Türkmenistanda lukmanlar keselleýär, keselhanalar hassadan hyryn-dykyn. Resmi taýdan COVID-19 henizem ýok diýilýar
Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda saglyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda hassalaryň sany köpelýär, keselhanalarda hassalar köp. Ölenleriň sany artýar, arasynda resmilerem bar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hassalar COVID-19 üçin synag edilýär we köplenç synaglar koronawirusyň bardygyny tassyklaýar. COVID-19 wirusyna mahsus keseliň ýaýramagyna garamazdan, ýurduň häkimiýetleri bu keseliň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.