Türkmenistanda balyk gadagançylygy onuň "gara bazaryny" emele getirdi. Bahalar "keýgiň şahyna çykdy"

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirus aladalarynyň arasynda balyk söwdasynyň gadagan edilmegi onuň "gara bazarynyň" emele gelmegine getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berýär.

Degişli maglumat COVID-19 we Türkmenistan: Amyderýanyň suwy we balygy gadagan edildi, arassaçylyk serişdeleri üçin pul toplanýar

"Ýurtda derýalardan, kanallardan we deňizden balyk tutmak hem-de olary satmak heniz hem gadagan. Türkmenbaşynyň, Çelekeniň, Türkmenabadyň we Kerkiniň her gün 5 tonna balyk satýan bazarlary heniz hem ýapyk bolmagynda galýar. Bu gadagançylyk gurply adamlar üçin balygyň gizlin, gara bazaryny emele getirdi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 25-nji iýunda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, balygyň gizlin söwdasy Balkanyň Çeleken we Lebabyň Kerki sebitlerindäki daýhan bazarlarynda ýola goýlupdyr.

"Bazarlaryň öňünde ýörite adamlar durup, olar ýuwaşlyk bilen "Balyk gerekmi?" diýip soraýarlar. Bu edil dollaryň "gara bazar" söwdasay ýaly bolup, adamlar "Gerek" diýse, olary ulaglaryna mündirip, çet yerlere alyp gidýarler. Bu ýerde olar diri balygyň her dürli görnüşini hödürleýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, adamlaryň ençeme aý bäri bazarlarda tapdyrmaýan balyga bolan islegleriniň artmagy olaryň bahalarynyň gymmatlap, "keýgiň şahyna çykmagyna" getirdi.

"Çelekendäki balygyň gara bazarynda 1 kilogram kefal 80 manatdan satylýar. Geçen ýyl onuň bahasy 20 manatdy. Bekre balygynyň 1 kilogramy 700-1000 manatdan bahalanýar. geçen tomus 500 manatdan satylýardy. Gara balyk 200 manatdan, selýodka, ýagny takgaz balygy 100 manatdan we leňňeç 200 manatdan satylýar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy Kerkiniň käbir ýaşaýjylaryna salgylanyp, bu ýerde 1 kilogram lakga balygynyň 100-150 manat aralygynda bahalanýandygyny aýtdy. Geçen ýyl bu balyk 50-70 manatdan satylýardy.

Degişli maglumat Moskwada bolan harby paradyň gatnaşyjylary karantine salyndy, türkmen lukmanlary COVID-19 barada açyk gepläp başladylar

"Sazan, ýagny kepir balygynyň 1 kilogramy 100 manatdan, ýylan balygy 80 manatdan we beýleki ýyrtyjy balyklar 150 manatdan bahalanýar. Bu bazarlar köp adama zyýan bolsa, käbir adamlara uly gazanç çeşmesi boldy" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, ýurtdaky balyk gadagançylygy sygyr, goýun we geçi ýaly mal etiniň bahasynyň hem gymmatlamagyna getirdi.

"Häzir balyk bolmany üçin hemmeler mal etini iýýär. Bu ýagdaý mal etiniň gytalmagyna hem-de gymmatlamagyna getirdi. Häzir mal etiniň döwlet bahasy 18-25 manat, ýöne bu baha et alyp bolmaýar. Sebäbi häzir çylka et 58 manatdan, malyň bonfile bölegi 85 manatdan, goýun we düýe eti 38-45 manatdan bahalanýar" diýip, ol belledi.

Habarçy türkmen hökümetiniň "koronawirus balykdan ýokuşýar" diýen şübhesi esasynda ýurtda balyk tutmagyň we satmagyň gadagan edilendigini aýdýar. Türkmen häkimiýetleri bu aýdylanlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärlar.

Geçen aýlarda Azatlygyň Balkandaky habarçylary welaýatda deňizden balyk tutmagyň we satmagyň gadagan edilendigini, balyk bazarlarynyň gapylaryna aprel aýyndan bäri gulp asylandygyny habar beripdiler.

Aprel aýynda bolsa, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Amyderýanyň suwuny ulanmagy we balygyny tutmagy gadagan etdiler. Şeýle-de, ýerli balykçylar tutulyp, olaryň balygy we gurallary ellerinden alyndy.

Koronawirusyň balykdan adama ýokuşýandygyny tassyklaýan ylmy iş ya-da subutnama häzirlikçe göze ilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.