Türkmenistanyň daşynda COVID-19 keselinden heläk bolan ilkinji türkmen raýaty barada habar berilýär. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan türkmen hökümeti bolsa, global pandemiýa garşy halkara göreşine degişli maslahatlara goşulýar, emma öz ilatyny bu heläkçilikli kesel bilen bagly ýagdaýdan habarly etmeýär.
Belarus mediasynyň maglumatyna görä, Gomel şäherinde medisina ugrundan okan 21 ýaşly türkmenistanly student gyz COVID-19 keselinden ýogalypdyr. Türkmenistanly gyzyň süýji keseli we böwrek hassalygy bolup, COVID-19 onuň saglygyna agyr zarba urupdyr. Bu barada 6-njy maýda «Silnyýe Nowosti» habar berýär.
Türkmen.news neşri gyzyň adynyň Bahar Babaýewadygyny we onuň 5-nji maýda Gomelde jaýlanandygyny habar berýär.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň raýatynyň ýurduň daşynda COVID-19 keselinden ýogalmagy barada köpçülige mälim bolan ilkinjisidir. Mundan öň türkmen raýatlaryna daşary ýurtlarda keseliň ýokaşmagy bilen bagly ýagdaýlar mälim bolupdy.
Martyň aýagynda Demirgazyk Kiprde türkmenistanly zenana koronawirusyň ýokaşandygy, yzýany Türkmenistana Azerbaýjandan baran paromyň 10 ýolagçysyndan koronawirusyň tapylandygy habar berlipdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 ýokdugyny aýtmak bilen, öz raýatlarynyň ýurduň daşyndaky ýagdaýy barada dymýarlar, heläkçilikli keseliň dünýä ýaýramagyna degişli habarlary hem bermeýärler. Üstesine, öz raýatlarynyň koronawirus barada geplemegine we öz saglygyndan şikaýat etmegine ýol bermezlige çalyşýarlar.
Şol bir wagtda-da ýurt resmileri COVID-19 garşy halkara hyzmatdaşlygy baradaky maslahatlara gatnaşýarlar.
6-njy maýda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Merkezi Aziýanyň saglyk ministrlikleriniň ýolbaşçylary BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň wekilleri bilen wideo arkaly gepleşik geçirip, koronawirus pandemiýasynyň regiondaky ýagdaýyny maslahat etdiler. Türkmenistan tarapyndan bu duşuşyga saglyk ministriniň orunbasary we daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşypdyr. Medisina sanlarynyň deňhukukly elýeterli bolmagy we regional ýurtlaryň ekspertleriniň arasynda pikir paýlaşmak ýaly meseler maslahat edilipdir.
Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda çap bolan bu maglumatda halkara ekspertleriniň Türkmenistana baryp, koronawirus bilen bagly ýagdaýy öwrenmegine degişli meseläniň gozgalyp-gozgalmandygy agzalmady. Türkmen resmileriniň BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň wekilleri bilen wideo gepleşigi türkmen hökümetiniň bu guramanyň missiýasynyň ýurda planlaşdyrýan sapary üçin zerur resmi çakylygy yza tesdirýän wagtyna gabat geldi.
5-nji maýday BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri Hans Klýuge Türkmenistana ekspertlerini tizden-tiz ibermäge taýýarlygyny ýene mälim etdi.
Bu aralykda halkara guramalary Merkezi Aziýa ýurtlaryny COVID-iň ýaýramagyna garşy göreş tagallalaryny güýçlendirmäge ündeýärler.
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni almak boýunça merkezi (Center for Disease Control and Prevention, CDC) Merkezi Aziýa ýurtlaryny ilatyň arasynda koronawirus testlerini geçirmegiň möçberini ýaýbaňlandyrmaga çagyrdy.
Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça müdiri Deniel Singer 6-njy maýda telefon arkaly geçiren brifingde köpçülikleýin test geçirmek arkaly "wirusyň mundan beýläk ýaýramagyny saklamak üçin, keseliň näderejede ýaýbaňlanandygyny we onuň ojaklaryny anyklap boljagyny belledi.
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni almak boýunça merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerine ilatyň saglygyny anyklamak boýunça barlaglara jemi 6,8 million dollar möçberinde pul bermek borjuny öz üstüne aldy.
Bu puldan 2,07 million dollar Özbegistana, 1,68 million dollar Gazagystana we 1,69 million dollar Täjigistana berler. Täjik hökümetine beriljek bu pul, ABŞ-nyň USAID gurmasynyň mundan öň çykaran 1 million dollarynyň üstüni ýetirer.
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni almak boýunça merkeziniň COVID-19 keseline garşy göreş üçin Türkmenistan üçin niýetleýän pulunyň mukdary mälim edilmedi.
Türkmenistan Merkezi Aziýada oz territoriýasynda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan ýeke-täk ýurt bolup galýar.
Mundan öň ABŞ Türkmenistana kornawiursa garşy göreş üçin 1 million dollar berýändigini yglan edipdi. Türkmen hökümetine berilýän bu kömek barada maglumatyň çap edilmeginiň yzýany ABŞ-nyň Keselere gözegçilik we öňüni almak boýunça merkeziniň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtlary Türkmenistanda böwetlenipdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistany tankytlaýarlar we türkmen hökümetini ilatyň ynamly maglumat almak hem zerur medisina kömeginden peýdalanmak hukugyny berjaý etmäge çagyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.