Türkmenistanda, sowet ýyllaryndaky ýaly, daşary ýurtlardan duşman gözlemek, raýatlary gorkuzyp, propaganda-agitasiýa çäreleri bilen ümsüm we tabyn saklamak synanyşyklary erjellik bilen saklanyp galýar, häkimiýetleriň dünýagaraýyşlarynda hiç bir üýtgeşiklik bolmadyga meňzeýär.
Daşary ýurtlarda we sosial ulgamlarda Berdimuhamedowa hem-de onuň hökümetine garşy ýaýbaňlanan halk protestlerinden soň, türkmen häkimiýetleri Birleşen Ştatlara we Türkiýä garşy wagyzlaryny güýçlendirdi, daşary ýurtlardaky garşylyk hereketlerine goşulanlara "dönükler" hökmünde garaljakdygyny duýdurdy.
Türkmenabatda we Daşoguzda çagalary daşary ýurtda okaýan ene-atalary çagyryp, olary gorkuzmaga başladylar. "Eger-de studentler Orsýetde ýa başga ýurtda proteste gatnaşsa, hemmesini türmä basarys diýdiler" diýip, häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolan ene-atalar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň şu gün beren maglumatyna görä, wagyz işleri şu hepde, birinji günden bäri güýçlendi. Şeýle-de, daşary ýurtlardaky protestlerden soň, Farap, Çärjew etraplarynda apreldäki harasatdan ejir çeken hojalyklara döwlet bahasyndan 15 kilogramdan un berildi diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Harasatdan tas iki aý soň: Lebabyň käbir obalaryna günde diňe 2 sagat tok berilýärAzatlygyň ozal habar berşi ýaly, 28-nji iýunda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda we Nýu-Ýork şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat, onuň işden çekilmegine çagyrýan protest çäreleri geçirildi.
Özleriniň hiç bir partiýa dahylly däldigini, ýönekeý raýatlardygyny aýdan protestçiler Türkmenistanda ýyllap dowam edýän haksyzlyklara, açlyk-horluklara we koronawirus aladalaryna halkara jemgyýetiçiliginiň ünsüni çekmäge çalyşdylar.
Koronawirus aladalary, iş ýerleriniň ýapylyp başlanmagy bilen baglylykda, Türkiýede ýasama arakdan zäherlenen onlarça zähmet migrantynyň ölümi, Lebap we Mary welaýatlarynda turan harasatdan ejir çekenlere hökümet goldawynyň berilmezligi daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň soňky 25 ýylda birinji gezek ozal görülmedik derejede aktiwleşmegine alyp geldi.
1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda guralan anti-hökümet protestinden bäri, türkmen prezidentini we hökümetini işden çekilmäge çagyran guramaçylykly halk çäresi geçirilmändi diýip, synçylar belleýär. Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow 12-nji iýulçylary "neşekeşler, arakhorlar we bozgaklar" diýip atlandyrypdy.
Protestçilere garşy wagyz, düşündiriş işleri Lebabyň tas ähli etrabynda alnyp barylýar. Sebitdäki hukuk edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary, häkimleriň medeniýet, bilim bölümleriniň ýolbaşçy işgärleri oba mekdeplerine aýlanyp, adamlary ýygnap, olar bilen ýygnak geçirýärler.
Bu ýygnaklara gatnaşan adamlaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, resmileriň ýygnakda aýdan sözlerini gürrüň berdi.
"Biziň duşmanlarymyz köpelýär, öň ABŞ bize garşy duşmançylyk syýasatyny alyp barýardy, indi türk hökümeti hem biziň raýatlarymyza pul berip, demonstrasiýa çykaryp, Türkmenistany dünýä erbet edip görkezmäge synanyşýar diýdiler" diýip, ol güldi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Adynyň aýdylmazlygyny soran raýatyň sözlerine görä, häkimiýet wekilleri lebaplylardan daşary ýurtlarda ýaşaýan we işleýän garyndaşlaryny "dogry ýola salmagy" hem talap edýärler.
"Eger-de daşary ýurtda ýaşaýan garyndaşyňyz bolsa aýdyň, goý, olar hiç kimi diňlemesin; ahyry bir gün ýurda dolanyp gelmeli bolarlar, ele salsak, erbet ederis, olara haçanam bolsa bir gün jeza garaşýar" diýip, türkmen häkimiýetleri protest çärelerine goşulan adamlaryň haýsy kanuny bozýandygyny anyklaşdyrmazdan, hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda öz pikirini, sözüni aýtmak hukugyny ulanjak bolýan adamlara haýbat atýarlar.
Köýtendag etrabynda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 50 ýaşly mugallym protest çärelerine gatnaşan raýatlaryň garyndaşlaryna hem haýbat atylýandygyny, "olaram işini ýitirer" diýlendigini gürrüň berdi.
Ýerli synçylar türkmen hökümetiniň wagyzlaryny "alaçsyzlyk", döwrüň synaglaryna düýpden taýýarlyksyz adamlaryň ýüz urýan çykalgasy hökmünde seredýärler.
Degişli maglumat Golliwud serialynda “Ýörite maksatly topar” türkmen harbylary bilen türgenleşik geçýär, ýöne toparyň başga-da bir missiýasy bar"Türkmen häkimiýetleri bu hili wagyz çärelerini ilkinji gezek geçirmeýär. Biraz öň Birleşen Ştatlarda öndürilen "Ýerasty altylyk" filmi ekranlara çykandan soň hem, türkmen häkimiýetleri sowet döwründen gelýän daşardan duşman gözlemek alaçsylygyna ýüz urdy" diýip, Azatlyk bilen gürleşen synçy aýtdy.
Mundan başga, Lebapda türk dilinde gürleýän türkmenleri polisiýa çagyryp, indiden beýläk diňe türkmençe gürlejekdigi hakynda dilhaty alýarlar, häzir sebitde öýlerinde hem türkçe gürleşýän maşgala köpelýär diýip, habarçy aýtdy.
Synçylar türk diliniň Türkmenistandaky meşhurlaşmasyny diňe zähmet migrasiýasy, gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagy däl, eýsem türkmen telewideniýesiniň öz tomaşaçylaryny türk teleýaýlymlaryna köpçülikleýin gidermegi bilen hem baglanyşdyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.