Aşgabatda soňky gije-gündizde azyndan 6 adam COVID-19 alamatly keselden ýogaldy, gonamçylykda ýüzlerçe täze mazar döredi

Türkmenistanyň medisina edarasynda, "Altyn Asyr" döwlet telekanalynyň reportažyndan pursat, 13-nji iýul, 2020.

Soňky gije-gündizde Azatlygyň habarçylaryna Aşgabatda COVID-19 alamatly keselden ölen azyndan 6 adama degişli ýagdaýlaryň jikme-jikleri mälim boldy. Bu wagtda paýtagtyň gonamçylyklarynda yzygiderli jaýlanyş çäreleri, ýüzlerçe awtoulag we köp sanly täze mazarlary görmek bolýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler.

Azatlygyň habarçylary soňky 24 sagatda Aşgabatda COVID-19 alamatly keselden ýogalanlar barada şeýle gürrüň berdiler:

- Köşide bir maşgalada üç adam öldi. Kakasy, ejesi we ogly.

- 1973-nji ýylda doglan adam öldi, eýýäm jaýlandy.
Onuň aýal jigisi, öňki "Polimeks" binasyndaky karantinde agyr ýagdaýda ýerleşdirildi.

- Bir garyndaşymyz düýn Öwez bilen telefonda gürleşendigini, onuň gaty üsgürýändigini aýtdy. Ol oňa "özüňe gowy seret" diýip, tabşyryp, hoşlaşypdyr. Şondan soň ol gije öldi.

- Ýadyňyzda bolsa, 28 ýaşly bir gyz Köşide öldi, şu gün şol gyzyň ejesi hem ýogaldy.

Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň we çeşmeleriniň gizlinlik şertlerini saklamak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksada bilen ýogalan adamlaryň atlaryny we ölüm ýagdaýlarynyň jikme-jiklerini agzamakdan saklanýar.

Soňky günlerde Aşgabadyň etegindäki gonamçylyklarda ýene ýüzlerçe täze mazar peýda boldy.

Degişli maglumat Marynyň karantinlerinde lukmanlar dermansyz işleýärler, Aşgabatda saglyk işgärleri 15 günlük karantine ugradylýar

Ýurduň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri möwç alan ýiti pnewmoniýanyň hem-de giňden ýaýran koronawirus häsiýetli alamatlar bilen geçýän keseliň ýaýramagyny görmezlige salmagyny dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň saglyk işgärleri keseliň we ölümiň ýokarlanmagynyň sebäbini düşündirmeýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, hassalaryň we ölýänleriň köpdügine garamazdan, lukmanlara ýüz tutulan halatynda hassalaryň ýagdaýyna we geçirilen barlaglaryň netijelerine degişli resmi maglumatlar olaryň özlerine we garyndaşlaryna berilmeýär. Lukmanlara koronawirus hakda gürlemek gadagan edilýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyz ýaşaýjylaryň arasyndaky keselçilik barada yzygiderli maglumat berýärler.

"Ýaňy garyndaşym jaň etdi, kardiolog lukmany gaty agyr ýagdaýda emeli dem alyş enjamyna bagly bolup ýatyr" diýip, habarçymyz 23-nji iýulda aýtdy.

Keselleýänleriň sany Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde-de gitdigiçe köpelýär.

Lebap welaýatynda Türkmenabatdaky hassahanalar boş ýerleriň ýoklugy sebäpli näsaglary kabul etmegini bes edýärler.

"Şonuň üçin düýn Ak bazar diýilýän bir ýerde çägelikde bazary boşatdylar. Söwdagärleriň hemmesi harytlaryny alyp gitmäge mejbur boldular. Indi bazar uruş döwründäki bir meýdany ýatladýar, şony hassahana hökmünde ulanylmaga taýýarlanylýar. Bazar 2014-nji ýylda açylypdy. Köp adam kesel bolýar, köp adam ölýär. Dükanlar palatalar hökmünde ulanylar "- diýip, Türkmenabatdaky ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ýerli habarçylarymyzyň sözlerine görä, Türkmenabatdaky karantine daşary ýurtlarda bolup gaýdan harbylaryň ýerleşdirilmegi dowam etdirilýär.

"Düýn 14 harby Moskwadan uçup geldi, olar ýokanç keseller keselhanasynyň golaýyndaky karantin lagerine ýerleşdirildi. Olar okuw üçin Orsýetde bolupdy" - diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy 23-nji iýulda habar berdi.

Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 ç​​​​​​​emesi adam ​​​​​​​ölýär

Lebabyň ýerli hassahanalarynda we karantin zolaklarynda derman ýetmezçiligi we ýaramaz şertler dowam edýär. Lebapdaky ýene bir habarçymyzyň 23-nji iýulda habar bermegine görä, Köpugurly hassahanada lukmanlar nägile olar işlemek üçin maskalary, ellikleri öz hasabyna satyn alyp ulanmaly bolýarlar, olaryň azyk üpjünçiligi hem öz hasabyna.

Mary welaýatyndaky keselhanalar hem hassalaryň köpdügi sebäpli agyr şertlerde işleýärler, lukmanlar kesel bolýarlar.

"Murgap ýokanç keseller hassahanasynda 13 sany agyr näsag bar, olaryň biri bu hassahanadaky ýokanç keselleri bejeriş bölüminiň müdiri. Häzir ol dem alyş enjamlaryna çatyldy. Ol komada. Häzir keselhana ýapyldy, hiç kimi kabul etmeýär. Türkmengala etrabyndan bir şepagat uýasy öldi. Ol 55 ýaşyndady" - diýip, Azatlygyň habarçysy 23-nji iýulda habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda lukmanlar keselleýär, keselhanalar hassadan hyryn-dykyn. Resmi taýdan COVID-19 henizem ýok diýilýar

Balkan welaýatynda keselçilik köpelýär we ilatyň arasynda howsala döreýär.

"Günbatarda ýagdaý agyrlaşýar. Birnäçe gün ozal Türkmenbaşyda hemme zat asudady indi howsala döreýär. Gyzylarbatda (häzirki Serdarda) köp sanly kesellänleriň bardygy aýdylýar" diýip, habarçymyz welaýatyň uly bolmadyk ýaşaýyş nokatlarynda günde birnäçe adamyň ölýändigini, ilatyň arasynda aljyraňňylygyň artýandygyny, adamlar sosial aralygy berk saklamaýandygyny belledi.

"Her kim pata barýar, kesel ýokaşýar, olara hiç kim duýduryş bermeýär we gadagan etmeýär" - diýip habarçymyz 23-nji iýulda habar berdi.

Habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, paýtagtda we welaýatlarda koronawirusyň bardygy testleriň netijesinde tassyklanan adamlaryň arasynda resmiler hem bar.

Lebapdaky habarçymyz 18-nji iýulda ýogalan Farabyň häkimi Hasan Metkuliýew bilen aragatnaşykda bolanlaryň hemmesiniň karantine salnandygyny 23-nji iýulda habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hökümet çeşmelerine salgylanyp, häzir Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekilleriniň koronawirusy bejermek meselesinde rus lukmanlary bilen geňeşýändigini habar berdi: "Şeýle geňeşmeler distansion aragatnaşyk, telefon we wideo konferensiýa arkaly geçirilýär. Ozal beýle däldi ýa-da gizlenýärdi, indi aýan edilýär".

Ýurtda koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan soňky döwürde ilatyň köpçülige çykmak mümkinçiliklerini çäklendirdi, bazarlaryň we söwda merkezleriniň, hyzmat we güýmenje pudagyndaky kärhanalaryň, sport desgalarynyň we naharhana kärhanalarynyň işini bes etdi.

Degişli maglumat Türkmen hökümeti sosial aralygy saklamak çäresini äsgermeýär, prezident özüni we ýakynlaryny COVID-19-dan goramak üçin çäre görýär

Bu ýagdaýda hökümetiň ýurtda bu keseliň bardygyny resmi taýdan ykrar etmezligi, ilatyň arasynda howsala we nägilelik döredýär.

"Türkmenistanyň ilaty türkmen häkimiýetleriniň mekirliginden gaharlanýarlar. Häkimiýetler howada tozan bölejikleri bolany üçin maskalaryň geýilýändigini öňe sürýär. Onda iki metrlik aralygy saklamak talaby näme" -diýip, habarçymyz belleýär.

21-nji iýuldan başlap, ýerli mobil aragatnaşyk operatorlarynyň müşderilerine "howanyň adam bedenine ýakymsyz täsirleriniň öňüni almak üçin agzyny we burnuny ýapýan maskalary geýmegiň zerurlygy" günde duýdurylýar.

Mundan öň Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi raýatlary özlerini gowy duýmasa, lukmana ýüz tutmaga çagyrdy we bu keseliň sebäbini "howadaky tozan bölejikleriniň köp bolmagy" bilen düşündirdi.

Köçelerde maska geýmek talaby 6-njy maýda girizildi, soňra fiziki aralygy saklamak talaby peýda boldy.

23-nji iýulda paýtagtyň bazarlarynda alyjylardan öz arasynda 2 metr aralygy saklamagy talap edýän bildirişler peýda boldy.

Türkmen görnüşleri - 28-nji hepde

Rus dilinde hem okaň

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.