Aşgabatly esger, Hitrowkadan noýabrda harby gulluga çagyrylan ýaş ýigit Balkan welaýatynda, Türkmenbaşy şäherinde özüni heläkledi. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň hatarynda gulluk edýärdi.
Heläkçilik düýp edarasy Aşgabatda ýerleşýän harby ulgamyň, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby birikmäniň Türkmenbaşy şäherindäki bölümleriniň birinde boldy.
Bu hadysanyň bir hepde ozal bolandygy, esger öli tapylandan soň, onuň gulluk edýän harby bölümiň komandirleriniň sorag edilip başlanandygy, häzirlikçe hiç kimiň tussag astyna alynmandygy habar berilýär.
Degişli maglumat M.Berdimuhamedow adyndaky harby bölümiň desgalar toplumy açyldy
Azatlygyň habarçysy wepat bolan esgeriň adyny, atasynyň adyny anyklamagy başarmady, has anygy, Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň Aşgabatdaky ştabynyň anonimlik şertinde gürleşen ofiseri ýogalan esgeriň adyny aýtmakdan boýun gaçyrdy.
Esgeriň gulluk edýän harby bölümi Türkmenbaşydaky sport toplumynda ýerleşýär we ol sport toplumynyň içinde özüni asan halda tapyldy diýip, Azatlygyň ynamdar çeşmesi gürrüň berdi.
"Özüni asan ýigit aşgabatly, Hitrowkadan, bu waka bir hepde öň boldy" diýip, ol aýtdy. Şeýle-de, çeşmäniň sözlerine görä, eýýämden bar günä wepat bolan esgeriň öz üstüne ýüklenýär. "Ýaşlar gowşak, ejiz bolup çykdy" diýýärler diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Degişli maglumat Prezidentiň gorag polkundaky lebaply esgeriň öz janyna kast edendigi aýdylýar
Bu waka Türkmenistandan daşardaky garaşsyz neşiriň başga bir özüni heläklän esgeriň işiniň derňewi, merhumyň özünden başga "günäkäriň" tapylmandygy barada çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
"Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, 8-nji fewralda Daşoguzdaky psihiki-newrologiýa keselhanasynda özüni heläklän esger Saparmyrat Jumabaýew hem noýabr aýynda harby gulluga çagyrylypdy.
Syzyp çykan maglumatlar S.Jumabaýewiň özüni heläklemezinden öň garyndaşlaryna gullukdaşlary we ýokary derejeli ofiserler tarapyndan yzygiderli urlup-ýenjilişi, harby bölümiň ýolbaşçylarynyň bu hili hadysalara baş galdyrmaýyşlary barada gürrüň berendigini tassyklaýar.
Emma muňa garamazdan, harby prokuratura başda bu işi bassyr-ýussyr etmäge çalyşdy, soňra bolsa diňe birnäçe adamy sorag etmek bilen çäklendi diýip, TN ýazýar.
Türkmen häkimiýetleri goşundaky agalyk, esgerleriň maýyp edilmegi, öldürilmegi ýa özüni heläklemegi bilen bagly ýagdaýlary mundan öňem gizlin saklaýardy we bu gizlinligiň soňky wagtlarda has berkidilýändigi habar berilýär.
Degişli maglumat Goşundaky sütem: Üznüksiz kemsitmeleriň sebäpleri we daýanjy nämede?
Türkmenistanda häkimiýet çalşyp, ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe aç-hor saklanan esgerleriň geýim-eşik, azyk ýagdaýlaryny gowulandyrmaga başlap, reforma wadalaryny berende, goşundaky bidüzgünçilikleriň, esgerleriň arasyndaky dedowşina, agalyk praktikasynyň azalmagyna umyt baglandy, emma sowet döwründäki sütem däpleri saklanyp galdy diýip, synçylar aýdýar.
"Ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen, goşunda gulluk edýän esgerleriň ýagdaýy, olaryň azyk üpjünçiligi hem çylşyrymlaşdy. Bu ýagdaý gowşagrak görnen esgerleriň komandirler tarapyndan nyşana alynmagyna, bozgak esgerleri küşgürmek bilen, olary öýlerinden azyk ýa pul soramaga mejbur etmek ýaly zatlaryň hem köpelmegine alyp gelýär" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, esgerler diňe komandirler, beýleki esgerler tarapyndan ezilmekden, azyk ýetmezliginden däl, sabyn, diş çotgasy, ýuwunmaga suw ýaly gündelik zerur zatlaryň ýetmezçiliginden hem kösenýärler. Üstesine, olara bu barada hiç kime aýtmak hem bolmaýar, maýyp bolsala ýa ölseler, gadagnlyk basyşy olaryň ene-etalaryna görkezilýär.
Türkmen döwlet mediasynda, hususan-da esgerleriň hökmany ýazylyp almagyna mejbur edilýän "Esger" gazetinde goşundaky agalyk, dedowşina ýa azyk problemalary hakynda hiç bir maglumat berilmeýär. Oňa derek gazetde, mysal üçin, 23-nji apreldäki sanyna seretsek, "Ýurdumyzdaky beýik sazlaşyk", "Dünýä uzaýan ýollar", "Tebigat – melhemler mekany", "Sagdyn bedene – sagdyn ruh" diýen ýaly sözbaşyly makalalar, prezidentiň suratlary üçin ýer gysganylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.