Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 13-nji maýda umumy ýygnaklaryny geçirip, Döwran Hudaýberdiýewi birleşigiň başlygy wezipesine saýladylar.
Ozal döwlet goldawyndaky telekeçileriň başlygynyň orunbasary bolan Hudaýberdiýew Aleksandr Dadaýew dynç almaga çykandan soň, onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellendi.
Ol Dadaýwiň orunbasarlygyna gelmezinden öň Aşgabatdaky golf-klubynyň gurluşyk işlerini amala aşyran "Myradym" hususy kärhanasyna ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de onuň kärhanasy Hazar ýakasyndaky "Awaza" sport toplumyny gurdy.
Il içinde prezidentiň 'gapjygy' diýip tanalan Dadaýew bu birleşige 12 ýyllap ýolbaşçylyk etdi we birden, täze möhlete başlyk saýalanandan iki hepde soňra, 1-nji aprelde, degişmeler gününde pensiýa çykyp, bir topar soragyň döremegine sebäp boldy.
Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň 'gapjygy' diýlip tanalan A.Dadaýewiň indiki derejesi 'tussag' hem bolup biler
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow häzir ýetmişden aşan Dadaýewi baryp 2002-nji ýylda, korrupsiýa aýyplamalary sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadypdy.
Emma muňa garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşigini döredende, geljekde döwlet içinde döwlete öwrüljek gurama ýolbaşçy bellemek üçin Dadaýewden ynamdar adam tapmady diýip, synçylar belleýär.
Soň Dadaýew ýurtda döredilen ikinji syýasy partiýanyň lideri hem boldy.
Prezidentiň goldawy, döwlet tarapyndan döredilen uly ýeňillikler, millardlarça dollara durýan döwlet taslamalary we ýeňillikli karzlar bu guramanyň ahyrynda S.Nyýazow döwründen bäri döwlet baştutanynyň gurluşyk 'biznesindäki' baş ýarany bolan türk firmalarynyň, şol sanda Aşgabatda Ahmet Çalykdan soň esasy iş adamlarynyň birine öwrülen Erol Tabançanyň-da ýurtdan gysylyp çykarylmagyna, Dadaýewiň birleşiginiň doly biznes monopoliýasynyň dikeldilmegine alyp geldi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Telekeçiler birleşmesine $3 milliard döwlet karzyny berdi
Netijede, Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit söwdalaryna gönüden-göni dahylly bolmasa-da, telekeçiler birleşigi Türkmenistandan eksport edilýän önümleriň ýaryndan gowragyna ilteşikli diýip bilinýär.
Emma indi, häzirlikçe tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu birleşigiň işi derňelýär.
A.Dadaýew garaşylmadyk ýerden dynç alşa ugradylanda, basym onuň garşysyna jenaýat işiniň gozgalmak ähtimallygy çaklandy, ýöne häzire çenli bu barada hiç bir resmi habar çykmady.
Ýöne hökümetdäki ynamdar çeşmäniň sözlerine görä, Dadaýew häzir walýuta alyp-çalyşmak bilen bagly uly ykdysady jenaýata ilteşikli bolmakda güman edilýär.
Degişli maglumat Prezidentiň tankydyndan soň telekeçileriň 'göç' meselesi çynyrgadyldy, işini ýitiren köpelýär
Geçirilýän derňewe Germaniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda Türkmenistandan getirilen gyzyl pullaryň 'göze ilip başlamagynyň', telekeçiligi goldamak üçin döredilen, ýönekeý adamlar üçin berk çäklendirilen konwertasiýa mümkinçiliginiň käbir telekeçiler tarapyndan 'şahsy bähbit üçin' ulanylmaygynyň sebäp bolandygy aýdylýar.
"Ýurtdaky ykdysady kynçylyk sebäpli bank ulgamlaryna sansyz çäklendirme girizilip, bank işgärleriniň yzygiderli soraga çekilýän wagtynda, Türkmenistandan çykarylan uly möçberdäki maýa goýumlary daşary ýurtlarda peýda bolup başlady" diýip, hökümetdäki çeşme ýazýar.
Onuň sözlerine görä, ýitileşen ykdysady krizis Dadaýewiň özüne ýakyn telekeçiler bilen ýewropa ýurtlaryna edýän gatnawlaryny has-da ýygjamladypdyr we daşaryk çykarylan serişdeleriň arkasynda Berdimuhamedowyň baş telekeçisine döredilen konwertasiýa mümkinçiligi ýatan bolmaly.
Emma Azatlyk häzirlikçe bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.
Şol bir wagtda, telekeçiler birleşigine başlyk saýlanan Hudaýberdiýew bu guramada 2017-nji ýyldan bäri orunbasar bolup işleýär we hem prezidentiň, hem Dadaýewiň ynamdar adamlarynyň biri hasaplanýar.
Şu aralykda "Fergana" habar gullugy 1979-njy ýylda Lebapda doglan Hudaýberdiýewiň prezidentiň doglan sebitinden däldigini, Berdimuhamedowyň ýokary wezipeleriň ählisine ahal-teke tiresiniň wekillerini bellemekde aýyplanýandygyny ýatlatdy.
Türkmenistanda S.Nyýazow döwründen bäri walýutanyň resmi we resmi däl bahalarynyň ýokary döwlet wezipelerinde işlän resmileriň onlarçasyna bikanun baýlyk toplamak mümkinçiligini döredendigi, ýöne bu ugurdaky jenaýatlaryň hiç wagt doly we açyk görnüşde derňelmändigi, hökümet başlygynyň bu ýagdaýy diňe özüne gerek bolan halatynda, güýçlenen garşydaşlaryny aradan aýyrmak üçin ulanýandygy aýdylýar.
Degişli maglumat TSTB monopoliýasy bazar kärendeçilerini telekeçilikden gysyp çykarýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.