Häzirki wagtda Lebapda ipoteka esasynda jaý satyn alan 100-e golaý ýaşaýjy karzlaryny töläp bilmän, öýlerinden çykaryldy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji awgustda anonim şertde habar berdi.
“Bu soňky “galkynyş eýýamynda” Türkmenabatda we Saýatda jaý alanlar üçin, häzir ipoteka karzlaryny üzmek kynlaşdy” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, Lebapda iň az ipoteka tölegi häzirki wagtda bir aýda 4,000 manat töwereklerindedir. Bu dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça takmynan 1,100 dollara, “gara bazaryň” nyrhyndan 166 dollara barabar bolýar.
“Welaýatda iň köp 2000 ýa-da 3000 manat aýlyga işleýän saglyk we bilim pudagynyň işgärleri, organ işgärleri (kanun goraýjy edaralaryň işgärleri) öýlerinden aýryldylar” diýip, habarçy belledi.
Onuň bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar bu ýagdaýa ýurtda aýlyklaryň ujypsyz bolmagynyň hem-de inflýasiýanyň ýokarlanmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Sementiň haltasy 100 manada çykdy; 4-5 gelinli maşgalalar jaý ýetmezçiligi sebäpli bir öýde ýaşaýarHalkara pul gaznasy resmi görkezijilere salgylanyp, geçen ýylyň oktýabrynda ýurtda inflýasiýanyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,4 prosente deň bolandygyny, 2020-nji ýylda inflýasiýanyň 13 prosent töwereklerinde çak edilýändigini hasabat beripdi.
Synçylar, hökümet işinde aýdyňlygyň we metbugat azatlygynyň ýoklugy sebäpli, Türkmenistanyň çap edýän resmi sanlaryna ynamsyz garaýarlar.
Jons Hopkins uniwersitetiniň professory, amaly ykdysadyýet boýunça bilermen Stiw Henki garaşsyz çeşmelere salgylanyp, iýulyň başynda Türkmenistanda inflýasiýanyň 35 prosente ýetendigini hasaplady.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen hökümeti soňky sapar ýanwar aýynda ýurtda aýlyk haklarynyň 10 prosent ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurtda bahalar yzygiderli ýokarlanýar we gymmatçylygyň fonunda raýatlaryň zähmet haklary, pensiýa we döwlet kömek pullary ujypsyzlygynda galýar.
Degişli maglumat Türkmenistan jaý edinmegiň iň çylşyrymly döwründe gurluşyk pudagynyň 'gülläp ösendigini' gaýtalaýarHabarçymyz inflýasiýa we aýlyklaryň ujypsyzlygy sebäpli ipoteka esasynda satyn alan jaýlaryndan çykmaga mejbur bolan raýatlar barada habar berdi.
Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyndan “10-a golaý mugallym ipotekany töläp bilmän, jaýlaryndan çykmaly boldy. Jaý bahalary döwletiň berýän 2,000 manat aýlygy bilen tölärden ençeme esse gymmat” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabat şäherinde ipoteka satylýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda 4 otagly öýüň bahasy walýutanyň resmi alyş-çalyş nyrhynda 200 – 350 müň dollar töwereklerindedir.
Habarçy tölege ukypsyzlyk sebäpli Saýat etrabynda-da onlarça býujet işgäriniň ipoteka esasynda satyn alan jaýlaryny terk etmäge mejbur bolandyklaryny aýtdy.
“Saýat etrabynda hem kottež jaýlaryň eýeleri, tas 50-ä golaý lukman we mugallym 6 aýlap, karzlaryny töläp bilmän öýlerinden aýryldylar” diýip, habarçy habar berdi.
Ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik sebäpli ençeme lebaply eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýe ýaly ýurtlara gitdi.
“Lebapda jaýlaryndan çykarylanlar türke gidenleriň boş duran öýlerinde kireýine ýaşaýar, ýa-da garyndaşlarynyň öňünde ýaşaýarlar” diýip, habarçy maglumatyny jemledi.
Türkmen hökümeti ýurduň ýaşaýyş jaý gorlary barada anyk statistiki sanlary köpçülige mälim etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.