Meredow Türkmenistanyň BSG-niň COVID-19 boýunça toparyny kabul etjekdigini aýdýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow öz ýurdunyň wirusa garşy görlen çärelere syn edýän Bütindünýä saglyk guramasynyň ýörite iş toparyny kabul etmäge taýýardygyny aýtdy diýip, "RIA Nowosti" neşiri habar berýär.

Bu aralykda, BMG-niň resmisi Türkmenistanda koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň "nola deň bolmagy" ýurda taýýarlyk işlerini dowam etdirmäge we saglyk ulgamyny berkitmäge mümkinçilik berýär diýdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda COVID-19 garşy näme ulanýarlar?

"RIA Nowosti" neşiriniň habaryna görä, 8-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen brifingde Meredow BSG-niň Ýewropa býurosy bilen geçirilen soňky onlaýn gepleşiklerde Türkmenistanyň guramanyň bilermenlerini kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

"Menden soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň başlygy Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow bilen konferensiýa geçirildi. Biz Türkmenistanyň bu missiýanyň ýurda saparyny gurnamaga taýýardygyny tassykladyk. Bu ýerde hiç hili mesele ýok" diýip, rus neşiri türkmen daşary işler ministriniň sözlerini getirdi.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň BSG-niň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin barjak bolýan missiýasyny ýurda goýbermeýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

"Missiýa häzirki wagtda Täjigistanda. Planlaryň ilkinji tapgyrynda biz missiýanyň Täjigistandaky işini soňlap Türkmenistana barmagyny umyt edipdik. Biz henizem logistikany ýeňletmegiň prosesinde, ol häzirki wagtda çylşyrymly eken" diýip, Stefanie Brikman 4-nji maýda Azatlyga beren maglumatynda türkmen tarapyndan çakylyk almaga synanyşýandyklaryny we Türkmenistan bilen gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.

Wise-premýer Meredowyň sözlerine görä, häzirki wagt türkmen tarapy BSG-niň hyzmatdaşlary bilen missiýanyň ýurda gelmeginiň logistika we tehniki meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýärler. Şeýle-de, türkmen tarapy missiýa üçin gyzykly boljak edaralara saparlary guramalaşdyrýarlar.

Bu aralykda, türkmen DIM-niň websaýtynda 8-nji maýda “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” diýen temada brifing geçirilendigi habar berilse-de, ýokarda aýdylanlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Brifinge ýurduň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde ýurtdaky daşary ýurt guramalarynyň işgärleri hem gatnaşdy.

Degişli maglumat Türkmenistanly student Belarusda koronawirusdan ýogaldy. Türkmen hökümeti COVID-19 temasyndan gaça durýar

Şeýle hem bu çärä wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy diýlip, habarda aýdylýar.

Mundan başga, duşuşyga gatnaşanlaryň sözlerine salgylanylyp, “takyk hem-de sazlaşykly syýasaty netijesinde” Türkmenistan ýurtda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almagy başardy diýlip, habarda nygtalýar.

Bu aralykda, BMG-niň Türkmenistandaky koordinatory Ýelena Panowa 9-njy maýda Türkiýäniň "Anadolu" habar agentligine beren ýörite interwýusynda häzirki wagtda Türkmenistanda tassyklanan COVID-19 näsaglarynyň ýokdugyny aýtdy. Ol şeýle ýagdaýlar barada ýurduň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Bütin saglyk guramasyna habar berilmändigini belledi.

"Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň "nola deňdigini" habar berýär. Bu ýurda epidemiýalaryň ýaýramak ähtimallygyna garşy taýýarlyklary dowam etdirmäge we saglyk ulgamyny berkitmäge mümkinçilik berýär" diýip, Panowa belledi.

BMG resmisi, hökümet tarapyndan girizilen "öz wagtynda çäklendirme çäreleri", halkara uçuşlary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline ugrukdyrmak ýaly köp faktor sebäpli pandemiýanyň ýurda o diýen köp täsir ýetirmändigine ynanýandygyny hem aýtdy.

"Biz pandemiýa gutaransoň, beýleki ýurtlar ýaly Türkmenistanyň-da taýýarlyk döwründe edinen sapaklaryny we tejribesini paýlaşjakdygyna ynanýarys" diýip, ol belledi.

Şeýle-de, ol Türkmenistanda bar bolan COVID-19 testleriniň takyk sany barada resmi maglumatyň ýokdugyny, ýöne hökümetiň ýeterlik sandaky testleriň üpjün edilendigi barada habar berendigini aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistan ýokanç keselleriň ençemesini ýok edip, COVID-19-a gözegçiligi gowşatmaýandygyny aýdýar

"Karantin merkezlerinde ýaşaýanlaryň sany dinamik bir san. Ýöne [Saglygy goraýyş ministrliginiň] soňky maglumatlaryna görä, karantin merkezlerinde aglabasy türkmen ýük awtoulag sürüjilerinden ybarat bolan 200 töweregi adam bar" diýip, Panowa belledi.

Bu aralykda, "Türkmen.news" neşiri türkmenistanly bir studentiň Russiýada aradan çykandygyny habar berýär.

"27-nji aprelde Ýessentuki şäherindäki institutda okaýan, 1995-nji ýylda doglan türkmen studenti Gülsenem Galabekowa aradan çykdy. Redaksiýamyza gelip gowşan maglumatlara görä, ol pnewmoniýadan, ýagny öýken sowuklamasyndan aradan çykypdyr. Onuň ölüminiň koronawirus bilen baglydygyny ýa-da däldigini anyklamak başartmady" diýip, neşiriň 11-nji maýda çap eden maglumatynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, COVID-19 bilen bagly serhetleriň ýapyk galmagy sebäpli türkmenistanly gyzyň jesedini öz hossarlarynyň ýanyna, ýagny Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasyna ibermek tagallalary başa barmandyr.

"Gülsenem Ýessentukide jaýlandy. Studenti jaýlamak işleri şol uniwersitetde okaýan türkmen talyplary tarapyndan guramalaşdyryp amala aşyryldy. Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy ýa-da Astrahandaky konsulhanasy tarapyndan kömek berilmedi" diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi mediasy koronawirus bilen bagly ýurduň içinde we daşynda görülýän çäreler, munuň bilen bagly türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada aç-açan habar bermän gelýärler.