Lebapda edara-kä​rhanalardan pul ýygnamak işleri MHM-niň jogapkärçiligine berildi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýä​n maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, Lebap welaýatyndaky ençeme edara-kä​rhanadan nagt puly ýygnamak işleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň jogapkärçiligine berildi.

"Lebabyň tas ähli ýangyç guýýan beketlerinde, döwlet dükanlarynda, çörek bişirýän kärhanalarynda we metjitlerde pul salynýan gutularyň jogapkärçiligine indi MHM-niň işgärleri seredýär. Olar edil şol pullaryň garawuly ýaly iş wagtynda şol edaralarda oturýarlar. Bu ýagdaý 20 gün bäri dowam edýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply çeşmämiz ýangyç guýýan beketleriň işgärlerine salgylanyp, 9-njy iýulda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Baýramalyda ilat aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin gijesi bilen bankomatlaryň öňünde garaşýar

Agzalýan işgärler munuň sebäpleriniň welaýatda maliýe ýetmezçiliginiň ýitileşmegi, bankomatlarda nagt pul tapdyrmazlygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Häzirki wagtda bu işi MHM-niň işgärleriniň jogapkärçiligine bermek arkaly bankomatlardaky nagt pul ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksat edinilýär" diýip, ýangyç guýýan bekediň işgäri çeşmämize gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, mundan öň ýangyç guýýan beketleriň, döwlet dükanlarynyň, çörek bişirýän kärhanalaryň we metjitleriň işgärleri üýşen pullary özleri "inkasatora", ýagny bankyň pul gatnadýan işgärlerine tabşyrýardylar.

"MHM-niň işgärleri nagt pul girdeji düşümini bellige alyp, nagt pul 5 müň manada ýetse, özleri inkasatory çagyrýarlar we puly olara gowşurýarlar. Sebäbi olar ýygym kassasyna nagt puluň gelmegi azalandygy üçin indi agzalýan iş ýerleriniň işgärlerine ynanmaýarlar" diýip, ýangyç guýýan bekediň işgäri aýtdy.

Şeýle-de, çeşmämiz welaýatyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýan mahaly, ýangyç guýýan beketleriň we döwlet dükanlarynyň käbiriniň ilata bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bermegi hödürleýändigini hem aýtdy. Ýöne olar bu hyzmat üçin nagtlaşdyrylan puluň azyndan 25%-ni alyp galýarlar.

"Häzir ýangyç guýýan beketlerde we döwlet dükanlarynda kartlardaky 200 manady nagtlaşdyryp bereni üçin 50 manat töleg alyp galýarlar. Farap etrabyndaky käbir dükanlar bu hyzmat üçin 60 manat talap edýärler. Dermanhanalarda terminal söwdasy ýokdugy, ýagny kartlar bilen töläp bolmaýandygy üçin adamlaryň köpüsi nagtlaşdyrylýan puluň 30%-ni hem tölemäge alaçsyz razy bolýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Maryly gallaçy daýhanlar hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kosenýär

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we MHM-niň Türkmenabatdaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy Gypjakda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki "Jeansy" kompleksiniň işgärleriniň aýlyklarynyň 9-njy iýulda bank kartlaryna geçirilendigini, ýöne ony nagtlaşdyrmagyň "uly görgüdigini" habar berýär.

"Şu gün işden soň banklardaky bankomatlaryň her biriniň öňünde 20-den gowrak adam nobata durdy. Ýöne diňe bäş adam kartyndan pul nagtlaşdyryp bildi. Şondan soň bank işgärleri adamlara ertir gelmegi tabşyrdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bu kompleksde tam süpüriji bolup işleýän bir adamyň aýlygy 860 manada barabar bolup, bu dollaryň resmi kursunda $245, "gara bazaryň" nyrhynda $36 deňdir.

Degişli maglumat Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi

"Işgärler ujypsyzja aýlyklarymyzy hem öz wagtynda nagtlaşdyryp bilmeýäris diýip zeýrenýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy bu kompleksiň işgärlerine maska tikmek barada tabşyryk berlendigini, şol sebäpli şu günler olaryň şenbe we ýekşenbe günleri hem doly iş güni tertibinde işlemäge mejbur edilýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosy bu barada agzalýan kompleksden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlygyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki habarçysy hem, 10-njy iýulda bankomatlaryň öňünde 300 çemesi adamyň nobata durandygyny, käte olaryň özaralarynda uruşýandygyny hem habar berdi.

Bu aralykda, ykdysady kynçylyklaryň fonunda umydyny ýitirendigini aýdýan bir aýal maşgalanyň gatnawly köçäniň çatrygynda oturyp, ýoldan gitmekden ýüz öwürýändigini görkezýän wideo Internetde peýda boldy.

"Turkmen.news" neşiri tarapyndan 10-njy iýulda çap edilen wideoda ýaş zenany wideo düşürýän adamyň we polisiýa eşigindaki beýleki bir adamyň ondan köçäniň gyrasyna çykmagy talap edýändigini görse bolýar.

"Näme işlap ýörsü​ň​? Tur ý​eriň​den. Utanaň​okmy? Tur ö​ý​ü​ň​e git. Tur ý​oly boş​at diý​ý​ä​n..." diý​ip, wideo dü​ş​ü​rý​ä​n adam aý​dý​ar.

"Indi utanamok. Ötü​bersinler, [ulaglar] kaksynlar. Doý​dum eý​ý​ä​m..." diý​ip, ý​aş​ zenan jogap berý​ä​r.

Wideoda bu adamlary tanaýan ýaly bolup görünýän ýaş zenan olara Arslan aga we Timura aga diýip ýüzlenip, özüniň durmuşdan halys ýadandygyny aýdýar we işsizlikden, jaýsyzlykdan we pulsyzlykdan şikaýat edýär.

"Hemme zatdan doý​dum eý​ý​ä​m... Iş​ sorap barsaň​, iş​ bermeý​ä​rler. Öý​ sorap barsaň​, ö​ý​ bermeý​ä​rler. Haç​ana ç​enli baş​ganyň​ gapysynda ý​aş​amaly?! Haç​ana çenli 1 manat puluň​, nanyň​ ü​stü​nde urş​up ý​aş​amaly?! Haç​ana ç​enli hö​kü​met bilen ç​ekeleş​meli?!" diý​ip, ý​aş​ zenan aý​dý​ar.

Degişli maglumat Marynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işsizlikden kösenýär. Köp maşgalalar çagalaryň kömek pulunyň hasabyna ýaşaýar

Zenan bir çagasynyň ölendigini, indi bolsa ikinji çagasyny hem ýitirmek bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, onuň iýenini gaýtarýandygyny we gyzzyryp ýatandygyny, ýöne derman almaga elinde bir köpük puluň ýokdugyny belleýär.

Aýal adamsynyň hem-de özüniň işsizdigini aýdanda, adamlar hususy kafelerde we şuňa meňzeş ýerlerde iş tapyp boljakdygyny öňe sürýärler.

Bu aralykda, Timur atly polisiýa eşigindäki adamyň bir ýere jaň edýän we telefonda gürleşýän pursady görünýär. Aýal oňa tarap seredip, "hawa bassynlar, dynaryn..." diýenden soňra wideo tamamlanýar.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri soňky aýlarda bu kynçylyklarynyň ýitileşendigini, munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşýandygyny habar berýärler.