Türkmenistanda COVID-19 we pnewmoniýadan ýogalanlar barada habar berýän portal häzire çenli ýurtda resmi taýdan tassyklanylmaýan keselçiliklden ýogalanlaryň sanynyň 18 bolandygyny habar berýär.
Türkmen aktiwistleri ýurt içindäki COVID-19 maglumatlaryny özünde jemleýän we mümkin boldugyndan ilata doly maglumat bermäge çalyşýan internet sahypasyny döretdiler, onda ýurtda koronawirusdan ölen adamlaryň sany, olaryň atlary, ýaşy barada resmi bolmadyk maglumatlar, peýdaly salgylar we habarlar çap edilýär.
Täze habar saýtynyň işe giren wagty Azatlygyň habarçylarynyň barha aljyradýan keselçilik we ölüm hadysalary, gonamçylyklarda köpelýän täze mazarlar barada berýän maglumatlarynyň öňkülere garanda hem gürelen wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?
Saýty döredijiler Azatlyga hat ýazyp, öz resmi bolmadyk ölüm sanawlaryna başlamaklarynyň sebäbini şeýle düşündirdiler:
“COVID19TM internet sahypasy Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan ýogalanlaryň resmi taýdan yglan edilmeýändigi göz öňünde tutulyp, meýletin döredilen maglumat portalydyr. Bu portal halkymyzyň doly, dogry we öz wagtynda maglumat almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.”
Şeýle-de, saýty döredijiler türkmenistanlylary öz başlan işlerine goşant goşmaga, COVID-19 ýokanjyndan ýogalan şahs ýa şahslar barada maglumatlary bar bolsa, olary paýlaşmaga çagyrýarlar. Munuň üçin saýtda ýörite penjire döredilip, ol “Maglumat iber” diýlip atlandyrylypdyr.
Bu saýt birnäçe ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan gelen türkmenler tarapyndan döredildi diýip, Azatlyga gelen hatda hiç bir at, ýer-ýurt ýa adres görkezilmezden aýdylýar.
Şeýle-de, aýdylmagyna görä, täze saýtyň maksady diňe COVID-19-dan ýogalan adamlaryň hasabyny ýöretmek we ölümleri ynsanperwerleşdirmek, pidalaryň atlaryny aýan etmek bolman, pandemiýa döwründe ýol berlen adalatsyzlygy resmileşdirmegi, döwletiň syýasy keşbini ýa at-abraýyny goramak synanyşygy astynda kömege mätäç adamlara ýeterlik esewan edilmezligi bilen bagly ýagdaýlary aýan etmegi hem öz içine alýar.
Azatlyga iberilen hatda aýdylmagyna görä, “Türkmenistanda COVID-19 görkezijileri” garaşsyz taslama bolup, ony dörediji topar peýdaly maglumatlaryň paýlaşylmagyna, şeýle-de, eger peýdaly tapylsa, öz maglumatlarynyň ýurt içinde we daşynda türkmenlere ýetirilmegine kömek etmäge çagyrýar.
Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 çemesi adam ölýär
Biz bu işe dahylly ähli guramalara we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenip, uly bolmadyk, ýöne örän çylşyrymly tampçanyň, belki-de, esasy bölegini çözmekde hyzmatdaşlyga çagyrýarys diýip, dörediji topar türkmen hökümetiniň maglumatlary ýaşyryp saklaýandygy barada aýdylýanlary nazara alyp ýazýar.
Azatlygyň habarçylarynyň ýurt içinden berýän maglumatlaryna görä, paýtagtda her maşgalada diýen ýaly syrkaw ýa-da ölen adamlar bar, gonamçylyklarda gabyr gazýanlar durman diýen ýaly işleýär we meýithanalar ölenleriň jesetlerini plastik örtgülere dolap berýär.
Ýurtda hiç bir COVID-19 näsagynyň hasaba alynmandygyny aýdan hökümet garaşsyz neşirlerde çykýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.
Ýurtdaky problemalar barada maglumat bermekden saklanýan döwlet mediasy keselçilik ýagdaýyny agzamazdan, esasy ünsüni häzirki wagtda dynç alýan prezidentiň wagt geçirişini, balyk tutuşyny ýa alabaý iti bilen ylgawa çykyşyny görkezmäge gönükdirýär.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.