Aşgabatda ýogalýanlar köpelýär, COVID-19 hassalary Aşgabada alnyp barylýar

Aşgabadyň gonamçylygy (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasyna welaýatlaryň keselhanalaryndan COVID-19 keselli näsaglar alnyp barylýar. Üstesine, soňky hepdelerde paýtagtda ýogalýan we jaýlanýan adamlaryň sany esli artypdyr. Bu ýagdaýy Türkmenistanyň resmi edaralarynda tassyklatmak we goşmaça maglumat almak Azatlyga başartmady. Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, Aşgabadyň ýokanç keseller merkezine welaýatlardan getirilýän hassalar bilen bagly ýagdaýlaryň biri bir hepde mundan öň bolup, koronawirusy tassyklanan iki zenan Daşoguzdan alnyp barylypdyr. COVID-19 keselli näsaglar barada Aşgabadyň ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň özünden resmi maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Çoganlyda ýerleşýän bu hassahanada COVID-19 keselli hassalaryň saklanýandygy baradaky habarlar mundan öň hem bolupdy. Mart aýynyň başynda çeşmelerimiz bu ýerde 10 gün bäri berk izolýasiýada azyndan iki sany näsagyň saklanýandygyny, olaryň COVID-19 boýunça testleriniň oňyn netije görkezendigini habar beripdi. Hassahananyň wekilleri şonda Azatlyga kommentariý bermekden ýüz öwüripdi.

Degişli maglumat Türkmenistanly student Belarusda koronawirusdan ýogaldy. Türkmen hökümeti COVID-19 temasyndan gaça durýar

Şu günki gün habarçylarymyz Aşgabatda ölýän adamlaryň sanynyň esli köpelendigini, morglaryň doludygyny, gonamçylykda täze jaýlanan ýerleriň artyp, patalaryň köp geçirilýändigini belleýärler.

"Çoganlydaky gonamçylygyň we jaýlaýan kärhanalaryň işgärleri soňky 5 hepdäniň dowamynda jaýlananlaryň köpelendigini belleýärler. Gonamçylygyň diňe bir 'rus' böleginde günde ortaça 12 adam jaýlanýar, musulman böleginde esli köp, morglar doly, prawoslaw ruhanylar yzly-yzyna merhumlaryň hatyrasyna matam çärelerini geçirýärler. Musulmanlar öz merhumlarynyň açylyp barlanmagyna garşy bolýarlar" diýip habarçymyz 12-nji maýda aýtdy.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýogalan adamlaryň ölüminiň anyk sebäplerini garyndaşlaryna aýtmaýarlar, köplenç öýken keseli diýip düşündirýärler.

"Maňa mälim bolan ýagdaýlaryň birinde gartaşan adam 9 günläp özüne gelmän soň ýogaldy. Köpüsiniň öýken keselinden ölendigini aýdýarlar. Ýene bir erkek adamy ýekşenbe güni jaýladylar, ol ýaşdy. Mundan başga-da, tanyşlarym öz garyndaşyny on gün mundan öň jaýladylar, şonda gonamçylykda jaýlamaga gelen awtoulag köpdi, nobat döredi" diýip, habarçymyz 12-nji maýda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirusyň dünýädäki pandemiýasynyň başyndan bäri bu keseliň ýurtda düýpden ýokdugyny yglan etmegini dowam etdirýärler. Şu günler dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň 4 milliondan aşan döwründe türkmen ýolbaşçylary öz aýdanlarynyň hakykata gabat gelýändigini nygtaýarlar.

Mart we aprel aýlarynda Azatlygyň çeşmeleri we garaşsyz habar serişdeleri Aşgabadyň we Türkmenabadyň keselhanalarynda koronawirusly hassalaryň saklanýandygyny ençeme gezek habar beripdi.

Bu aralykda Türkmenistanda paýtagta barýan ýollarda ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça çäreler we şäherleriň bazarlaryny dezinfeksiýa etmek boýunça işler geçirilýär.

Degişli maglumat Meredow Türkmenistanyň BSG-niň COVID-19 boýunça toparyny kabul etjekdigini aýdýar

"Aşgabadyň eteginde paýtagta barýanlaryň gyzgynyny henizem barlaýarlar, sensorly termometri adamlaryň gulagyna degrip, barlaýarlar, ony şol bir esgi bilen süpürýärler. Käbir adamlar sanitariýa ters gelýän bu barlagdan ýüz öwürýärler. Gyzgyn hemmede barlanmaýar we islegsiz geçirilýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bazarlarda dezinfeksiýa işleri belli bir tertip boýunça geçirilýär.

"Adatça bazarlaryň arassalanýan güni bolýar, aýda bir gezek. Indi bolsa, her hepdede. Daşoguz bazaryny - Azatlygy duşenbe günlerinde arassalaýarlar, optowka - Garaşsyzlygyň 15 ýyllygyny çarşenbe günlerinde, Gündogary aýyň 9, 19 we 29 günlerinde, Rus bazary 2, 12 we 29-na, Teke bazary - 3, 13 we 23", diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.

Şol bir wagtda-da, jemgyýetçilik transportyny dezinfeksiýa etmek boýunça işleriň gowşak ýerine ýetirilýändigini, adatça awtobuslaryň soňky duralgasynda içindäki tutawaçlary süpürmek bilen çäklenilýändigini habarçylarymyz belleýärler.

Türkmen häkimiýetleriniň COVID-19 garşy dezinfeksiýa çäresi hökmünde iň berk berjaý edýän çäreleriniň biri üzärlik tütetmekden ybaratdyr. Köpçüligiň barýan binalarynda gapylaryň tutawaçlaryna hlorly esgi gysdyrmak ýaly çäreleriň hem görülýändigini habarçylarymyz belleýärler.

Bu ýagdaýda Türkmenistan dünýä ýurtlarynda görülýän esasy çäreleriň käbirini, şol sanda sosial distansiýa saklamak we infeksiýadan maska dakynyp, goranmak ýaly usullardan çetde durýar. BSG-niň COVID-19 keseliniň öňüni almak boýunça esasy rekomendasiýalarynyň tersine türkmen hökümeti müňlerçe adamy gatnaşdyryp, köpçülikleýin dabaralary geçirýärler we özlerini goramak üçin maska dakynmaga synanyşýan raýatlary yzarlaýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistanda COVID-19 garşy näme ulanýarlar?

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.