Türkmenistanyň harbylary 24-nji iýunda Moskwada geçirlen harby parada baryp gaýdansoň, iki hepdelik karantine salyndy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň saglyk edaralaryndaky çeşmeleri olaryň Türkmenabadyň şäher hassahanasynda ýerleşdirilendigini aýdýarlar.
Mukaddes Ruhnama köçesinde ýerleşýän bu hassahana weteranlara we maýyplara hyzmat edýär.
Azatlyk karantine salnan bu harby işgärleriň sany barada takyk maglumatlary anyklap bilmedi. 24-nji iýunda Azatlygyň ýerli çeşmesi karantine 25 adamyň gelmegine garaşylýandygyny, olaryň arasyda Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gundogdiýewiň bolmalydygyny habar beripdi.
Mundan ozal habar beriş serişdeleri Orsýetiň Goranmak ministrligine salgylanyp, Türkmenistandan 70 harbynyň 24-nji iýunda Beýik Watançylyk urşundaky yeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçiriljek harby parada gatnaşjakdyklaryny habar beripdi. Türkmenistan Moskwa paradyna ýollanjak wekilleriniň sanyny mälim etmändi. Azatlyk Radidosy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekillerinden kommentariý alyp bilmedi.
19-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri daşary ýurtlardan Türkmenistana gelen her bir adamyň koronawirus sebäpli iki hepdelik izolýasiýa sezewar edilýändigini, şonuň üçin prezidentiň ýurduň daşyna syýahat etmeginiň mümkin däldigini habar berdiler. Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Moskwadaky harby parada gatnaşjakdygyny başda aýdan hem bolsa, soň mundan ýüz öwürip, sebäbini özüniň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolýandygyny we "pygamber ýaşy" hasaplanýan bu senäni türkmenleriň garyndaşlaryň arasynda belleýändigini aýtmak bilen düşündirdi.
Türkmenabadyň saglyk edarasyndaky çeşmämiz, şu günler Moskwadan gelen we iki hepde karantine ýerleşdirilen harby işgärleriň, Türkmenabadyň täze köp ugurly keselhanasyna ýerleşdirilmändiginiň sebäbini şol ýerde COVID-19 keseli tassyklanan hassalarynyň bardygy bilen düşündirdi.
Mundan öň Azatlygyň habarçylary Türkmenabadyň keselhanalarynda COVID-19 diagnozly azyndan 13 näsagyň saklanýandygyny habar beripdi. Olaryň arasynda agyr haldaky hassalar hem bar. Olaryň biri 1942-nji ýylda doglan Sakar etrabynyň ýaşaýjysy, onuň gyzgyny düşmeýär, diýip, çemämiz belledi.
Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmesi bu ýerdäki COVID-19 diagnozly hassalaryň BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda daşary ýurtlulara görkezmezlik üçin, 1-nji iýulda başga ýere geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
19-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Bütindünýä Saglyk guramasyndan Türkmenistanda koronawirusyň ýagdaýyna baha bermek üçin geljek bilermenler toparyna iýul aýynyň başynda garaşylýandygyny habar berdi. Raşid Meredow "şu gün, BSG-niň bilermenler toparynyň ýurdumyza boljak saparyna taýýarlyga aýratyn üns berýäris" diýdi.
Türkmenistan ýurtda COVID-19 bilen hasaba alnanlaryň ýokdugyny aýdyp gelýär. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri, şol sanda hökümete ýakyn adamlary ýurtda ýiti pnewmoniýanyň ýaýran wagtynda azyndan onlarça adamda COVID-19 keseliniň tassyklanandygyny anyklady.
Häzirki wagtda ýurt içinde saglyk işgärleri bu keseliň howpy barada duýduryş berip, koronawirus barada aç-açan gepläp başladylar. BSG-niň COVID-19 keseliniň global pandemiýasyny yglan edeli bäri, Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy resmi taýdan çareleri yglan eden hem bolsa, ýurtda lukmanlara we raýatlara koronawirusy agzamak gadagan edildi. Dil üsti bilen edilen gadaganlygy bozandygy için ilat basyşa sezewar boldy. Lukmanlara COVID-19 diagnozyny goýmaga we kesele mahsus alamatlary hasaba almaga, şeýle hem bu alamatlary hassalaryň ölüminiň sebäbi hökmünde görkezmäge rugsat berilmedi.
"Indi lukmanlaryň özleri wirusa garşy "Remantadin" dermanyny belläp başladylar. Lukmanlar öň koronawirus hakda gürleşmek gadagan edilendigini aýdýarlar, indi bolsa koronawirusyň ýaýramagy sebäpli gürleşmäge we derman bellemäge rugsat berlipdir" diýip, habarçymyz 25-nji iýunda aýtdy. Şeýle-de, ol indi köçelerde adamlaryň sanynyň ep-esli azdygyny belläp, lukmanlaryň ilaty gereksiz öýden çykmazlyga çagyrýandygyny aýdýar.
Soňky hepdelerde türkmen saglyk işgärlerine maska, ellik we gorag geýimlerini geýmek tabşyryldy.
Global pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri gorag enjamlaryny ulanmak we sosial aralygy saklamak ýaly koronawirusyň esasy öňüni alyş çärelerini berjaý etmediler.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств.