'Nyýazow' keselhanasynda hassalar koridorda ýatýar, täze karantin zolaklaryna işgär alynýar

Dermanhananyň öňündäki nobat, Aşgabat, 10-njy iýul, 2020

Aşgabadyň keselhanalary hassalardan hyryn-dykyn. Lukmanlar 20 sagatlap işleýärler, tiz kömek ulaglary ýetişiksiz günde. Ölen adamlar barada maglumat köpelýär. Hassalaryň köpüsinde gyzzyrma, dem gysmak ýaly meňzeş simptomlar bar. Käbir ýagdaýlarda näsaglara pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri gürrüň berýärler. Türkmen hökümetiniň resmi beýanatlarynda ýurtda COVID-19 ýok diýilýär, resmi habarlarda ýurtda möwç alan pnewmoniýa keseli hem agzalmaýar.

"Düýn tiz kömege jaň köp boldy, 100 jaň. Käbir adamyň gyzgyny göterildi, 50 töweregi adam ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirildi. Bu bir günde boldy" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz tiz kömek stansiýasynyň işgärlerine salgylanyp 10-njy iýulda habar berdi.

Mundan başga-da, soňky günde öýken keseli bilen kesellänleriň arasynda ölenleriň ençemesi barada habar gelip gowuşýar. Emma bu barada resmi çeşmelerden maglumat alyp bolmaýar.

"Şu gün öýken keselinden ölen 34 ýaşly bir ýaş adam jaýlandy. Üç çagaly maşgalasy Türkmenbaşy şaýolunda ýaşaýar. Ol öýünde syrkawlap ýatdy, ýagdaýy erbetleşensoň hassahana äkidildi we ýogaldy. Köp sanly tanyşy jynaza gelmekden gorkýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 10-njy iýulda aýtdy.

Azatlygyň başga bir habarçysy COVID-19 häsiýetli alamatlar bilen keselläp, ýogalan ýene birnäçe adam barada gürrüň berdi: “Düýn Bagtyýarlyk etrabynda Köşide alty adam öldi. 28 ýaşly bir gyz, mugallymçylyk mekdebiniň okuwçysy, Magtymkuli köçesinden 70 ýaşly bir garry adam, bir gartaşan zenan we ýene bir erkek adam".

Azatlyk Radiosy, çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny saklamak üçin bu ýagdaýlar bilen baglanyşykly atlary we käbir maglumatlary aýan etmeýär.

Degişli maglumat BSG-niň wekillerine Türkmenabadyň keselhanalary görkezildi, Aşgabatda öýken çişmesi köpelýär

Habarçylarymyzyň maglumataryna görä, Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 alamatlary bolan näsaglar köpelýär. Hususan-da, Saparmurad Niýazow adyndaky keselhanada hassalar koridorlara ýerleşdirilýär, lukmanlar 20 sagatlap işleýärler.

"Niýazow keselhanasynda henizem ýagdaý gyzgalaňly. Lukmanlar 20 sagatlap işleýär. Lukmançylyk işgärleriniň arasynda kesel ýokaşan adamlar köp. Reanimasiýada hassa kän. Ölüm ýagdaýlary hem köp" -diýip, habarçymyz saglyk işgärlerine salgylanyp 10-njy iýulda habar berdi. Onuň sözlerine görä, lukmanlara we şepagat uýalaryna dynç alyşa gitmek we keselhanada bolýan ýagdaýlar barada gürrüň etmek gadagan edilipdir.

Soňky wagtda Aşgabatda koronawirusyň alamatlary bolan näsaglar üçin ýokanç keseller hassahanasyndan başga hassahanalar hem taýýarlandy. Mundan başga-da, käbir paýtagt ofisleri karantin zolaklaryna öwrüldi.

Azatlygyň çeşmeleri, häzirki wagtda döwlet işgärleriniň arasynda karantin zolaklarynda işlemek üçin işgär alýandyklaryny habar berýär.

"Aýallar, "Polimeksiň" öňki ammarlarynda we binalarynda ýerleşýän karantin zonasynda işlemek üçin işe alnyp başlandy. Aýallar sanitarka bolup işlemek işine çeklýär, bize-de teklip etdiler, aýlygy 1000 manada çenli" - diýip Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 10-njy iýulda Azatlyga gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türk diplomaty Aşgabadyň hassahanasynda pnewmoniýadan aradan çykdy. Türkmen paýtagtynda maska gytçylygy emele geldi

Türkiýäniň "Polimeks" kompaniýasynyň öňki ofislerinde ýerleşýän kantin zonasy barada Azatlygyň habarçysy 6-njy iýulda gürrüň beripdi: "Aşgabatda POLIMEX ofisi bar, CNPC-iň gapdalynda ýerleşýär, indi ol türkmen Alabaý jemgyýetiniň binasy. Onuň aýlanyp geçýän ýolyň gaplynda ullakan ammarlary bar, şony koronawirusly adamlar üçin karantine öwrüldiler. Ýokanç keseller hassahanasyna kesellileriň sygmaýandygy sebäpli şol ýerde koronawirusly hassalar üçin wagtlaýyn ýer döretdiler".

Ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu çäreler barada resmi taýdan habar bermeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus temasyny gozgamaýar.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatda COVID-19 anyklaýyş hyzmatyny resmi taýdan üpjün edýän edara işleýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda 9-njy iýulda çap edilen maglumata görä, COVID-19 synaglary Aşgabatda, Gerogly köçesiniň 84-nji jaýynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkeziniň binasynda geçirilýär. Synagyň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin 100 manat, daşary ýurt raýatlary üçin 43 amerikan dollaryna durýar.

Bu aralykda soňky birnäçe gün bäri Türkmenistanda maska dakynmak boýunça görlüp-eşidilmedik çäreler görülýär. Jemgyýetçilik we transport ulgamlarynyň işgärleri bilen birlikde ilatyň arasynda hem maskalaryň dakylmagy üçin giň gerimli kampaniýa alnyp barylýar.

Döwlet telewideniýesinde maskalaryň geýilmegini wagyz edýän aýdym-sazly çykyşlar peýda boldy. Şeýle wideolaryň birini 9-njy iýulda turkmen.news neşri öz Facebook sahypasynda çap etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurtda maska geýmek talaplary güýçlenýär.

"Türkmenistanda maskalary bolmadyk adamlara bazarlara, söwda merkezlerine, demirýol we awtobus stansiýalaryna, şeýle hem uçarlara girmäge rugsat berilmeýär. Düzgünler 10-njy iýulda doly güýje girdi. Duşenbe gününden maskasyz adamlara 50-den 100 manata çenli jerime salynar" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýerli sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärlerine hem polisiýa wekillerine salgylanyp, 10-njy iýulda aýtdy.

Türkmenabatda elde satylýan maskalaryň bahasy 5-10 manada barabar.

Azatlygyň habarçysy ilatyň aglaba böleginiň maddy hal-ýagdaýynyň aşa pesligi sebäpli köpler üçin maska satyn almagyň elýeterli däldigini belleýär: "Dermanhanalarda maskalar ýok. Türkmenabadyň ýaşaýjylarynda 5-10 manatlyk maska satyn almaga mümkinçilik ýok. Köpüsiniň hatda çörege-de puly ýok".

Degişli maglumat Türkmenistan halkara saglyk wekilleriniň gelmegine taýýarlanyp, COVID-19 garşy öň etmedik çärelerini görýär

Aşgabatda-da dermanhanalaryň ählisinde maska tapdyrmaýar. Bu wagt köp adamlaryň üýşýän ýerlerinde, esasanam bankomatlaryň öňündäki nobatlarda maskaly adamlar henizem köp däl.

"Bankomatlaryň öňünde 150 töweregi adam dur, maskasyz" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy iýulda habar berdi.

Türkmenistanda maska geýmek çäresiniň we ýetmezçilikleriň fonunda ýurduň kärhanalary maska öndürip başlady. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Gypjakda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki jynsy öndürýän kärhana indi maska tikip başlapdyr. Zawod işgärlerine şenbe we ýekşenbe günlerinde doly iş güni hökmünde işlemek tabşyrylypdyr.

Häzir Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) COVID-19 boýunça missiýasy Türkmenistana sapar edýär. Onuň ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýy aýdyňlaşdyrmagyna garaşylýar.

BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleri häzirki wagtda resmi kommentariý bermeýärler. Olaryň bu saparynyň netijeleri boýunça 14-nji iýulda metbugat ýygnagyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň habarçylary halkara bilermenlerine Türkmenistanda diňe käbir hassahanalaryň görkezilýändigini aýdýarlar. Hususan-da, 8-nji iýulda Türkmenabatda BSG-niň wekilleriniň baryp gören şäher hassahanalarynda we keselhana bölümlerinde COVID-19 bilen kesellän hassalar öňünden başga ýere geçirilipdir.

Degişli maglumat BSG-niň bilermenleri Türkmenistana sapar edýär, ýurt keselhanalarynda COVID-19 hassalary köpelýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.