Aşgabat Metbugat azatlygy gününi pidalar barada dymyp garşylaýar, aktiwistler Waşingtonda ildeşlerine goldaw bildirýär

Aktiwistler Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň golaýynda tebigy hadysada ölenlere "Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun" diýen ýazgy goýýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo döwlet işgärleriniň ählisiniň garaşsyz habar beriş serişdelerini goramaly pursatynda käbir hökümetleriň bile-göre galp maglumat ýaýradýandyklaryny, takyk we peýdaly maglumatlary senzuradan geçirýändigini we garaşsyz žurnalistleri çäklendirýändigini aýtdy.

Bütindünýä Metbugat azatlygy güni 3-nji maýda, bir topar ýurtda häkimiýetleriň koronawirus pandemiýasy barada habar bermäge synanyşan žurnalistleri gorkuzmagy, ýanamagy bilen bellenilýär.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň habar beriş serişdelerinden tapawutlylykda, global pandemiýa, koronowirus sözlerini iň az ulanan habar serişdeleriniň biri boldy diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Degişli maglumat Lebapda turan tupandan soňky maglumat elýetersizligi ilaty başagaýlyga sezewar etdi


Şeýle-de olar Türkmenistanyň pandemiýa aladalarynyň arasynda daşary ýurtda, ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmen migrantlary, ýurt içinde tebigy harasatdan ejir çeken adamlar barada hiç bir maglumat çap etmän, metbugat azatlygy boýunça öz kanunlaryny-da, halkara kanunlaryny-da gödek bozmagy dowam etdirendigini öňe sürýärler.

Türkmen mediasynyň apreliň soňky günlerinde Lebap we Mary welaýatlarynda bolan güýçli harasatda ejir çeken adamlar barada dymmagyny dowam etdirýän wagtynda, sosial mediada wepat bolanlaryň we ýaraly bolanlaryň sanynyň ýüzlerçe adamdan ybaratdygy habar berilýär.

Şeýle-de, türkmen aktiwistleriniň käbiri sosial mediada öz ildeşlerine goldaw sözlerini aýtsa, käbiri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adyna ýüzlenme çap edip, ondan Türkmenistanda agyr ýagdaýda galan adamlara kömek bermegini soraýar.

Azatlyk radiosy öň tebigy hadysadan agyr zyýan çeken ýerli ilatyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan hem kömek soramakçy bolýandygyny habar beripdi.

Mundan başga, Facebookda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde Lebapda we Maryda tebigy hadysa netijesinde ýogalan adamlara gynanç bildirip, plakat galdyryp duran aktiwistleriň suratlary hem peýda boldy.

Waşington. Türkmen ilçihanasynyň öňündäki aksiýa. 2-nji maý, 2020.

Şu aralykda “Turkmen.news” neşiri tebigy hadysa netijesinde Maryda ýogalan 14 ýaşly Bägüliň suratyny çap etdi.

BMG tarapyndan döredilen Metbugat azatlygy güni pandemiýa we onuň ýaýramagyny gözegçilik astyna almak üçin girizlen çäklendirmeler baradaky maglumatlaryň ähli ýerde adamlara juda möhüm bolan wagtyna gabat geldi.

Pandemiýa arasynda “hünärmenleriň we raýat žurnalistleriniň görýän we eşidýän zatlarynyerkin habar bermekleri we öz pikirlerini aç-açan beýan etmekleri aýratyn möhüm bolup durýar"diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 2-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan 'ozup', metbugat azatlygy reýtinginde yzdan birinji boldy


Şeýle-de ol döwlet işgärleriniň ählisiniň garaşsyz habar beriş serişdelerini goramaly pursatynda käbir hökümetleriň bile-göre galp maglumat ýaýradýandyklaryny, takyk we peýdaly maglumatlary senzuradan geçirýändigini we garaşsyz žurnalistleri çäklendirýändigini aýtdy.

Pompeo ol ýa-da beýleki ýurduň göni adyny aýtmazdan, hökümetleri şeýle senzurany derrew bes etmäge we öz işleri sebäpli tussag edilen žurnalistleri boşatmaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu pandemiýanyň nädogry maglumatlaryň, saglyga zyýanly maslahatlaryň we hatda wagşy dildüwşükleriň ýokary galmagyna sebäp bolandygyny boýun aldy.

