Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň işgärinde COVID-19 keseli tapylandan soň, onuň koronwirus barlaglary boýunça ikinji testiniň netijeleriniň hem pozitiw bolandygy anyklandy. Bu hassahana Aşgabatdan ilkinji gezek ýörite gorag egin-eşikleri iberildi. Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň işgärleri bir hepde bäri öýlerine goýberilmeýär. Bu habarlaryň fonunda, Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanyň yurtda COVID-19 keseliniň hasaba alnandygyny yglan etmäge taýýarlanýandygyny aýdýar. Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemeýärler.
Degişli maglumat Türkmenabatda hassahananyň daşy gabaldy, Daşoguzda COVID-19 karantini üçin çadyr lageri döredildiLebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köpugurly hassahananyň COVID-19 keseli tapylan işgärinde geçirilen ikinji testiň netijeleriniň hem pozitiw bolandygy anyklandy.
Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply çeşmesi geçen hepde saglyk işgäriniň birinji test netijeleri pozitiw bolandan soň, onuň barlaglarynyň Aşgabada iberilendigini aýtdy.
"Şenbe güni onuň test netijeleriniň pozitiw bolandygy barada Aşgabatdan habar geldi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz 15-nji iýunda gürrüň berdi.
Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleriň geçen hepde Azatlyga beren maglumatlaryna görä, 8-nji iýunda agzalýan keselhanada anesteziolog lukmanyň kömekçisi bolup işleýän şepagat uýasynda COVID-19 tapyldy. Şondan soň ol tutuş maşgalasy bilen, şeýle-de işde kontaktda bolan adamlar hem-de ýaşaýan ýerindäki käbir goňşulary bilen bilelikde karantine alnypdy.
Şeýle-de, Lebapdaky çeşmelerimiz saglyk merkeziniň ýokanç keseller bölüminiň daşynyň gabalandygyny 11-nji iýunda habar beripdiler.
"Häzirki wagtda klinikanyň işgärleriniň hemmesi yzygiderli analiz tabşyrýarlar. Ýöne olara netijelerini aýtmaýarlar. Hassahana izolýasiýada, 14 günlük karantin astynda saklanýar" diýip, lebaply çeşmämiz belledi.
Aýdylmagyna görä, bu wakadan soň Aşgabatdan bu hassahana medisina işgärleri üçin ilkinji gezek ýörite gorag egin-eşikleri gelip gowuşdy. Mundan ozal medisina işgärleri gorag egin-eşiklerini we serişdeleri öz hasaplaryna satyn alýardylar.
Çeşmämiz Aşgabat tarapyndan şeýle ünsüň berilmeginiň lebaply saglyk işgärlerini howsala düşürýändigini aýdyp, hemmeler ýagdaýyň hakykatdanam çynlakaýdygyny bilýär diýdi.
"Şu wagta çenli beýle çynlakaý üns berilmedi we howpsuzlyk çäreleri görülmedi. Analizleriň netijeleri aýdylmaýandygy sebäpli lukmanlar aljyraňňy ýagdaýda. Olar wirusyň diňe bir şepagat uýasyna ýokuşmagynyň mümkin däldigini özaralarynda maslahatlaşýarlar. Mundanam başga, saglyk işgärleriniň hemmesiniň gorag egin-eşiklerinde gezip ýörenlerini görüp, hassalaryň arasynda howsala hem başlandy" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlary köpugurly hassahananyň özünden we Lebap welaýat häkimliginden resmi ýoldan anyklap, tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.
Mundanam başga, ol anna güni Özbegistandan 21 adamyň gelendigini we olaryň Farap serhet postundan geçendigini belläp, bu adamlaryň dessine karantin astyna alnandygyny aýtdy.
"Olar Farap gümrükhanasynyň gapdalyndaky çadyrlara ýerleşdirilip, berk izolýasiýada saklanýar. Şeýle-de, olaryň testleriniň netijeleri hem gizlin saklanýar. Olaryň ýanyna barýan lukmanlar gorag eşiklerinde girýärler" diýip, çeşmämiz belledi.
Lebaply beýleki bir çeşmämiz bu adamlaryň ýanwar aýynda ýurtdan giden ulag sürüjileridigini aýtdy. Ol pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda galan türkmen studentlerini Türkmenistana getirmegiň meýilleşdirilýändigini hem belledi.
