Saglyk işgärleri Türkmenistanda koronawirusyň peýda bolandygyny aýdyp, ilaty hüşgärlige çagyrýar

Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýat we Darganata etrap hassahanalarynyň işgärleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň bardygyny aýdyp, ilaty bu kesele garşy hüşgärlige çagyrýar. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de ret edýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ilçihanasynyň COVID-19 baradaky duýduryşy "galp" atlandyrdy

"Şu günler Lebap welaýat we Darganata etrap hassahanalarynyň işgärleri adamlaryň arasynda ýygnaklary geçirýärler. Olar ilata ýurtda koronawirusyň peýda bolandygyny aýdyp, olary hüşgärlige çagyrýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 24-nji iýunda habar berdi.

Habarçy türkmen häkimiýetleriniň ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri güýçlendirendigini we munuň bilen bagly etraplarda hem-de Türkmenabat şäherinde käbir çäreleriň görülýändigini belledi.

"Häzirki wagtda saglyk işgärleri Darganata, Gazojak we Halkabat sebitlerine ýörite harby göçme ulaglarda aýlanýarlar. Olar ýerli ýaşaýjylary mugtuna rentgene düşürip barlaýarlar. Şeýle-de, birinji günden başlap Türkmenabadyň myhmanhanalarynyň işgärleriniň ählisi maskaly we ellikli işläp başladylar. Supermarketleriň işgärleri hem maska we ellik dakmaly edildi" diýip, habarçy belledi.

Habarçy Aşgabat şäheriniň Ýokanç keselleri hassahanasynyň birnäçe işgärine salgylanyp, bu merkezde 100-den gowrak COVID-19 näsagynyň bejergi alýandygyny hem aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri medisina maskalaryny ​​we ellikleri geýmegi talap edip başlady. Bu COVID-19 garşy gijigen göreşmi?

"Keselhananyň işgärleri bu keseliň Türkmenistandaky ilkinji episentriniň Aşgabat şäherinde anyklanandygyny aýtdylar. Olar Lebapdaky COVID-19 näsaglarynyň esasan daşary döwletlere gatnaýan sürüjilerdigini we türkmen-owgan gümrük bekediniň işgärleridini hem mälim etdiler" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlary Lebap welaýat, Darganata etrap hassahanalaryna we Aşgabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Bu waka ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýtmagy dowam etdirýän türkmen häkimiýetleriniň birden ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

Şu hepde Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary indi medisina edaralarynda ähli işgärlerden maska we ellik geýmegiň, şeýle-de käbir ýerlerde dezinfeksiýa ulanmagyň talap edilýändigini habar berdiler.

Degişli maglumat Lebapda resmi taýdan tassyklanmadyk COVID-19 näsaglarynyň sany 13 adama ýetdi, Aşgabatda karantin güýçlenýär

Bularyň ählisi ýurtda ýiti pnewmoniýanyň ýaýrandygy baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan saglyk işgärleri munuň COVID-19 keselinden başga zat däldigini aýdypdylar.

22-nji iýunda Lebap welaýatynda COVID-19 testleri oňyn netije beren näsaglaryň sanynyň 13 adama ýetendigi habar berildi.

23-nji iýunda bolsa Aşgabatdayň hususan-da, Hitrowka, Howdan "A" we 30-njy etrapçalarda COVID-19 näsaglarynyň ençemesiniň hasaba alnandygyny barada maglumat gowuşdy.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary resmi taýdan ne tassyklaýarlar, ne-de ret edýärler. Şeýle-de, ýurt ýolbaşçylary maska we ellik geýmek, dezinfeksiýa ulanmak çäreleriniň güýçlendirilmeginiň sebäplerini hem düşündirmeýärler. Döwlet metbugaty hem, COVID-19 bilen bagly ýurduň içinde we daşynda bolup geçýän ýagdaýlary beýan etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.