Habar beriş serişdeleri "tassyklanan, ylmy, hakykata esaslanýan habarlar we derňewler" arkaly bu bu hili toslama hekaýalara garşy durýar diýip, ol aýtdy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan ýylyň-ýylyna söz, metbugat azatlygy boýunça öz kanunlaryny we halkara kanunçylygyny gödek we yzygiderli bozýan ýurt hökmünde tankyt edilýär.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýüzärlikden soň sazak tüssesini, pürüni we külüni wagyz edýär


Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasy koronawirus pandemiýasy döwründe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri” atly köp tomly kitabyny wagyz etmegini has-da güýçlendirdi we ýüzärlik tütetmek, unaş işmek, sazak pürüni we külüni ýokanç kesellere garşy derman hökmünde ulanmak baradaky nesihatlar döwlet mediasynda giňden beýan edildi.

Şeýle-de Aşgabat bu gezekki Metbugat azatlygy gününiň öňünden koronowirus sözüni ulanmagy gadagan eden, bu sözi metbugatda iň az ulanýan ýurt hökmünde halkara habar serişdeleriniň hem ünsüni özüne çekdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan, ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin serhetleri ýapmak, uçar gatnawlaryny ýatyrmak, ýurt içinde käbir hereket çäklendirmeleri girizmek ýaly tagallalary edendigine garamazdan, ýurtda koronawirus ýokaşan hiç bir hassanyň hasaba alynmandygyny aýdýar.

Mundan başga, dünýäniň köp ýurdunda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäklendirmeleriň we petiklenmeleriň ulanylýan wagtynda, Türkmenistan köpçülik çärelerini, baýramçylyk dabaralaryny, sport

Degişli maglumat Prezidenti alkyşlamaga 'bagyşlanan' Bedew baýramçylygynda Berdimuhamedowyň at sürüsi ulaldy


ýaryşlaryny geçirmegini dowam etdirýär.

Soňky döwürde Nowruz baýramçylygy, futbol ýaryşlary, Bedew baýramçylygy ýaly köp adamly dabaralary bilen habarlara çykan Türkmenistan golaýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna hem harby parad geçirmek kararyna geldi.

Resmi maglumata görä, türkmen prezidenti GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň hem ählisinde ýubileý dabaralaryny gurnamagy we bu baýramçylyga taýýarlyk görmekde olara kömek bermegi teklip edýär.

Türkmen harbylary Aşgabatda “Halk hakydasy” ýadygärliginiň golaýyndaky meýdançada geçiriljek dabaraly ýörişe we ýörite enjamlary görkezmek çärelerine berk taýýarlyk görýärler diýip, ýurt içinden gowuşýan habarlarda aýdylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda boljak baýramçylygyň hormatyna 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary, urşa gatnaşanlaryň aýallaryny sylaglamak dabarasy hem gurnalar. Prezidentiň kararynda döwlet edaralarynyň bu çäreleriň guramaçylygyny üpjün etmegi tabşyrylýar.

Degişli maglumat Prezident "Mirasyň" başlygyny täzeledi, synçylar Berdimuhamedowyň senzurany saklap galandygyny belleýärler


Türkmenistan bir tarapdan dünýäde metbugat azatlygy boýunça taýýarlanýan hasabatlarda iň yzdaky orunlarda galmagyny dowam etdirse, ikinji tarapdan prezident Berdimuhamedowyň habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemegi we işden aýyrmagy, olara berk käýinç we soňky duýduryş bermegi, metbugatdan yzygiderli “gazanylan üstünlikler" hakynda ýazmagy talap etmegi güýçlenýär.

Bu ýagdaý türkmen mediasynyň okyjylaryny we diňleýjilerini barha kän ýitirmegien alyp gelýär. "Türkmenistanlylar ýerli media köplenç gülmek üçin seredýärler, gerek habarlaryny daşary ýurt mediasyndan alýarlar” diýip, Azatlyk bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýdýar.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň yzygiderli yzarlanmagy netijesinde, soňky ýyllarda ýurt içinden garaşsyz neşire açyk maglumat berýän žurnalist galmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.