Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda saglyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda hassalaryň sany köpelýär, keselhanalarda hassalar köp. Ölenleriň sany artýar, arasynda resmilerem bar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hassalar COVID-19 üçin synag edilýär we köplenç synaglar koronawirusyň bardygyny tassyklaýar. COVID-19 wirusyna mahsus keseliň ýaýramagyna garamazdan, ýurduň häkimiýetleri bu keseliň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.
18-nji iýulda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýew pnewmoniýadan aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi şenbe güni habar berdi. 20-nji iýulda turkmen.news neşiriniň çeşmesi hem bu maglumaty tassyklady.
Metgulyýew ençeme gün bäri Türkmenabadyň hassahanasynda bejergi alýardy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri şu günler synaglaryň netijesinde koronawirus keseli tassyklanýan hassalar barada günde habar berýärler.
"Welaýat onkolog-hirurgynyň koronawirus üçin synagy oňyn netije berdi, welaýatyň saglygy saklaýyş bölüminiň iki işgärinde hem bu kesel tassyklandy. Keselhanalarda adam köp" diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky saglygy saklaýyş edarasyndaky çeşmesi 21-nji iýulda aýtdy.
Degişli maglumat Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýew pnewmoniýadan aradan çykdy
Şol gün Türkmenabatdaky habarçymyz köpugurly hassahananyň koronawirus keseli bilen kesellänler üçin doly berlendigini aýtdy: “Köp dersli hassahanada adam köpeldi. Ozal bir blok karantin astyndady, indi tutuş klinika ýapyldy. 700-e golaý ýer doldy, täze hassalary ýatyrar ýaly ýer ýok. Ýokanç keseller bölüminde 200-den gowrak ýer bar we hemmesi adamdan doldy" diýip, habarçymyz aýtdy
Paýtagtyň hassahanalary hem hassalaryň köpelmegi sebäpden kynçylyk çekýärler.
"G. Burunow köçesiniň ugrundaky Aşgabadyň çagalar hassahanasynda hem COVID alamatlary bolan hassalar ýerleşdirilip başlandy. Keselhanada eýýäm köp adam bar. Hemmelere pnewmoniýa diagnozy goýulýar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 21-nji iýulda aýtdy.
Paýtagtda ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, keseliň ýaýramagy sebäpli hususy klinikalar hassalary kabul etmegi bes edipdir we lukmanlar dynç alyşa iberilipdir: "Her ikinji maşgalada näsag adamlar bar. Hususy klinikalaryň lukmanlary dynç aldylar. Perinatal merkez kabul etmeýär. Düýn bir göwreli aýal keselledi, nirä barjagyny bilenokdy, hemme ýer ýapyk boldy" diýip, habarçymyz aýtdy.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda keseliň ýaýramagynyň, hökümetiň bolsa ýurtda koronawirusyň hem pnewmoniýanyň bardygyny resmi taýdan inkär etmegi bilen bir wagtda berk çäklendirmeleri girizmegi sebäpli ilatyň arasynda aladalaryň artýandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Dümew, pnewmoniýa, COVID-19? Keseliň ýaýramagy we BSG-niň Türkmenistana ynsanperwer kömegi"Etrapçamyzda adamlar maskaly ýöreýärler, 11-nji etrapçada bolsa köpüsi maskasyz we polisiýa maşynly aýlanyp, gaty ses bilen maska geýmegi haýyş edýärler, jerime-de salmaýarlar, bu biziň üçin görülip-eşidilmedik ýagdaý. Adamlar biri-birine jaň edýärler we ýene-de täze kesellänler barada gürrüň berýär" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.
2020-nji ýylyň 21-nji iýulyndan 1-nji awgustyna çenli iri söwda merkezleri we bazarlar işini togtatarlar. Orient ýarymresmi neşiriň habaryna görä, bu desgalar sanitariýa we dezinfeksiýa işleri üçin ýapylar.
Şeýle hem bu döwürde edaralar we hyzmat kärhanalary ýapylar: kinoteatrlar, teatrlar, seýilgähler, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, dellekhanalar, hammamlar, gury arassalaýjy we tikinçilik kärhanalary işlemez. Sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), gysga möhletli tölegli kurslar we oýun merkezleri wagtlaýyn ýapylar. Sişenbe gününden aýyň ahyryna çenli naharhana kärhanalary - restoran, kafe, bar, naharhana we çaýhanalar işlemez. Şol bir wagtyň özünde, naharhana kärhanalary sargyt edilen tagamlary ilata eltip biler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümetçi metbugaty ministrlikleriň, bölümleriň, şeýle hem edaralaryň we kärhanalaryň eýeçilik görnüşine garamazdan, işgärleri zähmet rugsadyna ibermegiň maslahat berilýändigini habar berdi.
“Orient” neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanda bu çäklendirmeler ýokanç keselleriň öňüni almak üçin girizilýär. Hususan-da, köp adamly ýerlerde adamlar indi 2 metr aralygy saklamaly bolarlar.
Ýurtda koronawirus keseliniň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistan şu wagta çenli sosial aralygy saklamak çäresini berjaý etmedi, öz ilatyna maska geýmegi gadagan etdi.
Indi maska geýmek hökmany hasaplanýar we Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şu günler käbir döwlet edaralarynda adamlar maskalary çişirilen bahadan satyn almaga mejbur bolýarlar.
Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 çemesi adam ölýär
21-nji iýulda Azatlygyň habarçylary käbir býujet guramalarynyň medisina maskalaryndan söwda gurnandygyny we işgärleriň 15 manat bahasy bilen birnäçe maska satyn almaga mejbur edilýändigini habar berdiler: "Türkmenistana ynsanperwer kömegi bilen daşary ýurtdan gelen medisina maskalary býujet guramalarynyň işgärlerine her biri 15 manatdan satylyp başlandy. Her bir döwlet işgäri 10 maska satyn almaga borçly. Farapda ýerli lukmançylyk edaralarynyň işgärleri iki jübüt äýnek hem satyn almaly edildi. Bu maskalar we äýnekler daşary ýurt önümleri. Olar ýerli dermanhanalarda ýok "- diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy 21-nji iýulda habar berdi.
Birnäçe gün ozal Bütindünýä saglyk guramasynyň resmi toparynyň Türkmenistana eden saparyndan soň, ýurduň COVID-19 garşy göreşmegi üçin BSG-niň ynsanperwer kömegi gelip başlady. Takmynan 430 müň amerikan dollaryna barabar bu ýük, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň haýyşy boýunça 320 müň lukmançylyk maskasyny, on müňlerçe respiratory, ýüz galkanlaryny, äýnekleri we halatlary öz içine alýar.
"Orient" ýarymresmi neşiri bu zatlaryň hemmesiniň "howply infeksiýadan goranmak zerurlygy ýüze çykan halatynda türkmen lukmanlaryna paýlanjakdygyny" habar beripdi.
Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan Türkmenistana koronawirus eýýäm bar ýaly hereket etmegi maslahat berdiler.
BMG-niň habar websaýtynda çap bolan maglumatda BSG Türkmenistandan "jemgyýetçilik saglygy pudagynda tebigatyna ýa-da çeşmesine garamazdan, ýüze çykýan garaşylmadyk ýa-da adaty bolmadyk wakalar barada habar bermegine garaşýandygy bellendi.
Degişli maglumat Türkmenistanda COVID-19 garşy näme ulanýarlar?Şu wagt Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi ýurduň raýatlaryny hassalygyň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda öz-özüni bejermän lukmanlara ýüz tutumaga çagyrdy.
Mundan öň ýurduň hut ýolbaşçylary we döwlet habar beriş serişdeleri halk usullaryny ulanmagy wagyz edipdi. Prezidentiň teklibi bilen üzärlik tüketmek koronawirusa garşy göreşmegiň esasy usulydy. Birnäçe aý bäri jemgyýetçilik ýerleri, döwlet edaralary, bilim edaralary, bazarlar, köçeler we gonamçylyklar üzärlik bilen tütedildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky çykyşlarynda ilata üzärlilkden başga-da ot-çöpleri ulanmagy we burçlu unaş iýmegi maslahat berdi.
Mundan başga-da, öz çäginde koronawirusyň we pnewmoniýanyň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistan, beýleki döwletlere COVID-19 garşy göreşde kömek we tejribe hödürleýär.
Merkezi Aziýanyň “News-Asia” maglumat portalynyň habaryna görä, indi Türkmenistan Gyrgyzystana koronawirusa garşy göreşde kömek eder. Türkmenleriň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekowyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde döwletleriň sebitdäki pandemiýa garşy göreşmek boýunça utgaşdyrylan çäreler barada ylalaşandyklary aýdylýar.
Degişli maglumat Traktorlar, otlar, arak, saunalar? Käbir ýolbaşçylar COVID-19-dan goranmak üçin geň, peýdasyz maslahatlary berýärler
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.