Gowaça eken kärdendeçiler eýýäm hasylyň ýarysynyň ýitirilendigini aýdýarlar

Suwsuz, boý alyp bilmedik gowaça

"Watan" habarlary Türkmenistanda daýhanlaryň dökün, ýokary hilli tohumlar we kuwwatly oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilendigini tekrarlaýar. Emma oba adamlary tehnika, ulag üpjünçiliginiň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary gowaça eken daýhanlaryň köpüsiniň bu ýylky hasyldan hem tamasynyň azdygyny, sebäbi 100 gün suw içmedik gowaçadan hiç bir netijä garaşyp bolmajakdygyny habar berýärler.

Ahalyň tas ähli etrabynda martyň ortalarynda ekilen gowaçalaryň 95 göterimine şindi hem suw berilmeýär, daýhanlar gowaçalaryň eýýäm tas ýarpy hasylyny ýitirendigini aýdýarlar diýip, Ahaldaky habarçymyz aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik ýagdaýynda gürleşen hünärmen suw ýetmezçiligini Garagum derýasynyň, aralyk kanallaryň we ýaplaryň arassalanmazlygy, suw geçiriji turbalaryň hatardan çykmagy, has anygy, bu işe döwlet tarapyndan uzak wagt bäri serişde goýberilmezligi bilen düşündirdi.

Kaka etrabyndaky kärende ýerinde gowaça eken daýhan häkimleriň gyssap, ir baharda gowaça çigidini ekdirendigini gürrüň berdi.

"Ýöne ekiş, gögeriş almak bilen iş tamamlanmaýar, elimizden gelýän işi - otagymyzy edip ýorüs, maşgala bolup işleýäris. Ýöne hany wada berlen mineral dökünler, hany suw?" diýip, daýhan bu ýylam eken gowaçasyndan netije bolmajakdygyny aýtdy.

"100 günläp suw içmedik gowaçadan nähili hasyla garaşjak?" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Mary, Lebap sebitlerindäki obalar suw joşmasyndan zyýan çekýär, Aşgabat dymýar

"Watan" habarlary Türkmenistanda daýhanlaryň dökün, ýokary hilli tohumlar we kuwwatly oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilendigini tekrarlaýar. Emma oba adamlary tehnika, ulag üpjünçiliginiň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý barada Baýramaly etrabynyň Gökdepe daýhan birleşiginde birnäçe kärendeçi bilen söhbetdeş boldy. Olar geçen hepdäniň başynda ekin üçin azot döküniniň berlendigini, ol dökünleri her kimiň öz gowaça meýdanyna tapan ulagynda, käbirleriniň eşekli daşandygyny gürrüň berdiler.

"Öňki ýyllarda gowaça azot traktorlar arkaly berlerdi, indi o düzgünler galdy, daýhanlar azot dökünlerini keşme-keş aýlanyp, gowaçalaryň düýbüne elde sepip çykmaly boldy" diýip, kärendeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gowaçalar saralyp otyr, gurap başlany hem bar, sebäbi suw ýok.

"Suw nasoslary hatardan çykypdyr, ýogsa ýylda iki gezek her potratçydan 60 manatdan nasos üçin pul ýygnaýarlar, emma täze nasos almaýarlar, ençeme ýyl bäri şol bir köne nasoslary alyp gidip, bejerdip getirýärler, olaram uzak işlese, iki aý işleýär" diýip, kärendeçi adamlaryň nasosdan eňeginiň dynmaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda ekine wagtynda suw berilmezligi diňe bir ýa iki etrabyň meselesi däl, bütin ýurduň meselesi bolup, soňky onýyllykda has-da çuňlaşdy we suw üçin arz-şikaýat edýän adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegine alyp geldi. Ýöne ýerli häkimiýetler meseläni çözmäge, suw desgalary üçin hökümet başlygynyň öňünde mesele goýmaga derek, kärendeçileri gorkuzmagy saýlap aldylar.

Degişli maglumat Daýhanlaryň 'alkyşyny' alyp gelen prezident gaýragoýulmasyz meseleleri 'bilmek isleýär'

Wagtynda berilmedik suw, dökün ýa tehnika üçin arz-şikaýat etseň, "ýeriňi oňarman, bize kellagyry bolýaň, indi gelseň, ýeriňi eliňden almaly bolarys" diýip, haýbat atýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler aýdýar.

Bu ýylda alynjak pagta hasylynyň ýagdaýy barada aýdylýanlary ýokary derejeli bir çeşme ham tassyklady.

"Öňki ýyllarda bolşy ýaly, daýhanlaram, döwletem zyýan çeker, emma dökün, tehnika tenderlerini yglan edip, haýsy zawod köp para berse, şonuň bilen şertnama baglaşýan resmiler bu zatlary alada etmeýär" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, hökümet başlygy 19-njy iýunda geçiren mejlisinde daýhanlaryň suw üpjünçiliginde dörän agyr ýagdaýy gytaklaýyn tassyk etdi we, anyklaşdyrmazdan, bu ugra serişde goýbermek meselesini gozgady. Emma ol serişde haçan goýberiljek, nähili ulanyljak, bu mälim däl.

Türkmenistanda ýylda milliardlarça dollar serişde, hökümet başlygynyň bir özüniň karar bermeginde, ykdysady manysy gümürtik desgalara gobýerilýär, suw desgalary ýatdan çykarylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.