Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlaryna sapar edip, käbir kärendeçi daýhanlar bilen, daýhan hojalyklaryň ýolbaşçylary – telekeçiler bilen duşuşdy, bugdaý oragyna badalga berdi, ýeralma we beýleki gök-bakja hem-de miweli ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň döwlet mediasy prezidentiň welaýatlara eden iş saparlarynyň dowamynda ýurduň obasenagat toplumynda işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini, ýurduň oba hojalyk syýasatynyň netijeliligini, önümçiligiň azyk howpsuzlygyna goşýandygy aýdylýan goşantlaryny mahabatlandyrmaga, ýurtda ýagdaýlaryň gülala-güllükdigini düşündirmäge synanyşdy.
Ýöne 12-nji iýunda Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy, ýagdaýlaryň, hususan-da azyk üpjünçiliginiň gülala-güllük däldigini, mundan prezidentiň hem habarly bolmagynyň, habardar bolmagynyň ähtimaldygyny, welaýatlara edilýän saparlaryň hem hut şol maksat bilen amala aşyrylýan bolmagynyň mümkindigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedowyň Balkana gelmegine garaşylýar“Häzirki ýagdaýlaryň – çöregiň, ýagyň we etiň gymmatlamagynyň, ýumurtga ýetmezçiliginiň, bular bilen bir hatarda adamlaryň işjeňleşmeginiň prezidenti alada goýýandygy aýdylýar” diýip, ýerli synçy gürrüň berdi. Ýurtda iýmit önümleriniň ýetmezçiligi bilen bagly aladalar, synçynyň sözlerine görä, prezidenti welaýatlara sapar etmäge iterýär.
5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda Berdimuhamedow iýun aýynyň dowamynda galla oragynyň barşy bilen hem-de ýerlerde durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin welaýatlara sapar etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi, kadasyz iýmit üpjünçiligini agzamady.
Beýleki tarapdan, ýerlerde iýmit önümleriniň üpjünçiligi boýunça ýerli ýaşaýjylaryň bildirýän arz-şikaýatlarynyň howy peselmeýär. Anna güni Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda ýerli ýaşaýjylaryň azyk meselesi boýunça häkimliklere, prokuratura edaralaryna iberýän arz-şikaýatlarynyň ep-esli artandygyny habar berdi. “Indi häkimliklere gol çekilen arz-şikaýatlary kabul etmezlik tabşyrylypdyr” diýip, habarçymyz aýtdy.
Prezidentiň welaýatlara eden saparlarynyň dowamynda döwlet metbugaty ýurduň oba hojalyk syýasatynyň netijelidigini, azyk harytlarynyň ýerli önümçiliginiň ösdürilip, importyň azaldylýandygyny ynandyrmaga synanyşdy.
Degişli maglumat Prezident Berdimuhamedow Mary welaýatyna sapar edýär2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde prezident oba hojalyk syýasaty boýunça käbir reformalary teklip etdi we onuň yzýany bu teklipler kanun görnüşinde kabul edilip, güýje girizildi. Olara laýyklykda ýurtda oba hojalyk maksatly täze döredilen ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlaryna ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek barada karar kabul edildi. Şeýle-de, ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny, galan ýer böleginde bolsa, döwlet tabşyrygyna girmeýän ekinleriň hasylyny ýetişdirmek barada karar kabul edildi.
Ýöne şol bir wagtyň özünde, bu üýtgetmeler bilen aýakdaşlykda, Türkmenistanda ýeralma, şugundyr ýaly beýleki ekinler soňky birnäçe ýyl bäri döwlet tabşyrygyna girizilýär.
12-nji iýunda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçy bölünip berlen ýerleri 99 ýyl möhlet bilen uzak möhletli kärendesine bermegiň, “öňki sistemanyň başgaça görnüşidigini” düşündirdi.
Degişli maglumat Prezident Lebapdaky iş saparyny tamamlap, Mary welaýatyna bardyTürkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň 2004-nji ýylda tassyklan, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanuny synçynyň bu sözlerini tassyklaýan ýaly. Onda “ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn (39 ýyla çenli) peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner” diýilýär.
Ýöne täze kanuna görä, “daýhan 99 ýyllyk şertnama gol çekip, meselem, 100 gektar ýeri alýar, onuň 70 prosentine döwlet üçin gowaçany, bugdaýy mejbury ekmeli, 30 prosentine gök-bakja ekinlerini ekmäge haky bar. ‘Haky bar’ diýildigi ‘hususy’ diýildigi däl, alan hasylynyň ählisini döwlete tabşyrmaly. Meselem, ýekeje pomidor öndürse, ol hasyl döwletiňki. Daýhan diňe 99 ýyl ýeriň eýesi hasaplanýar, şoňa begenip ömrüni geçirýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.
2018-nji ýylda güýje giren täze reformalarda “döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerinden şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleriniň önüm öndürijileriň öz ygtyýarynda galdyrylýandygy ýa-da olara döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmaga mümkinçilik döredilýändigi” bellenilýär.
Şeýle-de, soňky reformalar bilen pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy, daýhanlara bank karzlaryny ýeňillikli bermegiň täze düzgünleri girizildi. Ýöne munuň bilen bir hatarda, Azatyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan daýhanlar, ekerançylykda hyzmatlar üçin tutulýan tutumlaryň hem ýokarlanýandygyny, mineral dökünleriň bahalarynyň, tehnika çykdajylarynyň ýokarlanýandygyny aýdýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, döwletiň tankytçylary ýurtda kabul edilýän kanunlaryň kagyzda galýandygyny, olaryň iş ýüzünde “amal edilmeýändigini”, ýurduň oba hojalyk pudagynyň ýyl-ýyldan ünsden düşýändigini, ýerleriň we mallaryň arryklaýandygyny, olaryň aýratyn üns talap edýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Kärendeçi: TDH ýalan sözleýär, daýhanlar tozýar, döwletiň öz döreden 'ýeralma problemasy' çuňlaşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.