Degişli maglumat Aşgabatda pnewmoniýanyň ýaýran wagty, orsýet ilçisi türkmen hökümetiniň ýurtda COVID-19 ýok diýip aýdanlaryny goldaýar"Giç galsa 1-nji iýulda ýollaryň açyljakdygy barada maglumatlar bar. Güýçli taýýarlyk başlady. Hassahanalaryň ählisinde maskasyz ýöremek gadagan edildi. Oň sowuk-sala seredilýärdi. Indi ýagdaý üýtgedi" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bir hepde bäri paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasynyň işgärlerine öýlerine gitmäge we telefon ulanmaga rugsat berilmeýändigini habar berýär.
"Işgärleriň biri garyndaşlaryna jaň etmegi başarypdyr. Ol garyndaşlaryna öýden çykmazlygy we çagalary çagalar bagyna äkitmezligi tabşyrypdyr" diýip, habarçy ýagdaýdan habarly aşgabatlylara salgylanyp, 15-nji iýunda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, öň bu keselhanada hassalaryň hossarlarynyň getiren iýmiti alnyp, gap-gaçlary dezinfeksiýa edilip yzyna gaýtarylyp berilýärdi. Ýöne indi saglyk işgärleri iýmiti alyp galsalar-da, gap-gaçlary yzyna bermeýärler.
Ýatlatsak, geçen hepde Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagynyň möwç alýandygyny habar beripdiler.
Şonda Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan işgärleri bu merkeziň öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn doludygyny, olaryň käbiriniň örän erbet halda gelýändigini we arasynda ölýänleriň hem bardygyny aýdypdylar.
Mundanam başga, Azatlygyň habarçysy şu günler ýörite işgärleriň şäheriň "Hitrowka" sebitindäki öýlere aýlanyp, hajathanalary hlor bilen däl-de, käbir serişdeler bilen dermanlaýandygyny habar berdi.
Onuň sözüne görä, 13-nji iýunda paýtagtyň 9-njy Saglyk öýünde-de ýörite gorag eşigindäki saglyk işgärleri bu ýere baran raýatlaryň gyzgynyny ölçäp, damagyny we burnuny barlap başladylar. Mundan ozal, Saglyk öýünde beýle çäreler görülmeýärdi.
Ýurduň dürli künjeginde dowam edýän bu aladalaryň fonunda, Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanyň ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alnandygyny yglan etmäge taýýarlanýandygyny aýtdy. Bu maglumaty türkmen häkimiýetlerine resmi taýdan tassyklatmak başartmady.
Degişli maglumat Türkmenistanda agyr pnewmoniýa möwç alýar, ýerli lukmanlar COVID-19 diýýärlerBu aralykda, BSG-niň Ýewropadaky edarasy guramanyň Aşgabatdaky wekilleriniň şu aýyň başynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gurnalan welosiped ýörişine gatnaşmagy barada Azatlyk Radiosynyň gecen hepde iberen soragyna jogap berdi.
BSG COVID-19 bilen bagly sosial aralygy saklamak we beýleki maslahatlary berýän mahaly, guramanyň wekilleriniň Aşgabatdaky köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşmagyna BSG nähili garaýar? diýlen soraga, guramanyň wekili şeýle jogap berdi:
"COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly Ýewropa sebitindäki her bir ýurt özboluşly ýagdaýda. Türkmenistanda häzirki wagtda COVID-19 nasagy ýok we köpçülikleýin ýygnanyşyklara çäklendirmeler hem ýok. Bütindünýä saglyk guramasynyň ýurtdaky bölüminiň işgärleri BMG-niň beýleki guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde çärä gatnaşdy. Açyk meýdandan soň, el arassaçylygy üçin goşmaça şertler döredilen uly we gowy şemalladylýan sport zalda bir çäre geçirildi" diýip, guramanyň Türkmenistandaky wekili Dr. Paulina Karwowska aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda aýdylanlar barada ne çykyş edýärler, ne-de ilata aç-açan maglumat berýärler. Şeýle-de, döwlet resmileri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny tekrarlap, karantinde saklanýan raýatlarda geçirilen testleriň netijelerini hem mälim etmeýärler.