Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy 14-nji iýunda soňky birnäçe günde Garagum derýasynyň joşandygyny we bir topar zaýaçylyga sebäp bolandygyny habar berdi.
“Suw joşmagy netijesinde Niçka obasynda 50-60 hojalygy suw basdy, suw basmadyk ýerlerdäki jaýlar hem aşak çökdi, köçeleriň ugrunda gaýyk bilen ýüzübermeli” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlygyň çemesi suw basan obanyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Zähmet” daýhan hojalygyna degişlidigini, bu ýeriň üstünden geçip, Lebaba gidilýändigini, ýagny onuň iki sebitiň araçägi bolup durýandygyny gürrüň berdi.
11-nji iýunda sosial mediada paýlaşylan gysgajyk wideoda suw basan obadaky ýykgynçylyk, ýeten zyýan gowy görünýär, oba ýaşaýjylarynyň aljyraňňy sesleri eşidilýär.
Degişli maglumat Harasatdan bir aý geçdi: Garagum etrabynda tok heniz-de dikeldilmedi
Wideonyň aşagyndaky ýazga görä, bu waka Garametnyýaz we Niçka obalarynda bolupdyr.
Ýöne şol wagt wakanyň haçan bolandygy, suw joşmasyndan çekilen zyýan barada anyk maglumat elýeterli bolmady we Azatlyk radiosy bu maglumaty başga, garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.
Indi, Marydaky habarçymyzyň ýazmagyna görä, hökümet tarapdan suw joşgunyndan ejir çeken oba adamlaryna hiç bir kömek edilmeýär.
“Köçeleriň, jaýlaryň töwerekleriniň, içiniň suwuny sordurmak üçin tehnika gerek, emma hiç hili tehnika kömegi ýok. Ýaşaýjylar beýik hasaplan ýerlerine çykyp, öz jaýlarynyň gözleriniň öňünde weýran bolşuna syn edip oturmakdan başga çäre tapmadylar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, adamlar aprelde gopan güýçli harasatdan bäri henizem özlerine gelip bilmeýärler.
Şu aralykda Lebapdan hem maglumat gowuşdy. Habarçymyz Kerki etrabynyňbirnäçe obasyna, ekin meýdanlaryna suw joşmasyndan zyýan ýetendigini habar berýär.
Degişli maglumat Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň protest çäreleri we satiriki çykyşlary ýygjamlaşýar
Amyderýanyň suwunyň joşmagy netijesinde Gabşal, Nowruz, Ussatlar, günorta Kerkiniň Hatap obalarynda, derýanyň sag kenaryndaky Daşrabat, Bozaryk, sagdaky Hatap obalarynda, derýa kenaryna golaý öýlere, ekin meýdanlaryna uly bolmadyk, ortaça zyýan ýetdi diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de ol Köýtendagyň käbir ýerlerine zyýan ýetendigini habar berdi.
Onuň sözlerine görä, derýa kenaryndaky etraplar üç gün bäri howsalaly, hüşgärlik ýagdaýynda ýaşaýar, adamlar bentleriň ýakasynda, gorag tagallalaryna taýýar bolup ýatyr.
Darganata etraby derýanyň tas aşak ýüzünde ýerleşýär, bu ýeriň oabalary suw joşmasyndan iň uly wehim abanýan ýerler hasaplanýar.
Aýdylmagyna görä, Darganata etrabynyň ýaşaýjylary belent ýere, Amyderýanyň çep tarapyna göçürmese, haçanam bolsa bir wagt suw astynda galjakdygy, şonuň üçin täze etrap binalaryny gurup, dargatana halkyny howpsuz ýere göçürmek hakyndaozalky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan hem, häzirki prezident tarapyndan ençeme karar kabul edilipdir.
Emma ol kararlar kagyz ýüzünde galdy, ertirki gün suw joşmasynyň has uly wehim döretmejegine hiç kim kepillik berip bilmez, Täjigistandaky daglaryň gary erese, köpelen suwy saklamak mümkin bolmasa gerek diýip, ýerli hünärmen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda onlarça müň gektarlyk gowaça, bugdaý we gök ekinler harasatyň netijesinde zaýalandy
Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri, hökümeti tebigy hadysalar, adam ýitgileri, maddy ýitgiler hakynda maglumat bermeýär.
Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolan harasat netijesinde dörän maddy we adam ýitgileri barada maglumat bermezlik bilen, diňe ýurduň Esasy kanunyny däl, eýsem öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny hem bozýandygyny aýtdy.
Hukuk goraýjy 10-njy iýunda ýurduň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursyn Gurbannazarowanyň adyna ýüzlenme çap edip, bu hatyň bir nusgasynyň Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyna hem iberilendigini hem habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.