Türkmenistanly student Belarusda koronawirusdan ýogaldy. Türkmen hökümeti COVID-19 temasyndan gaça durýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň daşynda COVID-19 keselinden heläk bolan ilkinji türkmen raýaty barada habar berilýär. Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan türkmen hökümeti bolsa, global pandemiýa garşy halkara göreşine degişli maslahatlara goşulýar, emma öz ilatyny bu heläkçilikli kesel bilen bagly ýagdaýdan habarly etmeýär.