Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebitara maslahatlardan çeke durýan Berdimuhamedow Tatarystana bir ýyla galman ikinji saparyny edýär


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Rustam Minnihanow Tatarystanda okaýan türkmen studentleri bilen, 16-njy maý, 2012-nji ýyl.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Rustam Minnihanow Tatarystanda okaýan türkmen studentleri bilen, 16-njy maý, 2012-nji ýyl.

“Tatar-inform” neşiri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji iýunda bir günlük sapar bilen Kazana gelip, Sabantuý dabaralaryna, tatarlaryň milli baýramcylygyna gatnaşjakdygyny habar berdi,

Türkmen mediasy bu maglumaty Türkmenistanyň prezidentiniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňi barada beren habarynda bölekleýin tassyklap, öňde duran saparyň senesini, şol sanda prezidentiň Sabantuýa gatnaşjakdygyny hem aýtman saklandy.

Bu habar Berdimuhamedowyň Duşenbede 27 agzaly sebit toparynyň sammitine gatnaşmazlygynyň yz ýanyna gabat geldi we türkmen lideriniň mundan öň Merkezi Aziýa ýobaşçylarynyň Gazagystanda geçen sammitine hem ogly Serdary ibermek bilen çäklenendigini ýada saldy.

Rus mediasy W.Putin bilen Berdimuhamedowyň telefon gürrüňiniň haýsy tarapyň inisiatiwasy bilen gurnalandygyny aýtmaýar. TDH bolsa, “Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna boljak sapary köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer” diýmek bilen çäklenýär.

Türkmenistanda 2007-nji ýylyň başynda häkimiýet çalşyp, G.Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda S.Nyýazow döwründe o diýen gowy gatnaşylmadyk Azerbaýjan, Özbegistan we Gazagystan bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýup ugranda, synçylar Aşgabadyň oňyn Bitaraplyk durumyna duwlanyp, özüni üzňeleşdirmegini soňlamagyna umyt bagladylar.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanda gurlan dolandyryş ulgamynyň üzňeligi we ykdysady yzagalaklygy saklap galandygyny aýdýarlar.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, bu ýerde mesele bir adamda, iki adamda däl, eýsem gurlan sistemada. “S.Nyýazow döwründe gurlan, şahsy wepalylyk esasynda seçilen kadrlara daýanan dolandyryş ulgamynyň wekilleriniň sebitdäki uly forumlardan gaça durmakdan başga alajy ýok, sebäbi olar beýle duşuşyklara, iş gepleşiklerine, olardan peýdalanmaga taýýar däl” diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmen ykdysatçysynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri goňşy ýurtlardan edilen “gowy-gowy iş teklipleriniň” köpüsinden ýüz öwürdi, sebäbi degişli pudaklarda iş bilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deň derejede işleşip biljek kadrlar az, üstesine olara ygtyýar hem berilmeýär.

Meniň pikirimçe, bir adam dolandyryşy ýurduň ykdysadyýetini ysmaz hala saldy, sebäbi ol ukypsyzlygy döredýär we türkmen ýolbaşçylarynyň halkara ýygnaklaryna gatnaşyp bilmezligi her gezek şol ýagdaýy görkezýär” diýip, Orazow pikir edýär.

Şeýle-de ol, eger bu dolandyryş ulgamy dowam etse, Türkmenistanyň Tatarystan ýaly awtonom respublikalar bilen hem deň derejede, özara peýdaly şertlerde gatnaşyp bilmän, gaça durup başlamagynyň mümkindigini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana soňky gezek geçen ýylyň 6-njy iýulynda iş saparyna geldi we şonda oňa “Ideýa” tehnoparkyny görkezdiler. Türkmen lideri şondan soň Kazanda futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäginde agtygy Kerimguly bilen Braziliň we Belgiýanyň ýygyndy komandalarynyň bäsleşigine tomaşa etdi.

G.Berdimuhamedowyň Kazana etjek nobatdaky sapary Türkmenistanda onuň nobatdaky doglan gün dabaralaryna görülýän uly taýýarlygyň öň ýanyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG