Türk iş adamlary Türkiýedäki deportasiýa lagerinde oturan türkmenistanlylary yzyna deportasiýa etmek üçin ýörite uçar tutupdyr, bu iş 19-njy iýulda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde protest gurnan wagty saklanan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowany türkmen häkimiýetleriniň eline bermek üçin edilýär diýip, Türkmenistanyň Demokratik saýlawy hereketi habar berýär.
TDS liderleriniň biri Myrat Gurbanow mundan öň Azatlyga D.Taganowanyň işine Türkmenistanyň DIM-niň goşulandygyny we türk iş adamlarynyň üsti bilen türk häkimiýetlerine basyş görkezilýändigini, şu sebäpden aktiwistiň bir günde, gyssagly karar esasynda, polisiýadan deportasiýa lagerine iberilendigini aýdypdy.
D.Taganowa deportasiýa lagerinde 20-nji iýuldan bäri otur we ol ýerde ozal hem 22 sany türkmen migrantynyň bolandygy aýdylýar.
Degişli maglumat Aşgabat bagyşlamaýar: TDS Türkmen DIM-niň aktiwistiň işine gatyşandygyny aýdýarMyrat Gurbanowyň aklawçylara salgylanyp aýtmagyna görä, D.Taganowanyň deportasiýa prosedurasy dowam edýär we bu ýagdaýda onuň hiç ýere iberilmegi mümkin däl.
“Biz D.Taganowanyň işi barada Strasburgdaky adam hukuklary kazyýetine arza-şikaýat bilen ýüz tutduk, olar öz kanunlary boýunça 24 sagat içinde bu mesele boýunça netije çykarmaly. Men birinji gün irden Strasburg suduna telefon etmeli we bu barada ýene gürleşmeli” diýip, TDS lideri Azatlyk radiosyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türk biznesmenleri Stambulyň deportasiýa lagerinde oturan türkmenistanlylary birinji gün Aşgabda iobermek üçin ýörite uçar tutupdyr.
“Dördünji gün deportasiýa lagerinde ýygnak boldy, ol ýerde saklanýan türkmenistanlylara birinji gün konsulyň gelip, olaryň barysyny Türkmenistana alyp gidýändigini aýtdylar diýip, M.Gurbanow habar berdi.
Täze döredilen halk hereketiniň egindeş başlygynyň pikiriçe, şikaýat işine seredilýän wagtynda, şikaýatçynyň başga ýurda, onda-da gynalmak wehimi bolan ýurda iberilmegi kanun esasynda mümkin däl.
Ýöne ol Taganowanyň işiniň syýasy meselä öwrülendigini we häzirki edilýän "bikanun basyş netijesinde" her hili bikanun işiň bolup biljekdigini aradan aýyrmaýar.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, 19-njy iýulda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde protest geçirmekçi bolan türkmenistanlylaryň 80-e golaýy tussag edildi we gysga wagt soň olaryň D.Taganowadan beýlekileri azatlyga çykdy.
Degişli maglumat Geçen ýyl Türkiýä baran türkmenistanlylar yraklylardan azrak, siriýalylardan has kän boldyEmma Taganowa, türkmen häkimiýetleriniň gatyşmagy netijesinde, gyssagly deportasiýa lagerine geçirildi.
Bu waka daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň barha aktiwleşýän we ýurduň hökümetini hem-de prezidentini işden çekilmäge çagyrýan wagtynda, halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulyşy, şol sanda ilatyň koronawirus ýokuşmalarynyň öňünde ýeterlik goragsyz, garyp we çäresiz galyşy bilen barha giň habarly edilýän pursatynda bolup geçýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.