Türkmenistanyň ilaty köpçülikleýin keselleýär, häkimiýetler uçardan antiseptik sepýär we COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýar

Aşgabat, iýul, 2020  

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Gurban baýramy günlerinde howadan dezinfeksiýa işleri geçirildi. Koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän ýurtda soňky döwürde antiseptikler howadan uçarly sepilýär. Maryda keselhanalar hassalaryň köpelmegi sebäpli agyr şertlerde işleýärler, welaýatda täze karantin zolaklary döredilýär. Lebapda, hassahanalara barýanlaryň arasynda geçirilýän testler näsaglaryň ençemesinde koronawirusyň bardygyny tassyklaýar, Aşgabatda bolsa COVID-19 alamatlary bolan köp adam öýlerinde bejergi alýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary 4-nji awgustda ýurtdan habar berýärler.

"Baýramçylygyň üç gününiň dowamynda ululara we çagalara öýlerinden çykmak gadagan edildi. Türkmenbaşy şäherine uçarlardan dezinfeksiýa serişdeleri sepildi. Olar hlor däldigini aýtdylar, ýöne köpçülik özüni erbet duýdy" - diýip habarçymyz Balkandaky ýagdaý barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, dezinfeksiýa üçin pul döwlet edaralarynyň işgärlerinden ýygnalypdyr: "Döwlet işgärlerinden dezinfeksiýa üçin 100 manat ýygnadylar. Bu pul harbylardan, mekdeplerde, çagalar baglarynda, hassahanalarda, nebit-gaz kärhanalarynda, energiýa we suw desgalarynda işgärlerden toplandy".

Mundan başga-da, habarçymyzyň belleýşi ýaly, döwlet edaralarynyň işgärleri dynç alyş günlerinde iş ýerlerinde bolmalydy.

Degişli maglumat COVID-19 we Türkmenistan: Ilat lukmanlaryň ýanyna barmakdan, lukmanlar karantinlerde işlemekden howatyrlanýar

Maryda COVID-19 alamatlary bolan näsaglaryň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegi sebäpli hassahanalar olaryň ählisine medisina kömegini berip bilmeýärler, täze karantin zolaklary döredilýär.

"Mary şäherinde Oguzhan köçesindäki (öňki Skworsow köçesi) keselhana ýokanç keseller hassahanasyna öwrüldi. Beýleki keselhanalara hassalar sygmaýar. Kesellänler gaty köp. Bu ýere ýagdaýy gaty agyr bolmadyklary ugradylýar. Keselhanada häzir diňe lukmanlar we şepagat uýalary işleýär, beýleki işgärleri dynç alyşa ugratdylar, şol sanda öz islegi boýunça tölegsiz 10 günlük dynç alyşa çykmak barada arza ýazdyrdylar" diýip, Marydaky habarçymyz 4-nji awgustda aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bu sebitde COVID-19 ýokaşan medisina işgärleriniň sany barha artýar. Hususan-da, Mary etrabynda ýerleşýän "Melhem" şypahanasynda käbir lukmanlarda koronawirus test arkaly tassyklanypdyr we olar bu ýerde karantina salnypdyr. Ýarawsyz lukmanlar bu saglyk edarasynda 15 günläp işläpdir.

Azatlyk Radiosy şypahananyň wekillerinden bu maglumatlary resmi taýdan tassyklap bilmedi.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda, berk karantin çäreleriniň girizilmeginiň fonunda hassahanalara kabul edilýänleriň sany azalypdyr.

"Geçen hepde köpugurly keselhanada günde 50-den gowrak adam keselhana ýerleşdirilipdi. Häzirki wagtda 10 adam kabul edilýär, şolardan dördüsinde kowid testi oňyn netije görkezi. Munuň sebäbi polisiýanyň köçelere adamlaryň çykmagyny berk çäklendirmegi bilen bagly bolup biler. Ulaglaryň sany köçlerde azaltdy. Etraplardan adamlar şähere baryp bilmeýärler. Çäklendiriji çäreleriň kömek edýändigini ýa-da ýokdugyny aýtmak kyn, emma ilat köçelere çykmazlyga synanyşýar. Şeýdip keselçiligiň azalmagyna umyt bar" diýip, Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelerimiziň biri aýtdy.

Degişli maglumat COVID-19: Pulsuzlyk ilaty saglygy bilen töwekgelçilik etmäge iterýär

Bu aralykda Türkmenistanyň paýtagtynda barha köp adam öýünde bejergi almagy saýlaýar ýa-da muňa mejbur bolýar.

"Bu giňden ýaýran bir ýagdaýa öwrüldi. Keselli adamlar, tassyklanan koronawirusy bar bolsa-da öýlerinde keselläp ýatýarlar we iş ýerlerinde kesel rugsadyny almaýarlar, ýöne tölegsiz işe çykmaýarlar. Bu hatda Maliýe ministrligi ýaly edarada hem şeýle" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şol bir wagtyň özünde COVID-19 alamatlary bolan keselden ölýänler köpelýär: "Birnäçe gün ozal 47 ýaşly aýal öldi. Parahat etrapçalarynda ýogalýanlar köp. 66 ýaşly bir aýal goňşy öýde kesel ýatyr. Ol tagam, ys duýmaýar, ysgyny ýok, ýüreginde problemalary bar".

Azatlyk öz çeşmeleriniň howpsuzlygyna we gizlinligine kepil geçmek üçin näsaglaryň atlaryny we ýaşaýan ýerini hem beleki jikme-jikleri agzamakdan saklanýar.

Bazardaky saglygy barlaýyş nokady, Aşgabat, iýul, 2020

Ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistanyň hökümeti üç hepdäniň içinde koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäklendiriji çäreleriň ençemesini gyssagly girizdi. Raýatlaryň ýurduň içinde hereket etmegini, köpçülikleýin ýerlere barmak mümkinçiligini çäklendirdi. Adamlar maska geýmäge we öz arasynda fiziki taýdan iki metrlik aralygy saklamaga borçly.

Köp herde fiziki distansiýany saklamagy talap edýän ýörite bellikler peýda boldy.

Köçede iki metr aralygy saklamagy talap edýän ýörite bellik, Aşgabat, iýul, 2020

Global pandemiýanyň başyndan ençeme aý bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri bu çärelere asla üns bermediler, tersine, ilata maska geýmegi gadagan etdiler we koronawirusy agzanlara basyş görkezdiler.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda lukmançylyk maskalary ýetmezçilik edýär, olar döwlet we hususy dermanhanalarda tapdyrmaýar, ýerli fabrikler matadan edilen maskalary köpçülikleýin tikip başladylar.

"Birnäçe gün bäri maskalar Aşgabatdan getirilmelidi, ýöne Aşgabat muňa rusgat bermedi, ýerli fabriklere maska tikmegi tabşyrdy. Indi fabrikler öz enjamlarynda maskalary tikýärler. Her bir gurama Dokma fabriginde tikilen maskalary satyn almaga borçly edildi. Maskalary hususy tikinçiler hem tikýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy 4-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Lebapda ilatyň aglaba köpçüligi öýde öndürilen maskalary dakynýar: "Ilat hasadan ýa-da islendik pagta matadan ýasalan maskalary dakynýar. Tikinçiler hatda çagalaryň köne balaklaryndan maska tikýärler. Şeýle maskalary 8-10 manat aralygyndaky bahadan satýarlar. Alyp satýanlaryň elden hödrleýän elde tikilen maskalaryň bahasy 10-dan 20 manada çenli. " diýip habarçyyz aýdýar.

Degişli maglumat Lebapda edara-kärhanalar ep-esli işgärini üç aý möhlet bilen tölegsiz rugsada iberip başlady

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, lukmançylyk maskalarynyň ýetmezçiligi lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine, polisiýa işgärlerine we ýolbaşçy wezipelerindäki işgärlere täsir ýetirpdir, sebäbi olardan diňe lukmançylyk maskalaryny geýmek talap edilýär.

"Hatda ýerli resmiler hem maska tapyp bilmeýärler. Bilýän bolsaňyz, resmilerden zawodda öndürilen sintetik gök maska geýmek talar edilýär. Olara Aşgabatdan getirýärler, olar elde tikilen maskalary geýmeýärler. Indi maska gözlemek üçin ýolbaşçylar öz orunbasarlaryny baş saglyk bölüminiň dermanhanasyna ýa-da hassahanalaryň baş lukmanlarynyň ýanyna iberýärler. Ýa-da rezerwdäki maskalaryň berilmegini sorap, keselhanalara jaň edýärler"-diýip, welaýatdaky habarçylaryň biri gürrüň berdi we şu günler köçelerde reňki öçüp ýa-da könelip giden lukmançylyk maskalarynda duran polisiýa işgärlerini görüp bolýandygyny aýtdy.

Ýakynda Türkmenistan Bütindünýä saglyk guramasyndan ynsanperwerlik kömegini aldy. Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň haýyşy boýunça bahasy ýarym million dollar töweregi gumanitar kömeginiň düzüminde ýurda gorag enjamlary, şol sanda lukmançylyk işgärleri üçin niýetlenen maskalar gowuşdy.

Azatlygyň habarçylarynyň we Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, gumanitar kömek hökmünde ýurda baran maskalar we COVID-19 infeksiýasyndan goramak üçin niýetlenen beýleki serişdeler häzirki wagtda saglyk işgärlerine olaryň öz hasabyna satylýar.

Mundan başga-da, ýaňy-ýakynda Türkmenistan BAE-den gumanitar kömegini aldy. Khaleejtimes.com habar neşriniň maglumatyna görä, BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy Abdulaziz al-Haşimi bu kömegiň berilmegi barada aýdan sözlerinde BAE-nyň lukmançylyk kömeginiň Türkmenistandaky medisina işgärleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak we COVID-19 garşy göreşde goşmaça gorag üpjün etmek maksada bilen berilýändigini aýdypdyr.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri bu barada habar bermediler.

Degişli maglumat Prezidentler pandemiýa meselesine ‘degip geçdi’, TDH BAE-den gelen kömegi aýtmaýar

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.