Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda resmi taýdan tassyklanmadyk COVID-19 näsaglarynyň sany 13 adama ýetdi, Aşgabatda karantin güýçlenýär


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Lebapda COVID-19 barlaglary oňyn netije görkezýän resmi taýdan tassyklanmadyk näsaglaryň sany öňküsinden köpelýär, karantin çäreleri giňeldilýär. Aşgabatda koronawirus aladalary güýçlenýär, käbir ýokary okuw jaýlarynda studentler we mugallymlar karantine alynýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebap welaýaty boýunça bölümindäki bir çeşmämiz 22-nji iýunda gizlinlik şertinde beren maglumatynda COVID-19 barlaglary oňyn netije görkezen adamlaryň sanynyň 13 adama ýetendigini habar berdi. Bu sanlar resmi taýdan tassyklanmadyk sanlardyr. Türkmen häkimiýetleri koronawirusy inkär edýär.

Ýurduň saglyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Aşgabatda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de ähli welaýatlarda koronawirusy anyklamak boýunça barlaglar geçirilýär, barlag netijeleri 4-6 sagadyň dowamynda taýýar bolýar. Ýöne ministrligiň web-saýtynda şu wagta çenli ýurt boýunça geçirilen COVID-19 testleriniň anyk sany barada maglumat berilmeýär.

Duşenbe güni Lebapdaky habarçymyz Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda bir laborantyň COVID-19 barlagynyň oňyn netije görkezendigini, munuň yzýany onuň ýaşaýan obasynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň işgärleri tarapyndan dezinfeksiýa edilendigini habar berdi. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli koronawirusly näsagyň adyny we ýaşaýan ýerini mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, habarçymyz Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinde 1993-nji ýylda doglan bir gyz bilen onuň 1961-nji ýylda doglan kakasynda bu ýokanjyň anyklanandygyny, olaryň hem ýaşaýan ýerleriniň saglyk işgärleri tarapyndan doly dezinfeksiýa edilendigini, munuň bilen baglylykda karantin maksady bilen Gazojak – Türkmenabat aralygynda ulag gatnawynyň togtadylandygyny habar berdi.

Paýtagt Aşgabatda-da keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler dowam edýär, käbir ýokary okuw jaýlarynda karantin çäreleri güýçlenýär, bazarlar dezinfeksiýa edilýär.

22-nji iýunda habarçymyz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň umumy ýaşaýyş jaýynyň karantin maksady bilen ýapylandygyny, institutyň 1-nji we 2-nji ýyl talyplaryna umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmagyň gadagan edilendigini habar berdi. Şeýle-de, “Welaýatlardan bolup, öýlerine gaýdan ýokary kurs talyplara Aşgabada dolanmak tabşyryldy, heniz gidip ýetişmediklere öýlerine gitmek gadagan edildi” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, institutyň maliýe fakultetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda beden gyzgynlygy ýokarlanan adamlaryň ýüze çykmagy bilen, olar hem karantine alyndy.

Şeýle-de, habarçymyz welaýatlardan gelip, Aşgabadyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan 3-nji we 4-nji ýyl talyplara öýlerine gitmegiň gadagan edilendigini habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň uniwersitetleriniň ýene birinde umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan 1-nji we 2-nji ýyl talyplardan hem-de 3-nji ýyl talyplaryň belli bir böleginden rentgen barlagyndan geçmek talap edilýär.

Aşgabatly habarçymyz il içinde “Demirýol” hassahanasy diýlip bilinýän keselhananyň hem karantine alnandygyny duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky wagtlarda koronawirus keseli anyklanan näsaglar babatyndaky habarlary tassyk ýa-da inkär etmeýär.

Berdimuhamedowyň koronawirus aladalary

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýunda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde, Ýeňiş güni mynasybetli 24-nji iýunda Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna özüniň gatnaşyp bilmejekdigini mälim etdi. Resmi metbugat munuň sebäbini prezidentiň 63 ýaşynyň – “pygamber ýaşynyň” dolmagy, bu senäniň milli däplere görä köpçülik bilen bellenilýändigi, ýöne daşary ýurtlardan sapardan gelen her bir adamyň koronawirus ýokanjy sebäpli iki hepde karantin ýagdaýynda bolmalydygy bilen düşündirdi. “Bu bolsa daşary ýurtlara sapara gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar” diýip, TDH ýazýar. Berdimuhamedowyň 63 ýaşy 29-njy iýunda dolýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewe hat ýollap, onuň koronawirus bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini beýan etdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus ýokanjynyň bardygyny resmi taýdan tassyklamaýar.

Amerikan merkezi we burçlary wagtlaýyn ýapyldy

21-nji iýunda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýädäki Amerikan merkezlerine we burçlaryna barýan adamlaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramak boýunça görýän çäreleriniň çäginde Aşgabatdaky Amerikan merkeziniň hem-de Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki amerikan burçlarynyň indiki bildirişe çenli wagtlaýyn ýapylýandygyny habar berdi.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça müdiriýetiniň hünärmenleriniň COVID-19 bilen baglylykda iýulyň başynda Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG