Türkmenabatlylar elektrik togunyň ‘dowamly’ kesilmeginden ‘dat’ edýär

Ýerli hünärmen käbir transformatorlara 30 ýyldan hem köp wagtyň bolandygyny aýtdy.

Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurduň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly eýýäm ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýän we tok üpjünçiliginiň kadasyzlyk kadasyna öwrülen ýetmezçiligi gaýtalanyp başlaýar.

Lebapda howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan şu günlerde ýaşaýjylar, şol sanda söwdegärler we edara-kärhanalar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmeginden we onuň kuwwadynyň pesliginden ejir çekýärler.

“Türkmenabatda günüň dowamynda 11:00-den tä 17:00-a çenli tok berilmeýär. Jokrama yssyda kondisionerler, sowadyjylar işlemeýär, azyk önümlerini saklamak kynlaşýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran sebitdäki habarçylarymyzyň biri 21-nji iýulda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky betbagtçylyga gynanýar, öz halkynyň görgülerini ‘görmeýär’

Onuň sözüne görä, elektrik togy kesilende adamlara hiç bir düşündiriş ýa maglumat berilmeýär, eger adamlar jandurmazlyk edip ýüz tutsalar, olara “pylan ýerde awariýa boldy, simleri bejerýäris” diýip, başdansowma jogap berýärler. Käte ‘tok bir sagatdan, iki sagatdan berler’ diýýärler, emma köplenç adamlar toga has köp garaşmaly bolýarlar.

Şol bir wagtda türkmenabatlylar berilýän toguň kuwwadynyň hem göz öňünde tutulan 220 wattdan pesdigini aýdýarlar. Munuň netijesinde, ilat holodilnik, sowadyjy, telewizor... ýaly öý hojalyk abzallaryny hem kadaly işledip bilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar bu sebäpli elektrik enjamlarynyň ýanyp, bozulýandygy baradaky arz-şikaýatlarynyň hem netijesiz galýandygyndan zeýrenýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň biri toguň ýygy-ýygydan kesilmeginiň, kuwwadynyň pes bolmagynyň sebäbini şäheriň könelip, sandan çykan elektrik transformatorlary bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, şäheriň aglaba sebitlerindäki – entek sowet döwründe gurlan – transformatorlar könelip, bu günki günüň talaplaryny ödärden has ejiz gelýär. Ol käbir transformatorlara 30 ýyldan hem köp wagtyň bolandygyny sözüne goşdy.

Mundan başga-da, ýerli hünärmen elektrik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn bazasynyň gowşakdygyny, hatda predohranitelleriň hem ýokdugyny, oňa derek adaty alýumin simleri dolamaga mejbur bolýandyklaryny aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda çäkli suw hasam çäklendirildi

Azatlyk Radiosy tomus aýlarynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde günüň dowamynda elektrik togunyň üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlary ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurduň regionlarynda gaz, elektrik, suw üpjünçiligi ulgamlarynda soňky ýigrimi ýylda köp problemanyň toplanandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň ilatynyň elektrik togunyň kadasyz üpjünçiliginden kösenýän mahaly, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara iberilýän elektrik togunyň eksport kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny habar berýär.

Galyberse-de, türkmen metbugatynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, problemalary barada kän zat aýdylmaýar. Muňa derek, Ministrler kabinetiniň mejlislerinde prezidentiň şäher, etrap we oba ýerlerini abadanlaşdyrmak baradaky programmasynyň çäginde işleriň alnyp barylýandygy, adamlaryň 'döwlet baştutanynyň adamlar üçin döreden şertlerinden hoşaldygy' her gün onlarça gezek ýanjalyp habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.