Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan we Azerbaýjan bilen bilelikde türkmen gaz akymyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek boýunça gepleşik geçirdi diýip, “Trend” neşiri ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.
ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda Energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek jarnamasy energiýa syýasaty, üstaşyr ýollaryň diwersifikasiýasy, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda maglumat alyş-çalşygyna esas döredýär diýip, ÝB delegasiýasy aýtdy.
Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň 7-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň şol wagtky daşary syýasat başlygy Federika Mogherini Aşgabada sapar edip, ÝB-niň Türkmenistanda wekilhana açmagy barada türkmen resmileri bilen ylalaşyga gol çekdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 26-njy iýunda çap eden resmi beýanatyna görä, “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň geçen aý geçiren soňky mejlisinde Türkmenistan taraplaryň arasynda 2008-nji ýylda gol çekilen Energiýa pudagynda özara düşünişmek memorandumyna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklip öňe sürdi.
Bileleşigiň resmileri mundan ozal hem Transhazar gaz geçirijisini durmuşa geçirmek we türkmen gazyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek boýunça teklip bilen çykyş edip geldi.
Degişli maglumat Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana Günorta gaz koridoryna goşulmagy teklip edýärBileleşigiň býujet we adam resurslary boýunça şol wagtky komissary Günter Öttinger 2019-njy ýylyň fewralynda Bakuda geçirilen energiýa maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistana Azerbaýjanyň üstünden Günorta gaz koridoryna goşulmagy teklip etdi.
Şol ýylyň maýynda ÝB-niň Azerbaýjandaky wekilhanasynyň başlygy Kestutis Jankauskas Azerbaýjan metbugatynda eden çykyşynda Türkmenistany Günorta gaz koridoryna goşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.
Günorta gaz koridory Ýewrokomissiýanyň başlangyjy bolup, onuň üsti bilen Hazar sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň gazyny Ýewropa daşamak göz öňünde tutulýar.
Azerbaýjandan Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan Günorta gaz koridorynyň häzirki taslamasy Günorta Kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar.
Degişli maglumat ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýärTürkmenistany Günorta gaz koridoryna goşmak teklibi bilen Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny gurluşygy göz öňünde tutulýan Transhazar gaz geçirijisiniň üsti bilen import etmegi teklip edýär.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewroparlament hem-de Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna salgylanyp, bu dokumenti ratifikasiýa etmän gelýär.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen 18-nji iýunda geçiren soňky adam hukuklary dialogynda hem kanunyň hökmürowanlygynyň hem-de adam hukuklarynyň ähmiýetini nygtady.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan häzirki wagtda öz gazyny diňe Hytaýa we Russiýa eksport edýär.
Hökümet resmileri media çykyşlarynda özleriniň Transhazar we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijileri ýaly iri transmilli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandyklaryny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.