Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň işgärinde koronawirusyň anyklanmagy bilen bagly ýagdaýyň yzýany onuň daşy gabaldy. Daşoguzda bolsa COVID-19 karantini üçin çadyr lageri döredildi. Bu ýagdaýlar Aşgabatda agyr öýken çişmesi bilen kesellänleriň köpelen wagtyna gabat geldi. Häkimiýetler bu ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemeýärler we ýokanç COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler.
Türkmenabadyň keselhanasynda COVID-19 keseliniň tutaşan bolmagy ähtimal. Lebapdaky çeşmelerimiz saglyk merkeziniň ýokanç keseller bölüminiň daşynyň gabalandygyny 11-nji iýunda habar berdiler.
"Türkmenabatda täze infeksion keselhanada MHM-niň işgärleri bar ýerleriň daşyny gabadylar, hatda polisiýanyň işgärleri-de ol ýerde näme bolýandygyndan bihabar. Maňa mälim bolşuna görä, koronawirus tutaşypdyr, hiç kimi içine we daşyna goýbermeýärler" diýip, 11-nji iýunda Türkmenabatdaky çeşmämiz aýtdy.
Bu saglyk merkezinde bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäbini hassahananyň özünden resmi ýoldan anyklap bolmady.
Azatlyga bir gün öň mälim bolşuna görä, duşenbe güni 8-nji iýunda keselhananyň bir işgärinde COVID-19 keseli anyklanypdyr. Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýerli köpugurly keselhanada anesteziolog lukmanyň kömekçisi bolup işleýän şepagat uýasynda COVID-19 tapylyp, ol tutuş maşgalasy bilen, şeýle-de işde kontaktda bolan adamlar, hem ýaşaýan ýerindäki käbir goňşulary bilen bilelikde karantine alnypdyr.
Azatlyk Radiosyna şepagat uýasynyň ady we bu ýagdaýyň beýleki jikme-jikleri mälim boldy, emma biz olaryň üstüni açmakdan saklanýarys. Çeşmämiz zenana keseliň Hytaýdan gelen student gyzdan ýokaşan bolmagynyň çak edilýändigini aýdýar. Student gyzyň ýagdaýy agyr bolup, ol operasiýa edilipdir, emma ýogalypdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagy möwç alýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, hususan-da Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn. Merkeziň işgärleriniň gizlinlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, keseliň köpelmeginiň netijesinde dörän ýagdaý agyr, käbir hassalar oran erbet halda gelýärler, ölýänler bar. Lukmanlar bu pnewmoniýa COVID-19 keselinden başga zat däl diýip, hasap edýärler.
Habarçylarymyz paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasynda koronawirusyň bolmagy güman edilip saklanýan adamlar üçin karantin zonasynyň bardygyny aýdýarlar.
"Ýokanç keseller hassahanasyndaky karantinde bronhit we pnewmoniýa bilen kesellän adamlar köp, emma olarda wirusy tassyklamadylar. Olary 14 gün saklaýarlar. Olaryň yzyndan barýan garyndaşlaryndan derman getirmegi talap etmeýärler. Saklanýan şerleri gowy. Yzyndan azyk eltmäge rugsat berýärler. Şol hassalaryň öýlerine baryp gowy dezinfeksiýa geçirýärler" diýip, habarçymyz 11-nji iýunda habar berýär.
Bu aralykda Azatlygyň habarçylary, Daşoguzda koronawirusly hassalar üçin çet ýerde karantin zonasynyň döredilendigini habar berýärler. Çadyr lageri Daşoguz şäheriniň daşynda çölde ýerleşýär: "Ol ýerdäki şertler aýylganç, Lebapdakydan köp ýaramaz. Suw ýok, elektrik togy kesilýär, sowadyjylar barada gürrüň ýok. Hatda işgärler üçin hem" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda COVID-19 keselinden ýogalan birnäçe adam barada habar gowuşdy, emma biz şol maglumatlary beýleki çeşmelerden entek doly tassyklap bilmedik.
Ýatlatsak, BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň apreliň aýagynda Türkmenistana barmak planlaryny mälim etmeginiň yzýany Türkmenistanyň koronawirus karantinleri birden boşap galypdy. Şol ýerdäki adamlaryň nirä göçürlendigini takyk anyklap bolmandy. Emma BSG-niň missiýasynyň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin planlaşdyran şol sapary häzire çenli başa barman galýar.
Türkmenistanda şu çaka çenli karantin zonalaryň Türkmenabatda, Aşgabatda we Balkan welaýatynda bardygy mälim bolupdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň bolmagyny ret edip çykyş edýän hem bolsalar, muny tassyklaýan hiç bir resmi subutnama görkezmeýärler. Bu keseli anyklamak boýunça işlere degişli resmi sanlary we hatda ilatyň umumy saglyk ýagdaýyna degişli statistikany köpçülige hödürlemeýärler.
Saglygy saklaýyş ministri ýurtda 151 sany adamyň karantinde saklanýandygyny we koronawirusy anyklamak üçin jemi 30 müň sany testiň bardygyny we 40 müň testiň daşary ýurtlardan indi gelmegine garaşylýandygyny 22-nji aprelde habar beripdi. Emma şondan bäri näçe testiň geçirlendigini türkmen resmileri agzamaýarlar.
15-nji maýda saglyk ministriniň beren hasabatynda, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýanyň tomus möwsüminde Awazada köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilmegini azaltmak we deňizde suwa düşmegi çäklendirmek ýaly kararlara gelendigini aýtdy. Ol bu karary COVID-19 pandemiýasy bilen düşündirse-de keseliň bardygyny aýtmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär