Türkmenistanda agyr pnewmoniýa möwç alýar, ýerli lukmanlar COVID-19 diýýärler

Ýokanç keseller merkezi, Aşgabat

Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagy möwç alýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, hususan-da Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn. Ýurt häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler.

Aşgabadyň Ýokanç keseller merkeziniň işgärleriniň gizlinlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, öýken çişmesiniň möwç almagyna degişli ýagdaý agyr, käbir hassalar oran erbet halda gelýärler, ölýänler bar.

"Keselhananyň lukmanynyň gürrüň bermegine görä, düýn Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan Nohur obasyndan gartaşan adam getirilipdir. Ol agyr dem alýardy, flýuorografiýa etmek kararyna gelindi. Emma agyr ýagdaýdady we rentgen apparatynyň ýanynda jan berdi. Onuň kim bilen kontaktda bolandygyny häzir anyklaýarlar", diýip, habarçymyz keselhananyň işgärlerine salgylanyp, habar berýär.

Lukmanlar häzir tutaşan pnewmoniýanyň COVID-19 keselinden başga zat däldigini hasap edýärler.

"Lukmanlaryň pikirine görä, munuň koronawirusdygyna hiç hili şübhe ýok. Emma test geçirmäge we koronawirus barada asla geplemäge rugsat bermeýärler. Lukmanlar garry adamlary has gorap saklamak, olaryň hiç ýere çykmazlygy barada duýdurýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy iýunda aýtdy.

Aşgabadyň Ýokanç keseller merkezinden resmi taýdan kommentariý alyp bolmady.

10-njy iýunda Azatlyk Radiosyna koronawirus bilen Lebap we Daşoguz welaýatlarynda kesellän adamlar barada ençeme maglumat mälim boldy.

Degişli maglumat COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan býujet işgärlerini barlagdan geçirýär. Aşgabatda sauna, howuz we spa hyzmatlary açyldy

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ýagdaýlaryň birinde ýerli köpugurly keselhanada anesteziolog lukmanyň şepagat uýasynda COVID-19 tapylypdyr. Ony tutuş maşgalasy bilen, şeýle-de işde kontakta bolan adamlar we ýaşaýan ýerinde käbir goňşulary bilen bilelikde karantine alypdyrlar.

Azatlyk Radiosyna şepagat uýasynyň ady we bu ýagdaýyň beýleki jikme-jikleri mälim boldy, emma biz olaryň üstüni açmakdan saklanýarys.

Çeşmämiz zenana keseliň Hytaýdan gelen student gyzdan ýokaşan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Student gyzyň ýagdaýy agyr bolup, operasiýa edilipdir, emma ýogalypdyr. Şepagat uýasy anesteziologa ýardam beripdir.

Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda COVID-19 keselinden ýogalan birnäçe adam barada maglumat gowuşdy, emma biz şol maglumatlary beýleki çeşmelerden entek doly tassyklap bilmedik.

Degişli maglumat ABŞ Türkmenistanyň COVID-19 garşy göreşi üçin maliýe kömegini artdyrýar, türkmen-eýran serhediniň açylmagy yza süýşýär

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bolmagynyň ähtimaldygyny doly ret edýärler. Üstesine, lukmanlara keseli anyklap, hasaba almaga, ilata hem koronawirusy agzamaga ýol bermeýärler.

Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýurt içinde ýokdugyny aýdýarka, halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň resmileri koronawirus barada açyk we dogry maglumat bermegiň zerurlygyna ünsi çekip, bu meselede jogapkärçilige çagyrýarlar.

"Men habarly #Türkmenistanyň hökümeti özünde COVID-19 bilen bagly ýagdaýyň ýokdugyny aýdýar - ýekejesiniň-de! Aýdyňlyk we hökümetiň hasabat bermegi jemgyýetçilik saglygy saklaýyşyndaky krizisleriň çözgüdiniň zerur bölekleri bolup durýar we hökümetleriň doly we takyk informasiýa bermek boýunça jogapkärçiligi bar" diýip ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Jeýms S.Gilmor 10-njy iýunda Twitterde ýazdy.

"Deep knowledge" toparynyň maglumatyna görä, koronawirusdan azatdygyny aýdýan Türkmenistan Merkezi Aziýada täze görnüşli koronawirus bilen baglylykda iň howply ýurt bolup durýar.

Türkmenistan BSG-niň COVID-19 keseliniň ýaýramazlygy üçin beren esasy maslahatlarynyň ençemesini berjaý etmeýär. Sosial aralygy saklamak we maska dakynyp infeksiýanyň ýaýramagyndan goranmak ýaly rekomendasiýalar Türkmenistanda düýpden ýerine ýetirilmeýär. Türkmen hökümeti ilat arasyndan koronawirus keseline barlag geçirmek boýunça işleri we olaryň netijelerini köpçülige habar bermeýär.

Degişli maglumat Türkmenistan COVID-19 boýunça howply ýurt hasaplanýar. Estoniýaly näsag ewakuasiýa edildi

Maý aýynyň ortalarynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň keselhanalaryna welaýatlardan gelip, koronawirusa mahsus simptomlar bilen ýüz tutýanlaryň köpelendigini, şeýle-de paýtagtyň gonamçylyklarynda jaýlanýanlaryň gün-günden köpelýändigini habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär