Oba adamlary çörek üçin paýtagta gelýär. Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň 'çörek çökgünligine' dolanýarmy?

Tamdyrda çörek bişirýän aýal. Bezeg suraty

...çörek üstünde ýerli ýaşaýjylar bilen gapma-garşylyk döreýär, oba adamlary bugdaý ekeniň, hasyl ýetişdireniň özleridigini, emma öýde iýmäge çörekleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň obalarynda dowam edýän azyk gytçylygy obalylar bilen şäherlileriň arasynda gapma-garşylyk döredýär, adamlar çörek satyn almak üçin paýtagta gelmeklerini ýygjamlatdylar. Beýle ýagdaý ozal 1990-njy ýyllaryň başynda, ozalky SSSR-iň respublikalarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň kesilýän we ýurduň özüne ýeterlik bugdaý ekmeýän wagtynda döräpdi.

Soňra türkmen häkimiýetleri ýurduň ilatyna ýeterlik galla öndürmek kararyna geldiler we her ýyl zerur bolan mukdardaky bugdaýyň öndürilýändigi habar berilýär. Häzirki çörek gytçylygy bolsa, resmi taýdan nobatdaky bugdaý planynyň doldurylan wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

TDH-nyň iýun aýynyň aýagynda beren maglumatyna görä, şu ýyl ýurtda 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürildi.

Degişli maglumat Türkmenistan bugdaý planyny 'doldy'. Bergili çykan daýhanlar prokuratura çagyrylýar

"Ýene-de oba adamlary Aşgabat şäherine gelip, çörek, şeker satyn alýarlar. Şu sebäpden çörek satyn almak kynlaşýar" diýip, Azatlygyň habarçysy şu gün, 12-nji awgustda habar berdi. Ýogsa, bugdaý planynyň doldurylanyna bir ýarym aý hem bolanok.

"Şu gün irden çörek almak üçin dükana bardym. Çöregiň nobaty uzyn ekeni. Satyjy iki buhankadan kän çörek berjek däl diýip, gaharly gürledi. Sebäbi oba adamlary satyjydan bäş, on çörek bermegini soraýarlar, uzakdan gelendiklerini, maşgalalarynyň uludygyny aýdyp, ýagdaýlaryna düşünmegi haýyş edýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Uzak ýoldan gelen oba adamlary iki çöregiň öz maşgalalaryna bir gezek naharlanmaga ýetýändigini aýdyp, satyjynyň aýdan çörek çäklendirmesinden nägile bolýarlar. Emma bu ýerde nägile bolýan ýa gaharlanýan diňe satyjy we obadan gelen alyjylar hem däl.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, çörek üstünde ýerli ýaşaýjylar bilen gapma-garşylyk döreýär, oba adamlary bugdaý ekeniň, hasyl ýetişdireniň özleridigini, emma öýde iýmäge çörekleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

"Siz, şäherliler arzan çörek iýýärsiňiz, biziň çagalarymyzam çörek iýmek isleýär" diýip, oba adamlary bilen şäherlileriň arasynda ýygy-ýygydan dawa döreýär" diýip, habarçy çörek meselesiniň barha ýitileşýändigini aýtdy.

Şu aralykda Baýramalydan gowşan maglumata görä, azyk harytlarynyň gytçylygy söwda düzgünleriniň hem barha berkidilmegine alyp gelýär. Hususan-da, plastiki kartlar esasynda töleg edilýän dükanlarda satyjylar alyjydan pasport hem soramaga başladylar.

"Şu gün irden bu aýdylýany anyklamak üçin dükana bardym, menden hem kartymy tassyklamak üçin, pasport soradylar" diýip, habarçy aýtdy. Ýöne satyjylar bu täze düzgüniň sebäbini düşündirmeýärler.

Söwda ulgamyndaky resminiň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, dükanda pasport soramak ýaly düzgünleriň girizilmegi azyk, hususan-da çörek, un gytçylygynyň ýitileşmegi bilen bagly.

Degişli maglumat Baýramalyda nobatlary gizlemäge çalyşýan polisiýa işgärleri bilen ilatyň arasynda ýakalaşyk boldy

Azatlygyň habarçylarynyň iýul aýynda beren maglumatlaryna görä, şu ýyl Farapda, Ahalyň esasy bugdaý ýetişdirýän etraplarynda bugdaý eken daýhanlaryň köpüsi bergili çykdy.

"Bu ýylky hasyla kombaýnlar hem 20-30 prosent zyýan ýetirdi, däneleri doly alman, samana garyp çykardy. 10 gektar ýere bugdaý ekipdim, birinji orakdan soň kombaýny täzeden meýdana salamda, ýene 600 kilograma golaý bugdaý aldym" diýip, faraply daýhan hasyl ýygnaýjylaryň könelendigini, tehnika kömeginiň aýdylyşy ýaly däldigini aýtdy.

Diňe tehnika däl, daýhanlar indi onlarça ýyl bäri ýer-suw, mineral dökün ýetmezçilginden, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlarynyň pesliginden zeýrenip gelýärler. Ýöne olar, kärende ýerlerini aldyrmakdan gorkup, adatça öz kynçylyklaryny açyk aýtmakdan saklanýarlar.

Türkmenistanda oba hojalyk işleri, kärendeçileriň ekjek ekinleri, ekiş we orak wagty, daýhanyň öndüren önüminiň satyn alyş nyrhlary döwlet tarapyndan kesgitlenýär we etrap, sebit ýolbaşçylary prezident tarapyndan bellenilýär hem-de ýygy-ýygydan, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip, täzelenip durýar.

Bu ýagdaý adamlaryň daýhançylykdan barha kän sowaşmagyna, ýurduň bazarlarynyň daşary ýurt önüm öndürijilerine barha kän garaşly bolmagyna. 1990-njy ýyllaryň başyndaky un krizisiniň gaýtalanmagyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.