan soň pul bolanok. Şu gün ähli etraplarda ýagdaý şeýle. Talony günde 20 adama pul berer ýaly edip düzýärler. Adamlaryň arasynda 1-2 aý bäri pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýänler hem bar" diýip, habarçy belledi.

Ol ýaşaýjylaryň özaralarynda her bir adama aýda bir sapar talon beriljekdigi we bank kartynda näçe puluň bardygyna garamazdan, aýda bir gezek 800 manat alyp biljekdigi barada gürrüň edýändigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy täze düzgünler hakda agzalan etraplaryň we Mary welaýatynyň häkimliklerinden, şeýle-de banklardan kommentariý alyp bilmedi.

Bellesek, mundan ozal welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde bankomatlarda pullaryň ýoklugy sebäpli, ol ýerleriň ýaşaýjylary pullaryny nagtlaşdyrmak umydy bilen, onlarça kilometr ýol söküp sebitiň administratiw merkezlerine gelýärdiler.

Welaýat merkezindaki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sanynyň 1000-e ýetýändigi baradaky habarlaryň yzýany, Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly Marydaky banklaryň käbiri şäher, käbiri etrap ýaşaýjylary üçin hyzmat edip başlady.

Azatlygyň habarçylary bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda, bank kartlary arkaly döwlet we hususy dükanlarda söwda etmek kynçylyklarynyň saklanyp galýandygyny hem aýdýarlar.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barada aç-açan çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.