Türkmen banklary Western Union arkaly $500 ugratmaga rugsat berdi, emma...

Daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň pul ugratmakdaky täze mümkinçiliklerden näme sebäpden mahrum edilendigi barada düşündiriş berilmeýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky pandemiýa sebäpli daşary ýurtlardan dolanyp bilmeýän türkmen raýatlaryna Western Union pul geçirim hyzmatlary arkaly her aýda ibermäge rugsat berilýän maliýe serişdeleriniň möçberini 500 dollara çenli artdyrmaga rugsat berdi diýip, ýarym-resmi turkmenportal neşiri habar berýär. Şol bir wagtda, koronawirus pandemiýasynyň tutuş dünýäde ýaýrap başlamagyndan ençeme aý wagt soň kabul edilen bu täze mümkinçiligiň daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentlerine degişli däldigi hem bellenilýär. Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bu düzgüniň iş ýüzünde entek berjaý edilip başlanmandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal neşiri 22-nji iýunda çap eden habarynda Western Union arkaly 500 dollar möçberinde pul ugratmak düzgüniniň eýýäm güýje girendigini öňe sürdi. Bellesek, ozalky düzgüne laýyklykda, pul geçirim hyzmatlary arkaly her aýda diňe 200 dollar möçberinde pul ugradyp bolýardy.

Maglumata görä, pul serişdelerini ýurduň Daşary işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň bilelikde tassyklan sanawyna girizilen raýatlar kabul edip bileler. Ýöne bu sanawa adamlaryň haýsy talaplara laýyklykda goşulýandygy äşgär edilmeýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ýarym-resmi türkmen neşirinde peýda bolan habaryň iş ýüzünde entek berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Resmi taýdan Türkmenistanda COVID-19 ýok, resmi bolmadyk ýagdaý nähili?

“Men bu mesele boýunça bank bilen habarlaşdym. Häzire çenli üýtgän hiç zat ýok. Öňküsi ýaly diňe 200 dollar ugradyp bolýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 23-nji iýunda gürrüň berdi.

Bu maglumatlar boýunça türkmen banklaryndan hiç hili resmi düşündiriş almak başartmady.

Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylary goldamak maksadyndan ugur alnyp döredilendigi aýdylýan bu mümkçinçilik, COVID-19 wirusynyň tutuş dünýäde ýaýrap başlamagyndan, şeýle-de onuň fewral aýynda pandemiýa diýip yglan edilmeginden bäş aý çemesi wagt geçeninden soň yglan edildi.

Ýogsa, global koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara hereketiň çäklendirilmegi bilen daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar Azatlyk bilen söhbetdeşliklerinde agyr günlere düşendiklerini, ýerli türkmen wekilleriniň hem hemaýat bermeýändiklerini gürrüň beripdiler.

Degişli maglumat Türkmenistanyň pul ugratmak çäklendirmeleri ene-atalary, talyplary ‘köseýär’

Bu türkmenistanlylaryň arasynda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentleri hem bar. Emma häzir olaryň pul ugratmakdaky täze mümkinçiliklerden näme sebäpden mahrum edilendigi barada düşündiriş berilmeýär.

Munuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardaky türkmen studentleri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz nägileliklerini bildirdiler.

“Bizi [studentleri] adam ornunda goýanoklarmy?! Daşary ýurtlardaky studentleriň köpüsi yzyna – Türkmenistana dolanmak isleýär, emma hiç hili uçar reýsi ýok. Tölegiň edilmeýändigi sebäpli, uniwersitet umumy ýaşaýyş jaýyndan çykarmak bilen haýbat atýar. Studentler nämäniň hasabyna ýaşamaly, gün görmeli?! Häzir Western Union arkaly her aý gelýän 180 dollara bir otagy hem kireýine alyp bolmaýar” diýip, Hytaýyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan türkmen studenti anonimlik şertinde 23-nji iýunda gürrüň berdi.

Bellesek, global koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda geçen hepde "Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy 20-nji iýula çenli yza süýşürýändigini mälim edipdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Western Union arkaly her aýda ugratmaga rugsat berilýän çägiň 500 dollara çenli artdyryljakdaky baradaky maglumatlar ilki martyň ortalarynda peýda bolupdy. Emma şol aýyň aýagynda türkmen häkimiýetleriniň bu baradaky planlaryndan el çekendigi barada hem maglumat gowşupdy.

Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurtda walýutanyň resmi bahasy bilen onuň “gara bazardaky” nyrhynyň arasynda uçurym emele geldi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň manada bolan resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär, ýöne beýleki tarapdan gara bazarda manadyň hümmeti onuň resmi bahasyndan 5-6 esse pesdir.