Türkmenistanlylar Tatarystanyň "Kama" awtomobil zawodynda öndürilýän "KamAZ 6520" ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyryna alaja daňyp, olaryň uzak ýyllar hyzmat etmegini arzuw etdiler.
TDH-nyň 29-njy apreldäki habarynda täze gelen ulaglaryň anyk sany, bahalary aýdylman, şu ýyl eýýäm ýüküni özi düşürýän "KamAZ 6520" awtoulaglarynyňň 181 sanysynyň satyn alnandygy bellenýär.
Orsýetde öndürilen ýük ulaglary Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmen atynyň güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlap, türkmen halkyna onuň "parasatly ýolbaşçylygynda öňe gitmegi" arzuw etmeginiň iki gün soňundan getirildi.
Degişli maglumat Türkmenistan 250 sany “KAMAZ-6520” ýük ulagyny satyn alar
Biraz yza çekilsek, öň hem şuňa çalymdaş tötänlik boldy: Rustam Minnihanow 2017-nji ýylda ýapyk binalarda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelip, Berdimuhamedowy Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyndan soň, türkmen lideri "KAMAZ-6520" awtoulaglarynyň ýene 250 sanysyny satyn almak baradaky karara gol çekdi.
Soňky ýyllarda tatar kärdeşi Berdimuhamedowyň "saçakly gatnaşýan" syýsatçylarynyň birine öwrüldi we olaryň arasyndaky "dostluga" esaslanýan söwda has giňedi, Türkmenistan Tatarystanda öndürilýän ýük ulaglarynyň esasy alyjylarynyň birine öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.
TDH täze ulaglaryň "Türkmenawtoulaglary" agentligine degişli kärhanalara paýlanyp beriljekdigini belläp, olaryň döwlet serişdelerine we döwlet kärhanalary üçin satyn alynýandygyny gytaklaýyn tassyk edýär, ýöne hökümetiň ýük ulaglaryny beýle gyssanmaçlykda we kän satyn almagynyň sebäplerini, döwlet edarlaryna birden beýle kän ýük ulagynyň näme üçin zerur bolandygyny welin anyklaşdyrmaýar.
Döwlet baştutany geçen ýylyň iýun aýynda "KAMAZ" kompaniýasyndan jemi iki müňe golaý awtomobil we ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn almak baradaky karara gol çekdi.
Şol bir wagtda, türkmen prezidentiniň Orsýetiň ozalky premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen saklan gatnaşyklary hem Aşgabadyň Moskwa bilen aralykdaky awtoulag söwdasynyň giňeldilmegine täsir ýetirene meňzeýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Putin bilen “Aurus” awtoulaglaryny satyn alyp başlamagy maslahatlaşdy
Berdimuhamedow geçen ýyl, Hazar forumy mahalynda birden Orsýetde öndürilýän “Aurus” awtoulaglaryny satyn almaga höwesek boldy. TASS habar gullugynyň 11-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, türkmen lideri bu islegini Medwedew bilen bu awtoulagy synlandan soň mälim etdi. Soňra onuň Aşgabatda rus prezidenti Wladimir Putin bilen hem “Aurus” awtoulaglaryny satyn alyp başlamagy maslahatlaşandygy habar berildi.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ozalky sowet ýurtlarynda öndürilýän awtomobillerden, uçarlardan, harby tehnikadan we oba hojalyk maşynlaryndan daşlaşmaga, dünýä bazarynda has geçginli we gymmat tehnikalary satyn almaga başlady. Ýöne muňa garamazdan, Kazan bilen Aşgabadyň arasynda dörän ysnyşykly gatnaşyk ýurtdaky ýük ulag bazarynda öwrülişik döretdi.
Bu öwrülişik ýurtda 2012-nji ýylyň ortalaryna çenli ýörgünli bolan hytaý ýük ulaglarynyň, hususan-da "Howa" ýük awtoulagynyň gadagan edilmegi bilen mümkin boldy.
Degişli maglumat Nurmämmedow: “Howolar” ulanylsa gowy boljak
Bu gadaganlyk hytaý ýük ulaglaryny hususy hojalyklary ýa-da kärhanalary üçin karza, bergi-borja girip satyn alan we ýük daşamak bilen gazanç eden onlarça raýatyň uly zyýan çekmegine alyp geldi.
Olaryň käbiri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde "Kamaz" ýük ulaglarynyň tehniki mümkinçilikleriniň "Howa" ulaglarynyň derejesinden has pesdigini, Tatarystanda öndürilen ulaglaryň öz bäsdeşlerini diňe türkmen we tatar prezidentleriniň dostlugynyň arkasyndan gysyp çykarandygyny, bu ýagdaýyň ýurduň ýük ulaglary bilen üpjünçiligine ýaramaz täsir edendigini aýtdylar.
Türkmenistanyň prezidentiniň karar etmeginde hökümet ýolgaçy awtobuslaryny, taksileri hem yzygiderli satyn alýar we bu söwdanyň soňky netijeleri, satyn alnan tehnikalaryň türkmen ýollaryndaky çydamlylyk derejesi baradaky maglumatlar Azatlyga elýeterli däl.
Degişli maglumat Akademik Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy
Şol bir wagtda, türkmen hökümetiniň satyn alýan bronly awtoulaglarynyň köpüsiniň esasan garažlarda könelýändigi we bahasyny gowy ýitirenden soň ausiona çykarylýandygy habar berilýär. Şeýle awtoulaglaryň bir tapgyry mart aýynyň aýagynda döwlet biržasynda satuwa çykaryldy we olaryň umumy bahasynyň onlarç million dollara barabardygy habar berilýär.
2018-nji ýylda döwlet biržasy 25 sany bronly awtoulagy satuwa çykardy we synçylar Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri uly serişdä satyn alnan we garažlarda könelen awtoulaglaryň ýüzlerçe bolandygyny aýdýarlar.
Türkmenistana nobatdaky ýük ulaglarynyň getirilmegi hökümet başlygynyň dünýädäki "çylşyrymly ykdysady ýagdaýlar" bilen baglylykda ýurduň transport pudagyndaky kynçylyklary boýun alan, gurluşyklary azaltmagy karar eden wagtyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.