Aşgabatlylar ýurtda hiç bir hadysasy tassyklanmadyk kselçilik sebäpli girizilen çäklendirmeler arasynda barha kän azyk problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, üstesine bu çäklendirmeler biraz öňden gaçmaga hem-de gyş üçin azyk taýýarlamaga, gök ýapmaga çalyşýan maşgalalary hem kyn ýagdaýa salýar.
"1980-nji ýyllaryň başynda uniwersiteti gutaryp, Aşgabatda galdym, maşgala gurdum. Her ýyl gyş üçin pomidor, hyýar ýapynýaryn. O ýyllar banka, gapak problemady, indi paýtagtyň golaýyndaky kolhozlaryň dükanlarynda satylan arzan gök önümler düýş ýaly boldy" diýip, 60 ýaşlaryndaky mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Azatlygyň habarçysy ýagdaýy gözi bilen görmek üçin şu gün daňdan Aşgabadyň "Altyn asyr" gündogar bazarynda gök, bakja önümleriniň we miweleriň lomaý satylýan ýerine baryp gördi.
"Bu ýere adamlar ir sagat 3-e çenli gelýärler we örän gyzgalaňly söwda bolýar. Gündizlerine bazar karantin sebäpli ýapylýar" diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gök önümleriň lomaý söwda bazary agşam sagat 19-dan ertesi ir sagat 3-e çenli, uzak gije diýen ýaly işleýär we bu bazara ýurduň ähli sebitinden terje gök, bakja ekinlerini, miwe önümlerini getirýärler.
Degişli maglumat Importy azaltmaga synanyşýan Türkmenistan bananyň ilkinji hasylyny almaga taýýarlanýarSöwda ýük awtoulaglarynyň nowalarynda, yşyk berýän lampanyň astynda geçýär, adamlar aýlanyp, özlerine gerek zatlary gözleýärler we söwdalaşyp, işlerini basymrak bitirmäge çalyşýarlar.
Elbetde, lomaý söwda bazarynda mundan öňem gije, daňdan söwdalary bolardy, ýöne bu bazara öň esasan welaýat, etrap ýerlerinden gelýän önümleri lomaý alyp, soň bazarda bölekleýin satýan adamlar köp gelerdi, indi maşgalada hyýar, pomidor ýapjak adamlar hem, başarsa, lomaý söwda bazaryna gelýär diýip, habarçy aýtdy.
Lomaý söwda bazaryna satmak üçin däl, hojalyk üçin gawun-garpyz, kelem, käşir, badamjan, burç, sogan-sarymsak aljak adamlar hem gelýär. Karantin çäklendirmeleri ýok wagtynda alyjylar gawun-garpyzy, badamjany we sogany açyk bazarlarda hem, ýüklenip gelen ýük ulagyndan satyn alýardylar.
Hyýary plastik haltalarda, pomidorlary çelekleri bilen satýarlar, nyrhlar bölekleýin söwdadakydan düýpli tapawutlanýar, mysal üçin, hyýaryň kilogramy 2 manatdan satylýar, bölekleýin söwdada onuň her kilogramynyň 4 manat diýip, habarçy aýtdy.
Pomidoryň kilogramyny 2 manat 50 teňňe bahalaýarlar, her çelege 7-8 kilogram pomidor sygýar, şäher bazarynda pomidoryň kilogramy 5 manat 50 teňňe bahalanýar diýip, habarçy aýtdy. Şeýle-de ol gutudaky bananlaryň 200 manat bahalanýandygyny, şäher bazarynda bananyň kilogramynyň 10 manatdygyny habar berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly mugallym lomaý söwda bazarynyň, alagaraňkyda bir topar oňaýsyzlyk döredýändigine garamazdan, pomidor, hyýar ýapynjak maşgalalar üçin bir çykalgadygyny, köp adamyň indi şäher bazaryndan ýa öýüne getirdip, gök, miwe almaga gurbatynyň çatmaýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ýeralma talabyny gaýtalaýar, synçylar ýagdaýyň agyrlaşýandygyny duýdurýarlarTürkmen mediasy soňky döwürde ilaty gyşyn-ýazyn ter gök önümler, miwe bilen üpjün etmek tagallalarynyň edilýändigini, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberiniň artdyrylýandygyny habar berýär. Ýöne bu maglumatlar ýa-da köp öndürilýändigi aýdylýan önümler bazarlardaky bahalaryň aşak gaçmagyna kän täsir ýetirmeýär.
Emma daşary ýurtlara eksport edilmeli önümler dürli sebäpler esasynda satylman, önüm birden ýerli bazara çyksa, bahalar üýtgeýär.
Mysal üçin, şu ýylyň ýanwarynda ýyladyşhanalarda ýetişdirilen hyýar, pomidor önümleri Lebapda 3-4 esse arzan bahadan satuwa çykaryldy.
"Hyýaryň kilogramy 3 manatdan, pomidor 3,5 manatdan satylýar. Öň olaryň kilogramy 10-12 manatdan bahalanýardy. Häzir Eýrandan import edilen hyýar 15 manatdan, pomidor 20 manatdan satylýar” diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz 20-nji ýanwarda habar berdi. Şonda syzan maglumatlara görä, bu önümler Orsýet, Gazagystan ýaly ýurtlaryň talabyny ödemändir.
Şu aralykda TDH ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlarynyň giňeldilýändigini, bu ekinleriň güýzki görnüşlerini ekmek üçin ýene 21 müň gektar ýeriň bölünip berlendigini, şu ýyl ýurtda ilkinji gezek 12 müň gektar ýere mäş (mungo kösügini) ekilendigini, sentýabryň ikinji ýarymynda azyndan 10 müň tonna mäş almagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Gytçylygyň arasynda häkimiýetler Lebabyň un zawodlaryny we bugdaý ammarlaryny derňeýärAýdylmagyna görä, "Mäş" taslamasyna TSTB agzasy bolan öndürijileriň ýüzden gowragy gatnaşýar. Eger bolsa, alnan mäş hasylynyň 9 müň tonna golaýy Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.