Analiz: Türkmen hökümeti öz ýalanyna özi çolaşdy

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistan esasan çöller bilen örtülendir, çöller bolsa salgymlary bilen meşhurdyr.

Çölde adamlar uzakdan köplenç suw ýa-da oazis ýaly hakykatda ýok zatlary görýärler.

Türkmen hökümeti Türkmenistanyň daşyndaky adamlardan şolary görmeklerini isleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan başlap ähli türkmen resmileriniň pikiriçe Türkmenistanda “ýok” ýok – adamlar bagtyýar, binalar owadan, gelejek ýalkymly.

Ýurduň içindäki adamlar bolsa hakykatyň başgaçadygyna gaty gowy düşünýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanda terminal krizismi?

Olaryň köpüsi heniz gutarmanka un, şeker, nagt pul almak umydy bilen dükanlaryň ýa-da banklaryň daş ýüzünde ir ertirden olar açylmanka, hatda ondan-da ozal nobata durup başlaýarlar. Käbirleri bolsa gatan çörek böleklerini gözläp, zir-zibil dörýär.

Ýurduň daşyndaky adamlaryň köpüsi ýurduň içinde bolup geçýän wakalar barada hakykaty bilýärler we türkmen hökümetiniň beýik sepgitler barada aýdanlaryna kän bir ynanyp barmaýarlar.

Ýöne golaýda kimdir biri türkmen häkimiýetleriniň aýdýanlaryna ynanaýdy we bu ýurdy daşardan geljek örän zerur ýardamdan mahrum etdi.

15-nji aprelde türkmen hökümetine tarapdar websaýt orient.tm koronawirusyň ykdysady we saglyk pudaga ýetirýän täsirini ýeňip geçmeklerine ýardam bermek üçin Ýewropa Bileleşiginiň gowşak ýurtlara 20 milliard ýewro möçberinde Ýewropa Topary atly maliýe hemaýatyny taýýarlaýandygyny habar berdi.

Bu maliýe hemaýaty Merkezi Aziýa ýurtlaryny hem öz içine alýar. Ýöne ÝB-niň bu hemaýatyndan diňe Gyrgyzystan (36 million ýewro), Täjigistan (48 million ýewro) we Özbegistan (36 million ýewro) kömek alar.

Näme üçin Gazagystan we Türkmenistan hemaýat almaýar?

Sebäbi ÝB-niň kriteriýalaryna laýyklykda, bu iki ýurduň hökümetleriniň berýän ykdysady görkezijilerine görä, olar gowşak däl.

Aslynda bu Bütindünýä bankynyň kriteriýasydyr, görnüşinden, ÝB şondan peýdalanýar.

Bütindünýä bankynyň adam başyna düşýän milli girdeji boýunça çaklamalara esaslanyp berýän reýtingine görä, “Gazagystan we Türkmenistan ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, bu ýurtlarda ortaça ýyllyk aýlyk 4,086 dollar bilen 12,615 dollar aralygyndadyr”

Türkmenistandan gaçyp çykan türkmen aktiwistleri tarapyndan Ýewropadan dolandyrylýan “Türkmenistanyň hronikasy” web-saýty 16-njy aprelde beren habarynda, türkmen hökümetiniň ýurtda ýyllyk ortaça aýlygy 7,065 dollar möçberinde kesgitländigini ýatlatdy.

Habarda bu görkezijiniň 1 dollar 3,5 manat möçberinde kesgitlenen walýutanyň ýurt içindäki resmi alyş-çalyş bahasyna esaslanýandygy bellenilýär. Manadyň hakyky hümmedini açyp görkezýän gara bazaryň nyrhy boýunça ýurta ýyllyk ortaça aýlyk haky 1,200 dollar töweregindedir.

Bellik üçin aýdylsa, bu görkeziji Türkmenistany ortadan pes girdejili ýurtlaryň sanawynyň aşaky bölegine girizerdi we ÝB-niň hemaýatyna degişli ederdi. Türkmenistan hakykatdan-da bu ýardamdan peýdalanardy.

Degişli maglumat Analiz: Türkmenistandaky režimiň häkimiýetde galmagy kime bähbitli?

Türkmenistanda ozal hem esasy azyk önümleriniň gytçylygy bardy. Bu gytçylyk 2016-njy ýylda başlandy.

Ähli goňşularynda koronawirus keseli hasaba alnan Türkmenistan häzirki wagtda serhetlerini öňküsinden-de beter has berk möhürledi. Haryt daşaýan ýük ulaglary türkmen serhediniň Eýran we Gazagystan tarapynda günläp garaşýar.

Elýeterli azyk önümleriniň we gündelik harytlaryň bahalary ýokarlanýar.

Azatlyk Radiosy paýtagt Agabatda polisiýanyň indi şäher girelgelerinde, awtobus menzillerinde, mekdeplerde we beýleki jemgyýetçilik desgalarynda adamlaryň gyzgynyny ölçemelidigini habar berdi.

Ýöne döwlet adamlaryň gyzgynyny ölçemekleri üçin polisiýa işgärlerine termometr bermedi, oňa derek olaryň özleri termometr satyn almaly edildi.

Türkmen häkimiýetleri, hususan-da halkyň çekýän jebri barada, hakykaty aýdan bolsady, belki ÝB Türkmenistana azyndan 36 million ýewro bererdi, bu, meselem, polisiýa işgärlerine termometr satyn alyp bermek üçin ýeterdi. Ýöne eger ÝB Türkmenistany şeýle hemaýat bilen üpjün etse, Bileleşigiň käbir resmilerinde Türkmenistanda kimdir birine degişli bolan nemes banklaryndaky 24-25 millard dollar töweregi pul barada sorag dörärdi.

Türkmen hökümetiniň döredýän salgymyna görä, ýurtda hemme zat gülala-güllük we ol haýyr-sahawata mätäç däl.

Muňa soňky mysal ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 6-njy aprelde “onlarça amerikan raýatyna Birleşen Ştatlara dolanmaga ýardam berendigi üçin Türkmenistana” minnetdarlyk bildirip ýaýradan beýanatydyr.

Şeýle-de, beýanatda ABŞ-nyň Türkmenistana COVID-19 pandemiýasyna gary göreşmekde “laboratoriýa sistemalaryny taýýarlamak, keselçilik ýagdaýlaryny gözläp tapmak we epidemik gözegçiligi aktiwleşdirmek, çäre görmek üçin tehniki bilermenleri taýýarlamak we taýýarlygy üpjün etmek, töwekgelçilikler barada habar bermek ýaly maksatlar üçin 920,000 dollar möçberinde saglyk ýardamyny berýändigi, şeýle-de ABŞ-nyň soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň diňe saglyk pudagyna 21 million dollar, jemi 201 million dollardan gowrak ýardam berendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp “bu maglumat ýalan” diýdi, hem-de Türkmenistanyň ABŞ kompaniýalary bilen umumy bahasy 3,5 milliard dollara barabar bolan 167 sany taslamany (şertnamany) durmuşa geçirendigini sözüne goşdy.

Bu makalada aýdylan pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.